"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Hojailiniň bagtdan paýly ili bar

Oba ýerine gelseň, üýtgeşik bir dünýä gelen ýaly bolýarsyň. Howasynyň tämizligini diýjekmi, adamlarynyň ýeňil gopup, ilgeziklik bilen salamlaşyp, hal-ahwal soraşyşlaryny diýjekmi?! Oba ilatynyň gyşyn-ýazyn, gije-gündize parh goýman, zähmet çekişlerini görüp, özüňem birtopar işleriň hyýalyna çümeniňi duýman galarsyň. Olaryň ekerançylyk ýerleriniň idegini ýetirişlerini, täze hasylyň düýbüni tutmak işleri bilen gümra bolup ýörüşlerini synlap, tizden bu ýerleriň behişdi miweleri bilen, bugdaýy, pagtasy, şalysy bilen göwünleri dokundyrjakdygyny göz öňüňe getirýärsiň. Şäheriň alkymynda ýerleşýän Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň obalarynyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuşy bilen gyzyklanyp çykan saparymyzyň dowamynda hem şeýle oý-pikirleri başdan geçirip barşyňa, bahar gülleri ýaly ünsüňi özüne çekýän ýakymly pursatlardan höwes bilen ganýarsyň, olar seniň ruhy dünýäňi heýjana getirýär. Oba ýaşaýjylarynyň zähmetsöýer keşpleri bolsa ilki bilen nazaryňa ilýär. Daýanykly daýhanlar bilen elleşip görşeniňden, olaryň idegini ýetirýän ekinleriniň hasyllaryna bolan ynanjynyň berkdigine gözüň ýetýär. Kärende ýeri bolsun, öz mellek ýeri bolsun, Hojailiniň daýhanlary yhlas bilen ene ýere hyzmat edýärler. Şol ýerinden bol hasylam alýarlar. Aýlanyp ýörşümize, şeýle adamlaryň köpüsine gabatlaşdyk, olar bilen söhbetdeş bolduk. Şolaryň birine Serdar Reýimow diýýärler. Begaryk obasynyň ýaşaýjysy, şu geňeşl

Ösüş arkaly abadan ýaşaýşa

Gadymy halkymyz owal-başdan abadan we asuda ýaşaýşy üpjün etmek ýoluna eýeripdir. Şonuň netijesinde türkmenler taryhda gurujy, dörediji halk hökmünde öçmejek yz goýupdyrlar. Şu röwşen ýol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ynamly dowam etdirilýär hem-de täze, has çuňňur many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Munuň şeýledigine geçen sanlyja ýyllarda gazanylan okgunly ösüşler, düýpli özgerişlikler aýdyň mysallar bolup biler. Olar barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda giňden durup geçdi. Bu babatda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bitirilen işler, gazanylan üstünlikler buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Olar «Döwlet adam üçindir!» hem-de «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen dünýä nusgalyk ýörelgeleriň barha rowaçlanýandygynyň ynandyryjylykly subutnamalarydyr. Ata Watanymyzy durnukly ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynda aýratyn orny eýeleýär. Taryhy mejlisde Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň tassyklamagy bilen kabul edilen «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamanyň»

Nurana ýollaryň şamçyragy

Hormatly Prezidentimiz ýaşlara ata Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garamak bilen, olaryň geljegine uly ynam bildirýär. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn kämilleşmegi, bilim derejesini, ukyp-başarnygyny ýüze çykarmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Döwrebap özgertmeleriň we innowasion ösüşiň aýdyň ýoly bilen ynamly hem-de okgunly öňe barýan ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýaşlar hakdaky alada nurana geljegiň aladasy hökmünde çemeleşilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan belent maksatly işlerini ýokary derejede dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kämil bolup ýetişmekleri barada edýän hossarlyk aladalary ajaýyp miwesini berýär. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ony dünýä ülňüleriniň derejesine ýetirmek babatda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler hormatly Prezidentimiziň bagtyýar ýaşlarymyz üçin edýän aladalarynyň aýdyň subutnamasydyr.

Durmuş ýolumyza şamçyrag

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli merdana ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, watansöýüjilik, päk ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan, ýiti zehininden syzylyp çykan ajaýyp eserleri gymmatly ruhy çeşme bolup hyzmat edýär. Bu eserler biziň her birimiz üçin durmuş mekdebidir. aşlaryň aňyna halkymyzyň milli we ruhy gymmatlyklaryny siňdirmekde, olary milli aňyýetiň esasynda terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyzyň şahsy göreldesi we döredijilik ýoly bahasyna ýetip bolmajak gymmatly çeşme bolup durýar. Çünki hut şol eserleriň üsti bilen terbiýe bermegiň köptaraplaýynlygy, ýagny, watançylyk, ahlak, maşgala, zähmet, gözellik we beden terbiýesi täsirli beýan edilýär.

Awtoulaglar gurat bolmalydyr

Diňe bir sürüjiler üçin däl, eýsem, ýol hereketine gatnaşýanlaryň ählisi üçin hem awtoulaglaryň gurat bolmagy möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Munuň özi ýollarymyzda hereketiň sazlaşykly, esasan bolsa, howpsuz, ýagny, hadysasyz bolmagyny gazanmagyň ilkinji şertleriniň biridir. Bu babatda sürüjileriň üstüne uly jogapkärçilik düşýär. Olar ulaglaryny dolandyrmaga girişmezden ozal onuň tehniki taýdan guratdygyna, hereket üçin doly taýýardygyna, ähli enjamlaryň abatdygyna doly göz ýetirmelidirler. Şonda sürüji, ilkinji nobatda, awtoulagyň dolandyryş, yşyklandyryş, duruzyş enjamlarynyň guratdygyna üns bermelidir. Şeýle-de ol hereket wagtynda howanyň ýagdaýyny, hereketiň ýygjamlygyny pugta nazarda tutmalydyr. Ine, häzirki wagtda dowam edýän bahar paslynda howa ýygy-ýygydan üýtgäp durýar, wagtal-wagtal ýagyn ýagýar. Şeýle şertlerde ýollar sürçek bolup, garagörnüm kemelýär. Şol sebäpli sürüjiler ulaglaryny ünsli we seresaply dolandyrmalydyrlar. Şonda tizlik, ozup geçmek kadalaryny berjaý etmäge has jogapkärli çemeleşmek zerurdyr. Bu talaplaryň berjaý edilmezliginiň ýol-ulag hadysalarynyň ýüze çykmagyna getirip biljekdigini unutmaly däl. Sürüjileriň ünsüni ýene bir meselä çekmekçi bolýarys. Ol bolsa awtoulaglaryň arassa bolmagyny gazanmak bilen baglydyr. Awtoulaglaryň daşky görnüşi hem obadyr şäherlerimiziň gözel keşpleri bilen sazlaşmalydyr.

Ajaýyp döwrüň döwletli tutumlary

Gülläp ösýän we özgerýän ata Watanymyzda her bir günümiz ýaşaýşymyzyň mundan beýläk-de gowulanmagynda oňyn täsiri bolan tutumly başlangyçlara beslenýär. Berkarar ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny ösdürmekligi nazarlaýan düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Muňa eşretli durmuşyň hözirini görýän raýatlarymyzyň buýsanjynyň çäginiň ýokdugyny bellemek aýratyn ýakymlydyr. Täze taryhy eýýamda döwletli tutumlar hormatly Prezidentimiziň agzybir halkyna, eziz ýurduna bolan söýgi-sarpasynyň, döredijilikli zähmetiniň miwesidir. Halkymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özgertmelerini goldaýar, olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Sebäbi şol özgertmeleriň özeninde halkyň nurly geljegi, eşretli ertiri durýar. Netijede, berkarar Diýarymyzyň ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly, demokratik ýurt hökmünde dünýäde eýeleýän orny öňküdenem pugtalanýar.

Äleme ýaň salýar Änewiň ady

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy sişenbe güni Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda bolup, ol ýurdumyzyň dost-doganlygyň, parahatçylygyň, toý-baýramlaryň mekanydygyny äleme aýan etdi. Şol gün «Nowruz ýaýlasy» hakyky baýramçylyk keşbine beslendi. Dabara gatnaşmak üçin bu ýere gelenler joşgunly aýdym-sazly çykyşlar bilen garşylandy. Hatara düzülen ak öýleriň ýanynda guralan dürli çäreler halkymyzyň gadymy ýörelgeleriniň dowamat-dowam bolýandygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezdi. Gözel ýaýlada dabara gatnaşýan ýurtlaryň wekilleriniň sergi diwarlyklarynyň hem ýaýbaňlandyrylmagy dost-doganlygyň barha rowaçlyklara beslenýändiginiň güwäsine öwrüldi.

Nurana geljege ynam döredýän güýç

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryny öz içine alan düýpli we giň gerimli özgertmeler üstünliklere beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan gözbaş alýan bu özgertmeler ýurdumyzyň geosyýasy, ykdysady serişdeler mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga ýardam berýär. Munuň şeýledigini ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmakda, sebitleri innowasiýa esasynda ösdürmekde, telekeçiligi goldamakda gazanylýan üstünliklerde doly görmek bolýar. Bu ösüşlerde kämil hukuk resminamalary möhüm orny eýeleýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy durnukly ösüşiň, abadan we bagtyýar durmuşyň hukuk esasyny düzýär. Adamyň we raýatyň hukuk larynyň konstitusion kepillikleri agzybir, zähmetsöýer halkymyz üçin nurana geljege, ösüşli ýollar bilen öňe gitmäge berk ynam döredýän güýçdür. Berkarar Watanymyzda döwletiň, hukuk ulgamynyň we hukuk tertibiniň esasy binýady bolup durýan Esasy Kanunymyzda ýurdumyzyň raýatlarynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy boýunça kepillikleriň mynasyp beýanyny tapmagy aýratyn buýsançlydyr. Munuň özi merdana halkymyzy ösüşiň täze sepgitlerine ýetmäge ruhlandyrýar.

Beýik ösüşler — täze üstünliklere badalga

Täze taryhy eýýamda beýik ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda bagtyýar raýatlarymyzyň bähbidine gönükdirilen tutumly işleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da gowulanýar. Merdana halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi bolsa, ata Watanymyzyň ösüş strategiýasynyň baş maksadydyr. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda amala aşyrylýan iri möçberli döwlet maksatnamalarynyň halkymyzyň bagtyýar durmuşda bolelinlikde ýaşamagyna, milli ykdysadyýetiň, önümçiligiň çalt we durnukly depginler bilen ösmegine amatly şertleri döredýändigini aýratyn belläp geçýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», şeýle hem «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeler hem-de ähli ugurlarda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler möhüm ähmiýete eýedir. Olar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgelerine esaslanýar hem-de halk baradaky aladany özünde jemleýän maksatlara ýetmekde täze mümkinçilikleri açýar.   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konseps

Il-ýurt bähbitli işler

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler ýurdumyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende galdyrýar. Ýurduň ykdysady ösüşiniň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, abadan hem eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer şygarynyň dabaralanýandygyny görkezýär. Taryhy ösüşleriň amala aşyrylýan zamanasynda döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän, bellenen döwürde anyk wezipeleri öňde goýýan maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň geljekki ösüşleri bilen berk baglanyşyklydyr. Şu maksatdan ugur alnyp, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda tutumly işler amala aşyrylýar. Geçen ýylda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda we beýleki ugurlarda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul edilen «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» täze üstünliklere badalga berdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda dürli maksatly ençeme desgalaryň, binalaryň gurluşygyna badalga berlip, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, döwletiň maýa goýumlarynyň netijel

Bagtyýarlygyň ýoly bilen

Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ösüşiň aýdyň ýoly bilen röwşen geljege tarap ynamly öňe barýar. Ähli ugurlarda gazanylýan ösüşler, ýetilýän belent sepgitler ýurdumyzyň has-da kuwwatlanmagyna, halkymyzyň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Il-ýurt bähbitli beýik işleriň netijesinde bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar, Diýarymyzyň şan-şöhraty, abraý-mertebesi dünýä dolýar. Ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanýandygyny gurluşyk, senagat, oba hojalyk pudaklarynyň mysalynda hem görmek bolýar. Güneşli Diýarymyzda daşarky bazarlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde, şol  sanda eksport ugurly harytlaryň täze kuwwatlyklaryny döretmekde, oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny gurmakda, ýurdumyzyň sebitlerini hemmetaraplaýyn ösdürmekde durmuşa geçirilýän uzak möhletleýin maksatnamalaryň rowaçlyklara beslenýändigi aýratyn bellärliklidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri — halkymyzyň taryhynda ösüşli zamana. Şeýle ajaýyp döwürde amala aşyrylýan toplumlaýyn işler bagtyýar ýaşlarymyzda şöhratly geçmişimize, eşretli şu günümize hem-de röwşen geljegimize bolan buýsanjy artdyrýar.

Aýdyň wezipeleri nazarlap

Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ägirt uly üstünlikler gazanylýar. Bu bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň abadan, bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşamagynyň, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli ýokarlanmagynyň bähbidine durmuşa geçirýän döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň güwäsidir. Berkarar döwletimizde geçen ýylda hem ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetildi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň köptaraply özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmakda möhüm tapgyr bolandygy barada hormatly Prezidentimiziň 9-njy fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde 22-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde giňişleýin gürrüň edildi. Döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň jemine bagyşlap geçiren giňişleýin mejlisde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» tassyklamak hakynda Karara gol çekmegi bolsa üstümizdäki ýylda has uly sepgitleriň nazarlanýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Ýylyň şanly wakasy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda uly ösüşler gazanylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir ýyly şanly hem taryhy wakalara beslenýär. Üstümizdäki ýylyň şeýle wakasy hökmünde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny buýsanç bilen görkezip bileris. Türkmeniň milli buýsanjyna öwrülen Gündogaryň beýik akyldarynyň we şahyrynyň şanly senesi mynasybetli guralýan dürli çäreleriň häzirki günlerden dünýäniň çar künjegini gurşap alandygy bolsa aýratyn guwandyryjydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «2024-nji ýyl beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak şanly senelere beslener. Biz halkymyzyň özboluşly däp-dessurlarynyň, taryhy-medeni mirasynyň goralyp saklanmagyna, ylmy esasda çuňňur öwrenilmegine we wagyz edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatymyzy mundan beýläk-de dowam etdireris» diýip, türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda aýratyn nygtamagy-da bu möhüm senäniň döwletimiziň we halkymyzyň durmuşynda taryhy ähmiýete eýedigini bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Halkymyzyň öz beýik şahsyýetlerine çäksiz hormat-sarpa goýýandygyna şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagynyň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Üç asyr bäri şygyrlarynda öňe süren pähim-paýhasly öwüt-ündewleri türkmen halkynyň durmuşynda ýol-ýörelge bolup gelýän dana şahyrymyzyň

Belentdir zenan sarpasy

Häzirki çalt depginler bilen ösýän, ylmyň, tejribäniň hem-de täzeçillikleriň biziň dünýämize çalt ornaşýan döwründe zenanlaryň eýeleýän mynasyp orny durmuşyň islendik ugrunda aýdyň görünýär. Hususan-da, syýasy giňişlikde zenanlar ukyp-başarnyklary bilen özleriniň işjeňligini görkezýärler. Bu bolsa jemgyýetde aýal-gyzlaryň zähmetine, bilimine hem-de tejribesine uly ynam bildirilýändiginiň, ýokary baha berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki döwürde zenanlaryň syýasy-hukuk derejesi erkek adamlar bilen deňdir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hem zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan işlere deňhukukly gatnaşmagyna ýardam berýän işjeň gender syýasaty üstünlikli alnyp barylýar. Bu ýörelge, ozaly bilen, müňýyllyklaryň dowamynda ata-babalarymyzyň zenany söýmek, olary hormatlamak düşünjesi bilen gabat gelse, ýene bir tarapdan, zenanyň öz el hünäri, ussatlygy, zehini, gaýratlylygy bilen gazanan derejesidir, öz-özüni ykrar etdirmesidir. Şonuň üçin hem täze taryhy eýýamyň zähmetsöýer zenanlary halkymyzyň milli ruhy gymmatlyklaryny, dünýä nusgalyk däp-dessurlaryny döwrebap derejede dowam etdirmek bilen, döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän möhüm wakalara işjeň gatnaşýarlar. Ýurdumyzda aýallaryň erkekler bilen deň hukuklaryny üpjün etmekde hem-de goramakda amala aşyrylýan giň ger

Ýagşa ýaran bolan şahyr

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna «Adyň dünýä doldy, dana Pyragy»  atly bäsleşige

Keşbiň bardyr

Gözel Gerkez obamyzda,Dagda nurly keşbiň bardyr.Zehiniňe älem haýran,Dünýä dolan yşkyň bardyr. Paýhaslaryň ýol-ýörelge,Beýik mekdep hem görelde,Ylahy ylham bar Sizde,Kalpda guran köşgüň bardyr.

Arzuwlary hasyl bolan akyldar

Ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzda halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden gymmatly taryhyny, edebi, medeni baýlyklaryny öwrenmäge giň ýol açyldy. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede bellenilmegi örän guwandyryjydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy halkymyzyň ýürek töründe orun aldy. Üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip atlandyrylmagy hem beýik şahyra bolan sylagyň-hormatyň nyşanydyr. Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny nurlandyran Magtymguly Pyragynyň şygryýet älemi düýpsüz ummandyr. Onuň goşgularynyň her bir setirinde çuňňur many bar. Şahyryň baý döredijilik mirasy halkymyz üçin ruhy gymmatlygyň, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeniýetiň aýrylmaz bölegidir. Ajaýyp zamanamyzda akyldaryň pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary dünýä dillerinde ýaňlanýar. Magtymgulynyň döredijiliginde watançylyk, gahrymançylyk, agzybirlik, il-ýurt hakyndaky şygyrlar uly orun eýeleýär. Şahyr öz ýurduny, halkyny ýürekden söýüpdir, berkarar döwlet gurup, agzybirlikde, jebislikde ýaşamagy arzuw edipdir.

Ýazyň ýakymly günleri

Toýdur baýramlara beslenip gelen ýaz paslynyň ajaýyp günleri mekdep okuwçylaryna ýazky dynç alyş möwsümini hem alyp geldi. Ýazyň ýakymly günleri çagalaryň ýüreklerine nur çaýýar. Ýurdumyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesiller bahar paslynyň dynç alyş günleriniň her pursadyny şatlyk-şowhuna beslediler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew batly öňe barýan ýurdumyza tämiz howasy bilen al-ýaşyl bürenip gelen bahar paslynyň ajaýyp günlerinde sapaly dynç alyp, wagtlaryny şatlykly geçiren, saglyklaryny berkiden okuwçylar ertir okuw ýylynyň dördünji çärýegine gadam basarlar.  «Bu günki gün ylym-bilim, sport, medeniýet, sungat ugurlarynda dünýäde uly üstünlikleri gazanýan türkmen ýaşlarynyň döwletimiz tarapyndan özlerine bildirilýän belent ynamy ödeýändiklerine buýsanýarys» diýip nygtaýan, okamak, öwrenmek üçin ähli mümkinçilikeri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaş nesillerimiziň alkyşlary egsilmeýär.

Baharyň waspy

Bahar gelse eziz Diýar,Görklenýär öňküsindenem.Şonda deň-duşlarym bilen,Seýil edesim gelýär meňem. Seýran etsek daglarymyza,Gaýalary, kertleri bar.Gygyrsaň sesiň ýaňlanar,Derelerniň görkleri bar.

Änew — tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty

26-njy martda Ak bug­daý et­ra­bynyň «Now­ruz ýaý­la­syn­da­ky» «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­syn­da Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek çä­re­le­re ba­dal­ga ber­mek da­ba­ra­sy bol­dy. Şol gün «Now­ruz ýaý­la­syn­da» giň ge­rim­li baý­ram­çy­lyk ýag­da­ýy eme­le gel­di. Da­ba­ra­la­ra gat­naş­mak üçin bu ýe­re Hö­kü­met ag­za­la­ry, Mej­li­siň, Halk Mas­la­ha­ty­nyň, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň, da­şa­ry döw­let­le­riň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýur­du­myz­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri ýyg­nan­dy­lar. Hor­mat­ly myh­man­la­ryň ha­ta­ryn­da «Ga­dy­my Änew me­de­ni­ýe­ti» at­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­ta, «Türk­men top­ra­gy — ga­dy­my si­wi­li­za­si­ýa­la­ryň mer­ke­zi» at­ly met­bu­gat mas­la­ha­ty­na, «Türk­me­nis­tan­da sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry we müm­kin­çi­lik­le­ri» at­ly hal­ka­ra mas­la­ha­ta gat­naş­mak üçin ýur­du­my­za ge­len Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­nyň we onuň dü­zü­mi­ne gir­ýän Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň (TÜRK­SOÝ), Tür­ki döw­let­le­riň Par­la­ment As­samb­le­ýa­sy­nyň, Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň we mi­ra­syň gaz­na­sy­nyň, Ha