Arzuwlary hasyl bolan akyldar

27 Mart 2024
278

Ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzda halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden gymmatly taryhyny, edebi, medeni baýlyklaryny öwrenmäge giň ýol açyldy. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede bellenilmegi örän guwandyryjydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy halkymyzyň ýürek töründe orun aldy. Üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip atlandyrylmagy hem beýik şahyra bolan sylagyň-hormatyň nyşanydyr.

Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny nurlandyran Magtymguly Pyragynyň şygryýet älemi düýpsüz ummandyr. Onuň goşgularynyň her bir setirinde çuňňur many bar. Şahyryň baý döredijilik mirasy halkymyz üçin ruhy gymmatlygyň, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeniýetiň aýrylmaz bölegidir. Ajaýyp zamanamyzda akyldaryň pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary dünýä dillerinde ýaňlanýar. Magtymgulynyň döredijiliginde watançylyk, gahrymançylyk, agzybirlik, il-ýurt hakyndaky şygyrlar uly orun eýeleýär. Şahyr öz ýurduny, halkyny ýürekden söýüpdir, berkarar döwlet gurup, agzybirlikde, jebislikde ýaşamagy arzuw edipdir.

Meretbibi Döwletowa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň maliýe-ykdysady bölüminiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar