Nurana ýollaryň şamçyragy

27 Mart 2024
451

Hormatly Prezidentimiz ýaşlara ata Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garamak bilen, olaryň geljegine uly ynam bildirýär. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn kämilleşmegi, bilim derejesini, ukyp-başarnygyny ýüze çykarmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Döwrebap özgertmeleriň we innowasion ösüşiň aýdyň ýoly bilen ynamly hem-de okgunly öňe barýan ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýaşlar hakdaky alada nurana geljegiň aladasy hökmünde çemeleşilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan belent maksatly işlerini ýokary derejede dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kämil bolup ýetişmekleri barada edýän hossarlyk aladalary ajaýyp miwesini berýär. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ony dünýä ülňüleriniň derejesine ýetirmek babatda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler hormatly Prezidentimiziň bagtyýar ýaşlarymyz üçin edýän aladalarynyň aýdyň subutnamasydyr.

Aýnur DOSMEDOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar