Bagtyýarlygyň ýoly bilen

27 Mart 2024
337

Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ösüşiň aýdyň ýoly bilen röwşen geljege tarap ynamly öňe barýar. Ähli ugurlarda gazanylýan ösüşler, ýetilýän belent sepgitler ýurdumyzyň has-da kuwwatlanmagyna, halkymyzyň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Il-ýurt bähbitli beýik işleriň netijesinde bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar, Diýarymyzyň şan-şöhraty, abraý-mertebesi dünýä dolýar. Ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanýandygyny gurluşyk, senagat, oba hojalyk pudaklarynyň mysalynda hem görmek bolýar. Güneşli Diýarymyzda daşarky bazarlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde, şol  sanda eksport ugurly harytlaryň täze kuwwatlyklaryny döretmekde, oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny gurmakda, ýurdumyzyň sebitlerini hemmetaraplaýyn ösdürmekde durmuşa geçirilýän uzak möhletleýin maksatnamalaryň rowaçlyklara beslenýändigi aýratyn bellärliklidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri — halkymyzyň taryhynda ösüşli zamana. Şeýle ajaýyp döwürde amala aşyrylýan toplumlaýyn işler bagtyýar ýaşlarymyzda şöhratly geçmişimize, eşretli şu günümize hem-de röwşen geljegimize bolan buýsanjy artdyrýar.

Şadurdy Gowşakow,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar