Ösüş arkaly abadan ýaşaýşa

27 Mart 2024
484

Gadymy halkymyz owal-başdan abadan we asuda ýaşaýşy üpjün etmek ýoluna eýeripdir. Şonuň netijesinde türkmenler taryhda gurujy, dörediji halk hökmünde öçmejek yz goýupdyrlar. Şu röwşen ýol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ynamly dowam etdirilýär hem-de täze, has çuňňur many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Munuň şeýledigine geçen sanlyja ýyllarda gazanylan okgunly ösüşler, düýpli özgerişlikler aýdyň mysallar bolup biler. Olar barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda giňden durup geçdi. Bu babatda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bitirilen işler, gazanylan üstünlikler buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Olar «Döwlet adam üçindir!» hem-de «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen dünýä nusgalyk ýörelgeleriň barha rowaçlanýandygynyň ynandyryjylykly subutnamalarydyr. Ata Watanymyzy durnukly ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynda aýratyn orny eýeleýär. Taryhy mejlisde Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň tassyklamagy bilen kabul edilen «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamanyň» ähmiýetine ünsi çekip, onda kesgitlenilen anyk wezipeleriň üstünde giňden durup geçdi. Şanly ýyl üçin kabul edilen Maksatnamada eziz Diýarymyzyň ilatynyň bagtyýar we abadan ýaşaýşyny üpjün etmek, ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň ýolunda möhüm taslamalary durmuşa geçirmek bellenilýär. Il-ýurt bähbitli işleriň ýurdumyzyň ähli sebitlerini, şol sanda Lebap welaýatyny hem giňden gurşap alýandygy guwandyryjy ýagdaýdyr.

Milli Liderimiz bu Maksatnamanyň, ilkinji nobatda, durmuşy ugra gönükdirilendigini nygtamak bilen, bellenilenleri durmuşa geçirmek üçin ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, zähmet gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak, maşgalany, eneligi, çagalygy goramak, ýaşlary goldamak ýaly meselelere degişli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça degişli işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz durmuş goraglylygyny ygtybarly üpjün etmegiň çäklerinde howandarlyga mätäçlere hemaýat bermek işini ösdürmegiň, döwletiň her bir adamyň, ylaýta-da, çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek babatdaky başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan berkitmegiň möhümdigini nygtady.

Sapa PIRGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan.
Beýleki habarlar