«Magtymguly, aşyk messan...»
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi durmuşyň hemme tarapyny öz içine alýar. Şonuň üçinem onuň şygyrlary adamlara ruhy güýç, ylham berýär. Öwüt-nesihat goşgulary ynsanlaryň watansöýüjilik, ynsanperwerlik, belent ahlaklylyk sypatlaryny kämilleşdirmäge ýardam etse, yşky-liriki goşgulary söýgi atly näzik duýga mukaddeslik hökmünde garamagy öwredýär. Bu bolsa her bir adam, hususan-da, ýaşlar üçin ajaýyp terbiýe mekdebidir. Şygyrlaryndan hem mälim bolşy ýaly, Magtymguly ýaşlygyndan Meňli atly gyzy söýüpdir. «Magtymguly, aşyk messan, // Bagladym şanyna dessan...» diýip, näzli dildaryna sözleriň ajabyndan-ajabyny saýlap, çemen bogan şahyr özüniň yşky-liriki goşgularynda päk söýgini, ylaýta-da, Meňli gyzyň gözelligini, edep-ekramyny, serwi kamatyny ussatlyk bilen wasp edýär. Muny «Meňzemez» atly şygryndaky: