Pyragynyň şygyrlary — terbiýe mekdebi

24 Aprel 2024
303

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe taryhy kökleri müňýyllyklara uzaýan milli medeniýetimizi, däp-dessurlarymyzy ösdürmeklige, nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň adyny ebedileşdirmeklige, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmaklyga aýratyn uly üns berilýär. Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýan dürli çäreleriň mysalynda hem muňa aýdyň göz ýetirýäris.

Dana Pyragynyň döredijiligi giden bir ummandyr. Hormatly Prezidentimiz: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýip, jaýdar belleýär.

Timar Annagurbanow,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň usulyýetçisi.
Beýleki habarlar