Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesinde “Türkmen halkynyň milli buýsanjy—zamanaň guwanjy türkmen bedewi” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Etrap häkimliginiň, etrabyň medeniýet bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabara şatlyk-şowhuna beslendi.