Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi

24 Aprel 2024
306

Düýn Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde sähra şertlerinde uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň 60 kilometrlik menzili oňa gatnaşan 20 bedewiň içinden iň çydamlylaryny saýlady.

Ir bilen etrabyň çäginde ýerleşýän «Nowruz ýaýlasynyň» golaýynda — atly ýörişiň badalga alýan ýerinde baýramçylyk ruhy höküm sürdi. Bu ýerde welaýatyň medeniýet we sungat işgärleri, döredijilik toparlary joşgunly aýdym-sazlary we tanslary ýerine ýetirdiler. Ussat seýisleriň, çapyksuwarlaryň, atçylyk pudagynyň hünärmenleriniň, mugallymlarynyň, şeýle hem bu ugurda bilim alýan talyp ýaşlaryň ýaryşa gatnaşmagynda ýola düşen bedewleriň geçmeli menzili baharyň al-elwan güllerine beslenen türkmen tebigatynyň gözel ýerleri, Köpetdagyň ajaýyp dag eteginiň ugry boýunça uzady.

Begli ABDYKADYROW.
Surata düşüren Meretdurdy ROZYÝEW.
Beýleki habarlar