"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Zemin jümmüşine syýahat (Roman)

(Dowamy. Baş­lan­gy­jy žur­na­lyň ge­çen sanlaryn­da). Žýul WERNfransuz ýazyjysy

Söýüň enelerimizi

Mähriban enelerimiziň dünýäsine aralaşdygyňça olaryň iň sabyr-kanagatly ynsanlardygyna göz ýetirýärsiň. Eje bolan gelniň hut şol gün ähli hüý-häsiýetiniň üýtgäp, onuň kalbyna giňligiň, mähriň, çäksiz söýginiň aralaşýandygyny zenanlar bilýändir. Ol zenan sähel wagt mundan ozal hem özüniň öňki endik edinen häsiýetleriniň nirädir bir ýerlere ýitip gidendigine göz ýetirýär. Mysal üçin, ozal sähel galmagala darygýan, köpçülik ýerlerinden daşlaşanyny kem görmeýän gyz-gelinler eje bolanlaryndan soň, dynman aglaýan çagalaryny bagryna basyp, oňa ukusyz gijelerini bagyş edip oturandyr. Eje bolan gelinleriň käbiri düýnki lälijek gyzdygyna garamazdan, bu gün ak daňlary hüwdi bilen garşylap, nahara-şama wagt tapmasalar-da, sabyr-kanagatyň, giňligiň beýik nusgasy bolup gelýärler. Olara bu duýgular Arşdan inýän ylahy güýç bolany üçin, ol çäksizdir, tükeniksizdir. Eneleriň mähirden doly ýüregi çagalarynyň ähli garagollugyna, kesirligine-ketjallygyna, kakabaşlygyna, näz-kereşmesine döz gelýär. Olar çagalarynyň ähli ýetmezlerini özlerinde bar bolan ummasyz uly enelik söýgüsi bilen gowy tarapa özgertmegi başarýarlar. Şonuň üçin hem şahyr Berdinazar Hudaýnazarowyň «Ene goşgusynda» şeýle diýilýär:

Köňül owazy

Adamzadyň hemişelik ýoldaşy,Mukaddes aýdymlar, ajaýyp sazlar.Sagdynlygyň, beýik ruhuň syrdaşy,Mukaddes aýdymlar, ajaýyp sazlar. Aşyk Aýdyň, Baba Gammar pir bolan,Beýik gudrat, ylahydan nur bolan,Ylham berip, köňüllere tar bolan,Mukaddes aýdymlar, ajaýyp sazlar.

Şygryýet bossany

Jogap Körpeleriň şüweleňi başlandy,Dabaranyň sesi galdy asmana.Adamlaň şatlygy gursagna sygman,Gyssandylar balalara bakmana.

Türkmen oýunlarynyň ähmiýeti

Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda ulanan we biziň günlerimize çenli gelip ýeten milli oýunlary öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar we häzirki günlerde hem ruhy medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Milli oýunlar ähli halklaryň medeni mirasy bolmak bilen birlikde, şol halklaryň taryhy, edim-gylymlary barada hem maglumat çeşmesi bolup durýar. Şol oýunlaryň üsti bilen halkymyzyň özboluşly dünýägaraýşyny-da, milli ruhuny-da öwrenmek bolýar. Milli oýunlaryň beden, akyl, zähmet terbiýesini bermekde hem uly ähmiýeti bardyr. Dana ata-babalarymyz ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek üçin dürli terbiýeçilik usullaryny ulanypdyrlar. Şolaryň içinde iň täsirlileriniň biri hem türkmen durmuşynda öz ornuny tapan milli oýunlardyr.

Dostlugyň gymmaty (rowaýat)

Ençeme ýyllap birek-biregi sylap, sarpalap gatnaşyp ýören ýegre dostlaryň arasy bozulýar. Olaryň dostluk gatnaşyklary kesilýär-de her haýsy öz maşgalasy, iş-aladasy bilen gümra bolup ýaşaberýär. Olaryň biri her sapar dostluk hakynda gürrüň etseler, beýlekisini ýaramaz häsiýetlendiripdir. Beýlekisi welin hiç bir ýerde köne dostuny ýamanlamandyr. Tersine, ol hakda gürrüň etseler, dostunyň akýüreklidigini hem-de gaýratly, işbaşarjaň adamdygyny nygtapdyr. Bir gürrüňçilikde obadaşlary ondan köne dostunyň ony hemişe ýaramaz adam hasaplaýandygyny aýdyp, onuň bolsa näme üçin hemişe dostuny öwýändigini sorapdyrlar. Onda ol şeýle diýipdir: — Men ony öwemok-da bolşy ýaly suratlandyrýan. Biziň ençeme ýyllap dostluk gatnaşygyny saklanymyzy, köp ýerlerde duz-emek bolanymyzy hemmäňiz bilýärsiňiz. Obanyň ähli toýlarynda bile şatlandyk, kyn günlerimizde birek-biregi goldadyk, uzak ýollara ýoldaş bolduk. Meniň onuň bilen geçiren her bir pursadymy hemişe iň bir bagtyýar günlerim hasaplaýaryn. Sebäbi arkamda dag ýaly bolup duran, kyn günümde kömek etmäge taýýar dostum bardy. Şeýle ynamdar, mert dostumyň bardygyna öz ýanymdan diýseň guwanýardym. Şonuň üçin biz birek-birege uly sarpa goýýardyk.

Arzuwlar nirede ýaşaýar? (Oýlanma)

Men onuň döreýşinem, ýykylyşynam gözüm bilen gördüm. Ýöne mesgenini welin, eger-eger, bilebilmedim. Ýaşynam aýdybilmen. Ol hakda kän kişiden soradym. Şonça-da hekaýa diňledim. Hemmelerem onuň öýüniň ýürekdedigini aýtdylar. «Onda onuň terk edip gitmesi nämeden?» diýdim. Dymdylar. Şeýdibem, ol ýene syrlylygyna galdy. Iň ýamanam, onuň «Agyl doly akja guzy, ertir tursam, ýokja guzy» bolýanlygy. Şonda-da özüni bilen oňa garaşjakdan. Käwagtlar, ýazgytdan gaçyp bolmaýşy ýaly, onuňam ýazylandan çykyp bilmeýänligi hakda oýlanýaryn. Belki, ony beýle ýepbeklemeli hem däldirin. Bu soragy-ha, asyl, bermesem, gowy bolardy. Onuň nirede gününi ötürýäninden, hasyl bolany has derwaýys dälmi? Üstünden wagtdan başga zat bilen baryp bolmaýandygyny aýtsalar hem howlugylaýýar. Ýeri, bolýar, goý, gizlenýän-ä ol bolsun, gözleýänem men.

Duýguly dünýä

GOŞGULARYM BOÝUNÇA... Söýüň meni goşgularym boýunça!Şol söýgüden tapaýyn men nep baryn.Men goşgy ýazmasam — düwülen gunça,Ýazsam — gül men, goşgularym — nektarym.

Şygryýet bossany

GITSEM... Dogrumyka, saňa beren derdimiGözýaşlaryň köşeşdirse gutaryp?!Seň ýanyňdan alyp gaýdan ýodajykÝylgynlyga siňip gitdi utanyp.

Şygryýet çemeni

ARZ Eý, meniň göwnümiň hoşy,Saňa ybadata geldim.Ýazygyn ýazdyran ykbal —Takdyr mynajata gelsin.

Gar

Guş deý gaýyp,Uçagan gar.Gökden ýereGaçagan gar.Güne öwşünAçagan gar.Aglap, gözýaşSaçagan gar. Arassaçyl

Çigildem gülüniň dessesi

Annamyrat bu günem hemişekileri ýaly ir turup, mellekde güýmenýärdi. Yzgary ýetik toprakdan jana şypaly serginlik göterilýärdi. Şeýle ajaýyp çagda tebigatyň ýüzi täzelenen ýaly bolup duýulýardy. Elindäki gaýçysy bilen baglary timarlaýan Annamyrat keýwanysynyň ýanyna nähili gelenini-de duýmady. Alyn saçlarynda ýek-tük ak görnüp başlan Aknur gelnejäniň bu günler biraz süňňi ýeňlän ýalydy. Ol häzirem näme üçindir, şatlyk bilen ýylgyrýardy. Adamsynyň golaýjagyna baryp duran Aknur gelneje oňa elindäki suraty görkezdi.

Görnüş

Gör-le, gözel görnüş geldi kemala,Ýazyň aýdymyna diň saldy älem.Onuň süýji heňi mydama ýatda,Tebigat tapypdyr bakylyk tärin. Şapak batyp, garalanda iňrikler,Bulut bilen didarlaşdy topragym.Öýlänçiň öýkesin ýazdy-da ýene,Ýagyş ýagdy, ýuwup baglaň ýapragyn.

Ylham joşguny

WATAN Watan, seň şanyňa şygyr ýazmaga,Meniň bar zehinim, üşügim ýetmez.Arassa howaňdan bir dem ganmazdan,Durnalar üstüňden sowulyp ötmez.

Çopan haky

Gadymy zamanlarda bir çopan bar eken. Ol bir baýyň goýnuny bakar eken. Günlerde bir gün baý bahana arap, ýaňky çopany boşadyp, eden hyzmaty üçin hem ujypsyzja hak beripdir. Çopan: «Bu gazanjym bilen maşgalamyň arasyna dolansam, iýer-geýere-de ýetjek däl. Gowusy, men başga iş gözläýin. Bujagaz gazanjymy bolsa bir ynamdar adama saklamaga bereýin» diýip, pikir edipdir. Soňra ol: «Ähli dawa-jenjeli çözmegi kaza ynanýarlar. Menem puly wagtlaýyn saklap bermegi şondan haýyş edeýin» diýipdir-de, baýdan alan hakyny kaza tabşyrypdyr. Özi hem gidip, başga bir baýa çopan bolupdyr. Onuň dowarlaryny bakypdyr.

Söz manysy

ÝAPBYLDAK Üstünden döwürler dolanyp, eýýamlar aýlanan ene dilimiz köp owazlylygy hem öwüşginliligi, şonuň ýaly-da many goýazylygy, dürli şiwe aýratynlyklaryny özünde saklaýanlygy bilen tapawutlanýar. «Ýapbyldak» şeýle sözleriň biridir. Köp şiweli dilimizde bu sözüň «ýapbaldaň» görnüşinde aýdylyşy hem bar.

Magtymguly Pyragy

IL BILÄNI Belent daglaryň başyndaBulut oýnar sil biläni.Goç ýigide toýdur-baýram,Her iş gelse il biläni.

Dostum sen

Sende bar yhlasym, kalbym, ýüregim, Başdan mährem hemra bolan dostum sen.

Säher hakda oýlanyp...

Her hal, säher tüm çetinden jyklanda, Suwy süýjän alma kimin daň atar.

Paýhas jöwheri

Mahmyt Gaznalynyň köşk emiri, soňra danalygy bilen Horasanyň häkimi bolan Aýazhana paýhasyny synamak üçin birnäçe sorag beripdirler. — Iki dünýäde-de betbagt kim?