Türkmen oýunlarynyň ähmiýeti

25 Fewral 2021
1464

Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda ulanan we biziň günlerimize çenli gelip ýeten milli oýunlary öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar we häzirki günlerde hem ruhy medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Milli oýunlar ähli halklaryň medeni mirasy bolmak bilen birlikde, şol halklaryň taryhy, edim-gylymlary barada hem maglumat çeşmesi bolup durýar. Şol oýunlaryň üsti bilen halkymyzyň özboluşly dünýägaraýşyny-da, milli ruhuny-da öwrenmek bolýar. Milli oýunlaryň beden, akyl, zähmet terbiýesini bermekde hem uly ähmiýeti bardyr.

Dana ata-babalarymyz ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek üçin dürli terbiýeçilik usullaryny ulanypdyrlar. Şolaryň içinde iň täsirlileriniň biri hem türkmen durmuşynda öz ornuny tapan milli oýunlardyr.

Ogultäç JOMMYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky 20-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar