Arzuwlar nirede ýaşaýar? (Oýlanma)

24 Fewral 2021
779

Men onuň döreýşinem, ýykylyşynam gözüm bilen gördüm. Ýöne mesgenini welin, eger-eger, bilebilmedim. Ýaşynam aýdybilmen. Ol hakda kän kişiden soradym. Şonça-da hekaýa diňledim. Hemmelerem onuň öýüniň ýürekdedigini aýtdylar. «Onda onuň terk edip gitmesi nämeden?» diýdim. Dymdylar. Şeýdibem, ol ýene syrlylygyna galdy. Iň ýamanam, onuň «Agyl doly akja guzy, ertir tursam, ýokja guzy» bolýanlygy. Şonda-da özüni bilen oňa garaşjakdan.

Käwagtlar, ýazgytdan gaçyp bolmaýşy ýaly, onuňam ýazylandan çykyp bilmeýänligi hakda oýlanýaryn. Belki, ony beýle ýepbeklemeli hem däldirin. Bu soragy-ha, asyl, bermesem, gowy bolardy. Onuň nirede gününi ötürýäninden, hasyl bolany has derwaýys dälmi? Üstünden wagtdan başga zat bilen baryp bolmaýandygyny aýtsalar hem howlugylaýýar. Ýeri, bolýar, goý, gizlenýän-ä ol bolsun, gözleýänem men.

Aýşat HOJAMUHAMMEDOWA,
"Nesil".
Beýleki habarlar