Söýüň enelerimizi

25 Fewral 2021
759

Mähriban enelerimiziň dünýäsine aralaşdygyňça olaryň iň sabyr-kanagatly ynsanlardygyna göz ýetirýärsiň. Eje bolan gelniň hut şol gün ähli hüý-häsiýetiniň üýtgäp, onuň kalbyna giňligiň, mähriň, çäksiz söýginiň aralaşýandygyny zenanlar bilýändir. Ol zenan sähel wagt mundan ozal hem özüniň öňki endik edinen häsiýetleriniň nirädir bir ýerlere ýitip gidendigine göz ýetirýär. Mysal üçin, ozal sähel galmagala darygýan, köpçülik ýerlerinden daşlaşanyny kem görmeýän gyz-gelinler eje bolanlaryndan soň, dynman aglaýan çagalaryny bagryna basyp, oňa ukusyz gijelerini bagyş edip oturandyr. Eje bolan gelinleriň käbiri düýnki lälijek gyzdygyna garamazdan, bu gün ak daňlary hüwdi bilen garşylap, nahara-şama wagt tapmasalar-da, sabyr-kanagatyň, giňligiň beýik nusgasy bolup gelýärler. Olara bu duýgular Arşdan inýän ylahy güýç bolany üçin, ol çäksizdir, tükeniksizdir.

Eneleriň mähirden doly ýüregi çagalarynyň ähli garagollugyna, kesirligine-ketjallygyna, kakabaşlygyna, näz-kereşmesine döz gelýär. Olar çagalarynyň ähli ýetmezlerini özlerinde bar bolan ummasyz uly enelik söýgüsi bilen gowy tarapa özgertmegi başarýarlar. Şonuň üçin hem şahyr Berdinazar Hudaýnazarowyň «Ene goşgusynda» şeýle diýilýär:

Dürnabat AŞYROWA,
«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar