Çigildem gülüniň dessesi

24 Fewral 2021
801

Annamyrat bu günem hemişekileri ýaly ir turup, mellekde güýmenýärdi. Yzgary ýetik toprakdan jana şypaly serginlik göterilýärdi. Şeýle ajaýyp çagda tebigatyň ýüzi täzelenen ýaly bolup duýulýardy.

Elindäki gaýçysy bilen baglary timarlaýan Annamyrat keýwanysynyň ýanyna nähili gelenini-de duýmady. Alyn saçlarynda ýek-tük ak görnüp başlan Aknur gelnejäniň bu günler biraz süňňi ýeňlän ýalydy. Ol häzirem näme üçindir, şatlyk bilen ýylgyrýardy. Adamsynyň golaýjagyna baryp duran Aknur gelneje oňa elindäki suraty görkezdi.

Täçmyrat REPBIMOW.
Beýleki habarlar