"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Ilon Mask ro­bot-tak­si hyz­ma­ty­ny ýo­la goý­ar

Tes­la» kom­pa­ni­ýa­sy öz elekt­rik aw­tou­lag­la­ry­nyň esa­syn­da sü­rü­ji­siz tak­si hyz­ma­ty­ny ýo­la goý­mak­çy bol­ýar. Bu ba­ra­da 2022-nji ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gi­niň ne­ti­je­le­ri­ne ba­gyş­la­nan met­bu­gat ýyg­na­gyn­da «Tes­la»-nyň ýol­baş­çy­sy Ilon Mask ha­bar ber­di. Mas­kyň söz­le­ri­ne gö­rä, bu hyz­mat­da «Tes­la»-nyň rul­syz we pe­dal­syz do­ly aw­to­mat­laş­dy­ry­lan elekt­rik aw­tou­lag­la­ry he­re­ket eder. — Biz tä­ze hyz­ma­ty 2024-nji ýyl­da köp­çü­lik­le­ýin önüm­çi­li­ge gi­riz­me­gi mak­sat edin­ýä­ris – di­ýip, te­le­ke­çi aýd­ýar.

«Pony.ai» sürüjisiz taksileriň ygtyýarnamasyny aldy

Dün­ýäniň öň­de­ba­ry­jy «Po­ny.ai» aw­to­nom teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy Hy­taý­da sürüjisiz tak­si yg­ty­ýar­na­ma­sy­ny alan il­kin­ji we ýe­ke-täk kom­pa­ni­ýa boldy. 2022-nji ýy­lyň ap­rel aýy­nda kom­pa­ni­ýa «Ro­bo­taxi» hyz­ma­ty üçin 700 müň­den gow­rak sar­gyt­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­di. «Po­ny.ai» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ba­zar do­la­ny­şy­gy ABŞ-nyň 8,5 mil­liard dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy. Kom­pa­ni­ýa 2023-nji ýyl­da Hy­ta­ýyň ýe­ne-de iki uly şä­he­rin­de tä­jir­çi­lik ro­bo­t-­tak­si kär­ha­na­la­ry­ny aç­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Hut şu mak­sat bi­len, kom­pa­ni­ýa şol şä­her­ler­de we Ka­li­for­ni­ýa­da öz-özü­ni do­lan­dyr­ýan aw­tou­lag­la­ry sy­nag­dan ge­çir­ýär. Hä­zir­ki wagt­da Hy­taý­da işe gi­ri­zi­len «Ro­bo­taxi»-le­riň howp­suz­ly­gy üçin adam sü­rü­ji­le­ri bar.

«At­las­sian» korporasiýasy bu­lut hyz­mat­la­ry­na geçer

IT hyz­mat­la­ry­ny üp­jün edi­ji «At­las­si­an» kor­po­ra­si­ýa­sy öz işi­ni döw­re­bap­laş­dyr­ma­gy we ser­wer hyz­mat­la­ry diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan hyz­mat­lar­dan do­ly ýüz öw­rüp, hyz­mat­la­ryň äh­li ula­ny­jy­la­ry­ny bu­lut hyz­mat­la­ry­na ge­çir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. «At­las­si­an» kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň ar­tyk­maç­lygy se­bäp­li, hä­zir­ki wagt­da 226500 müş­de­ri­si bar. Kor­po­ra­si­ýa plat­for­ma­da ýyl­da 30 müň dol­lar sarp ed­ýän her bir müş­de­ri­siniň bu­lut müş­de­ri­si bol­an­soň, üç ýyl­da, tak­my­nan, ABŞ-nyň 94500 dol­la­ry­ny sarp et­jek­di­gi­ni çak­la­ýar. Häzirki wagtda «At­las­si­an» ABŞ-nyň 29 mil­liard dol­lary möçberindäki bazar dolanyşygy bi­len, öň­de­ba­ry­jy or­nu­ny sak­la­ma­gy ba­şar­ýar.

Aragatnaşyk we ulag pudagy: sanlylaşdyrmagyň wezipeleri

Ylmyň ösmegi netijesinde telekommunikasiýa ulgamy uly ösüşe eýe bolýar. Aragatnaşyk serişdeleri ynsan durmuşyna dahylly iň möhüm ulgamlaryň birine öwrüldi. Bu gün bir-birek bilen aragatnaşyk saklamak, maglumatlary paýlaşmak, täzeliklerden habarly bolmak, ösen tilsimatlardan baş çykarmak, sanly ösüşiň gazananlaryny dürli pudaklara we ulgamlara giňden ornaşdyrmak ynsanyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagynda esasy görkeziji hökmünde çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda sanly özgertmeleri öňe ilerletmek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça wezipeleri ösüşiň derwaýys wezipeleri hökmünde görkezýär. Sanly ösüşiň netijesinde ähli pudaklarda ylmy taýdan esaslandyrylan, halkara standartlaryna laýyk gelýän täze innowasiýa tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlary köpçülikleýin ornaşdyrylýar. Şeýle ösüşler maglumatlaryň toplanylmagy, alşylmagy, saklanylmagy we gaýtadan işlenilmegi bilen bagly zerurlyklary kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýän aragatnaşyk, Internet ulgamlaryny, maglumatlary işleýiş merkezlerini ösdürmäge, şeýle hem maglumatlar bilen işlemegiň sanly çeýe esaslaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Bu düzümiň ösdürilmegi bolsa, ilatyň giň zolakly Internete baglanmagy bilen bagly taslamalary işläp taýýarlamaga we durmuşa ornaşdyrmaga, bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet, jemgyýetçilik hyzmatlary, jemgyýetçilik ulag hem-de dolandyryş ulgamlarynyň maddy-

Döwrebap işleriň ähmiýeti

Bilim jemgyýetiň öňe gitmegine we döwletiň ösmegine itergi berýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösmegi üçin ähli şertleriň döredilmegi ýaş nesliň biliminiň döwrebap we kämil bolmagyna ýardam berýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» durmuşa geçirilýär. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur bolan elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi öz içine alýar. Türkmenistanyň ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar.

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli pudaklarda uly ösüşler gazanylyp, beýik işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda, şol sanda bilim ulgamynda hem sanly ulgamyň döwrebap mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. Munuň üçin ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilip, täze tehniki serişdeler ornaşdyrylýar. Bular barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Biz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagyna geljekde hem ünsi jemläris» diýip belleýär. Häzirki döwürde türkmen jemgyýeti kämilligiň röwşen ýolundan batly gadamlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, döwlet diňe halky bilen döwletdir, halk bolsa ylym-bilim, paýhas bilen kämilleşýär. Şunda ösüp gelýän ýaş nesliň kämil bilim almaklary, giň dünýägaraýyşly bolmaklary esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

«Ozon» 100 müň te­le­wi­zor ön­dü­rer

Rus­si­ýa­nyň «Ozon» in­ter­net-dü­ka­ny öz mar­ka­sy bi­len te­le­wi­zor ön­dü­rip baş­la­dy. Dü­kan 2022-nji ýy­lyň ahy­ry­na çen­li en­ja­myň 100 müň sa­ny­sy­ny ba­za­ra çy­kar­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Söw­da kom­pa­ni­ýa­sy şeý­le mak­sat bi­len «Har­tens» kom­pa­ni­ýa­syn­dan «Har­tens» mar­ka­sy­ny sa­tyn al­dy. Kom­pa­ni­ýa­da «Hu­su­sy söw­da mar­ka­sy­nyň bol­ma­gy «Ozon»-a aly­jy­la­ry üçin el­ýe­ter ba­ha­dan tek­lip edil­ýän ýo­ka­ry hil­li önüm­le­riň sa­na­wy­ny gi­ňelt­mä­ge kö­mek ed­er» – di­ýip bel­le­ýär­ler. Mart aýyn­da «Sber­bank» we «M.Wi­deo-El­do­ra­do», «Sa­lyut» te­le­ýaý­lym ul­ga­myn­da iş­le­ýän «Sber» bren­di bi­len te­le­wi­zor­la­ry Rus­si­ýa­nyň ba­za­ry­na çy­kar­dy­lar.

Kompýuterden dogry peýdalanmak

Ylmyň tizlik bilen ösýän zamanasynda durmuşymyzda täze tehnologiýalar giň orun alýar. Munuň özi biziň innowasion tehnologiýalar bilen ýygy-ýygydan iş salyşýandygymyzy aňladýar. Biz internet arkaly gündelik habarlar, dünýä täzelikleri bilen tanyşmaga giň mümkinçilik tapýarys. Internetiň üsti bilen dünýä täsinlikleri we täzelikleri, tebigy gözellikler, taryhy ýadygärlikler baradaky gyzykly maglumatlary öwrenmek, dürli ýurtlaryň ýazyjy-şahyrlarynyň çeper eserlerini okamak indi her birimiziň durmuşymyzda gündelik endige öwrüldi. Çagalar kompýuteriň üsti bilen gözýetimlerini giňeldýärler. Öz ýaşlaryna görä aňyny ösdürjek oýunlary tapyp, hezil edip oýnaýarlar. Çagalar kompýuterlerde tebigata söýgi döredýän, zähmete bolan garaýşyňy artdyrýan eserleri hem okap bilýärler. Çagalar çeper filmleriň üsti bilen durmuşda öz ornuňy tapmagyň, dostluga sarpanyň, birek-birege hormat goýmagyň ýollaryny hem öwrenýärler. Kompýuterden dürli suratlary tapmaga-da giň mümkinçiligiň bardygy her bir adamyň ünsüni çekýär, çünki suratlar dürli-dürli bolup, olaryň üsti bilen tebigatyň özboluşly aýratynlyklary açylýar. Bu belli bir derejede ýaşlaryň sungata bolan garaýşyny ösdürýär we olaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny artdyrýar. Olar özbaşdak surat çekmäge, dürli reňkleriň üsti bilen pikirlerini beýan etmäge bolan endiklerini ösdürýärler.

Sanly ulgam — ösüşlere badalga

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna, edara-kärhanalaryna sanly innowasiýalary ornaşdyrmak arkaly uly ösüşler gazanylýar. Munuň özi ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy netijesinde sanly maglumat-aragatnaşyk ulgamynyň kemala gelýändigini aňladýar. Döwrebap maliýe bazarynda ýaşlaryň maliýe taýdan sowatlylygy hem-de olaryň töwekgelçilige bolan gatnaşygynyň arasynda hem özara baglanyşygynyň bardygy seljerilýär. Maliýe sowatlylygynyň derejesi ýokarlandygyça adamda töwekgelçilige tarap ymtylma peselýär. Bu bolsa maliýe taýdan özbaşdak pikirlenmäge we deňeşdirmäge esaslanýan, şol bir wagtyň özünde bolup biläýjek töwekgelçilikden baş alyp çykarýan çözgütleri kabul etmek üçin amatly gurşawy döredýär. Netijede, her bir adamyň şahsy we maşgala býujetini özbaşdak dolandyrmak, geljek üçin süýşürintgi toplamak, şeýle hem jemgyýetde özüni doly özleşdirmek bilen bagly ukyplarynyň emele gelmegine hem täsirini ýetirýär.

Täze tehnologiýaly ulgam — ösüşiň kepili

Häzirki döwürde Türkmenistanyň bilim ulgamy düýpgöter täze sepgitlere eýe bolýar. Bu özgertmeleriň hereketlendiriji güýji häzirki zaman kompýuter tehnologiýasy, ýagny sanly bilim ulgamynyň ösmegidir. Şonuň üçinde ýurdumyzda häzirki zaman ylmynyň we tehnologiýasynyň durmuşa giňişleýin ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Uzak aralykdan bilim almaga täze mümkinçilikleriň açylmagy, talybyň okuw maglumatlaryny, okuw kitaplaryny elektron görnüşinde alyp bilmegi uly mümkinçiliklere ýol açýar. Bu ugurlarda elektron-maglumat gorlary döredilýär. Döredilen maglumat gorlary zerur bolan okuw maglumatlary, kitaplar, gollanmalar, wideoýazgylar bilen baýlaşdyrylýar.

Suw serişdelerini tygşytlamakda «CropWat» kompýuter programmasynyň ähmiýeti

Suwarymly ekerançylyk ýerlerinde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almaga, ýer-suw serişdelerini netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýär. BMG-niň Azyk we oba hojalyk edarasy (FAO) şeýle döwrebaplyklaryň biri bolan «CropWat» modelini dünýä ýurtlaryna hödürleýär.

Robot saglyga gözegçilik edýär

Şu gün paýtagtymyzda açylan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergi täzeliklere we täsinliklere baý. Sergidäki her bir bölüm özüne çekýär. Köpugurly sergä gatnaşýanlaryň ünsüni özüne çeken aýratynlyklaryň biri sagdynlyk ýörelgelerini wagyz edýän robot boldy. Şu habarymyz bilen ugurdaş ýerleşdirilen suratda hem synlaýşyňyz ýaly, robot sergi zalynyň ähli ýerine aýlanyp, zyýansyzlandyryş işlerini geçirýär. Munuň üçin ol kelle böleginden zyýansyzlandyryjy ergin pürkýär.

Kämilligiň gözbaşy

Döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanýan ykdysadyýeti ösdürmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Sanly ykdysadyýet, ýagny internet arkaly amala aşyrylýan ykdysady gatnaşyklar innowasion sanly maglumat-tehnologiýalary, ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary özünde jemläp, ony ornaşdyrmak boýunça bütin dünýäde amala aşyrylýan işler «Dördünji senagat rewolýusiýasy» diýlip hem atlandyrylýar. «Dördünji senagat rewolýusiýasynyň» ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlaryna täsir edip başlamagy ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda durmuş-ykdysady wezipeleri çözmäge bütinleý täzeçe çemeleşmegi talap edýär. Sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaga döwlet derejesinde aýratyn ünsüň berilmegi bilen birlikde, bu ugruň hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär.

«Tes­la»-nyň önümçiligi rekord derejä ýetdi

Ame­ri­ka­nyň elekt­ro­mo­bil­le­ri ön­dür­ýän «Tes­la» kom­pa­ni­ýa­sy 2022-nji ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de aw­tou­lag önüm­çi­li­gi­ni 68% art­dyr­dy. Kom­pa­ni­ýa 310 048 aw­tou­lag ön­dü­rip, önüm­çi­li­gini re­kord de­re­jä ýe­tir­di. 2021-nji ýy­lyň dör­dün­ji çär­ýe­gin­de bol­sa, 305 407 aw­tou­lag ön­dü­rip­di. Şeý­le-de «Tes­la» Şan­haý­da (Hy­taý) ýer­leş­ýän aw­to­za­wo­dy­nyň ap­rel aýy­nyň ahy­ryn­da iş­läp baş­la­jak­dy­gy­ny ha­bar ber­ýär. Ge­çen birža söw­da­laryn­da «Tes­la»-nyň paý­na­ma­la­ry 0,65% ös­di we ABŞ-nyň 1084,59 dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy.

ABŞ-nyň «KKR» kom­pa­ni­ýa­sy To­kio­nyň gaz­na bir­ža­sy­na çy­kar

Ame­ri­ka­nyň «KKR» ma­ýa ­go­ýu­m kom­pa­ni­ýa­sy Ýa­po­ni­ýa­nyň çip ön­dür­mek üçin en­jam­la­ry ön­dür­ýän «Ko­ku­sai Electric» kom­pa­ni­ýa­syn­da­ky pa­ýy­ny 2022-nji ýy­lyň iýun aýy­nyň ba­şyn­da To­kio­nyň gaz­na bir­ža­sy­na çy­ka­rar. Bir­ža­da «Ko­ku­sai Electric»-iň ba­zar ba­ha­sy, tak­my­nan, 700 mil­liard ýe­na ba­ra­bar (ABŞ-nyň 5,67 mil­liard dol­la­ry) paý­na­mala­ry ýer­leş­di­rer. Bu amal To­kio­nyň bir­ža­syn­da ama­la aşy­ryl­ýan söw­da­la­ryň iň uly möç­ber­li­si bo­lar. Mag­lu­mat çeş­me­le­ri­niň ber­ýän ha­ba­ry­na gö­rä, To­kio bir­ža­sy bu tek­li­bi maý aýy­nyň ba­şyn­da tas­syk­lar. «KKR» öz pa­ýy­ny ABŞ-nyň we gaý­ry ýurt­la­ryň ma­ýa­ go­ýu­jy­la­ry­na sat­ma­gy mak­sat edi­nýär.

Ma­li­ýe çak­la­ma­sy «Sprinklr»-iň ösüşiniň he­re­ket­len­di­ri­ji­si boldy

Ge­çen hep­de «Sprinklr» kom­pa­ni­ýa­sy ma­li­ýe ha­sa­ba­ty­ny ber­di. Ha­sa­ba­ta la­ýyk­lyk­da, «Sprinklr»-iň gir­de­ji­si 30% ar­typ, ABŞ-nyň 136 mil­li­on dol­la­ry­na ýet­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň hyz­mat­la­ry­na ýyl­da ABŞ-nyň 1 mil­li­on dol­la­ryn­dan gow­rak pul sarp ed­ýän müş­de­ri­le­ri­niň sa­ny 26% ar­tdy. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, «Sprinklr»-iň iri kär­ha­na müş­de­ri­le­ri üçin eme­li in­tel­lekt (AI) gu­ral­lar top­lu­my bo­lan «CXM» plat­for­ma­sy bar. Plat­for­ma müş­de­ri­ler bi­len ara­gat­na­şyk sak­la­ýan mar­ke­to­log­lar we iş­gär­ler üçin on­laýn söh­bet­deş­lik­le­ri, ses, elekt­ron poç­ta we beý­le­ki hyz­mat­la­ry öz içi­ne al­ýar. Ge­çen bir­ža söw­da­la­ryn­da «Sprinklr»-iň her bir paý­na­ma­sy 21,16% ýo­kar­la­nyp, ABŞ-nyň 13,8 dol­la­ryn­dan ba­ha­lan­dy.

Sanly ulgamyň döwrebap mümkinçilikleri

Sanly ykdysadyýeti döretmezden, döwletiň häzirki zaman derejesindäki ösüşini göz öňüne getirmek asla mümkin däldir. Bütin dünýäde sanly innowasiýalary öňe sürmek bäsdeşlige ukyplylygyň, ykdysady ösüşleriň aýrylmaz şertine öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da ýokarlanmagynyň esasy ugurlarynyň biri hem sanly ykdysadyýeti işjeň durmuşa ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Sanly ykdysadyýet sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy bolup, ol wagtyň we harajatlaryň tygşytlanmagy bilen bir hatarda, hyzmatlaryň döwrebap ulgamyny ýola goýmaga amatly şertleri döredýär.

Öňdebaryjy tehnologiýalara daýanyp

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň täze gazananlaryna esaslanýan innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatdaky alnyp barylýan işler üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamynda hem täze tehnologiýalar işjeň ulanylýar. Şunda sanly tehnologiýalary işjeň ulanmak bilen ylmyň, ylmy-barlaglaryň, tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň wajyp meselelerini çözmäge gönükdirmek boýunça alnyp barylýan işler häzirki wagtda oňyn netijeleri berýär. Ýurdumyzda iş bilen üpjünçilik, önümçilik, sarp ediş, hyzmatlar ulgamlary döwrebap ösüşlere eýe bolýar. Şeýlelikde, sanly tehnologiýalara daýanýan ylmy-barlag işleri synaglaryň we seljermeleriň barşynda anyk netijeleri ýüze çykarýar we önümçilige hödürlenýär. Sanly ulgam önümçilik harajatlaryny, sarp edilýän wagty ep-esli azaltmak bilen, serişdeleriň tygşytly we daşky gurşawa zyýansyz ulanylmagyna, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda iş bilen üpjünçiligi hil taýdan ýokarlandyrmaga, elektron resminamalar dolanyşygyna we şahsyýetiň elektron identifikasiýasyny kemala getirmäge uly ýardam edýär. Goý, berkarar Diýarymyzyň ykdysady taýdan k

«Lucid Group» batareýa zawodyny gurar

Elektrik ulaglaryny öndüriji «Lucid Group» täze batareýa zawodyny gurmak baradaky meýilnamasyny yglan etdi. 1000 at güýjünden ýokary «Lusid» maşynlary güýçli herekete çydamly batareýalary talap edýär. Hut şu maksat bilen, kompaniýa ABŞ-nyň Arizona ştatynda esasy ulag öndürýän desgasynyň gapdalynda täze batareýa zawodyny gurar. Gurluşyk «Tesla» batareýalaryny iberýän elektrik ulagy akkumulýator öndürijisi «LG Energy Solutions» tarapyndan 1,4 milliard dollarlyk maýa goýum bilen maliýeleşdiriler. Zawod 2024-nji ýylda işe başlar we geljekde ähli elektrik ulaglary üçin batareýalary öndürer.

«Vuzix»-iň «AR NGSG» äýnegi telemedisina goşundylarynda ulanylýar

«Vuzix» korporasiýasy giňeldilen hakykat (AR) äýneklerini lukmançylyk taýdan ulanmak üçin standartlaşdyrmagy dowam etdirýär. Bu ugurda korporasiýanyň bäsdeşleriniň ýoklugy, täze şertnamalarynyň köpelmegine mümkinçilik döredýär.  «Vuzix M400» äýnegi ilki lukmançylyk ulgamy üçin iş guraly hökmünde işlenip düzüldi. «Vuzix» häzirki wagtda «AR NGSG» äýneginiň täze, has ýeňil we has amatly görnüşini taýýarlaýar.