Döwrebap işleriň ähmiýeti

19 Aprel 2022
1658

Bilim jemgyýetiň öňe gitmegine we döwletiň ösmegine itergi berýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösmegi üçin ähli şertleriň döredilmegi ýaş nesliň biliminiň döwrebap we kämil bolmagyna ýardam berýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» durmuşa geçirilýär.

Sanly bilim ulgamyny ösdürmek täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur bolan elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi öz içine alýar. Türkmenistanyň ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar.

Sona ISLAMOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.
Beýleki habarlar