Kompýuterden dogry peýdalanmak

17 Aprel 2022
1613

Ylmyň tizlik bilen ösýän zamanasynda durmuşymyzda täze tehnologiýalar giň orun alýar. Munuň özi biziň innowasion tehnologiýalar bilen ýygy-ýygydan iş salyşýandygymyzy aňladýar. Biz internet arkaly gündelik habarlar, dünýä täzelikleri bilen tanyşmaga giň mümkinçilik tapýarys. Internetiň üsti bilen dünýä täsinlikleri we täzelikleri, tebigy gözellikler, taryhy ýadygärlikler baradaky gyzykly maglumatlary öwrenmek, dürli ýurtlaryň ýazyjy-şahyrlarynyň çeper eserlerini okamak indi her birimiziň durmuşymyzda gündelik endige öwrüldi.

Çagalar kompýuteriň üsti bilen gözýetimlerini giňeldýärler. Öz ýaşlaryna görä aňyny ösdürjek oýunlary tapyp, hezil edip oýnaýarlar. Çagalar kompýuterlerde tebigata söýgi döredýän, zähmete bolan garaýşyňy artdyrýan eserleri hem okap bilýärler. Çagalar çeper filmleriň üsti bilen durmuşda öz ornuňy tapmagyň, dostluga sarpanyň, birek-birege hormat goýmagyň ýollaryny hem öwrenýärler. Kompýuterden dürli suratlary tapmaga-da giň mümkinçiligiň bardygy her bir adamyň ünsüni çekýär, çünki suratlar dürli-dürli bolup, olaryň üsti bilen tebigatyň özboluşly aýratynlyklary açylýar. Bu belli bir derejede ýaşlaryň sungata bolan garaýşyny ösdürýär we olaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny artdyrýar. Olar özbaşdak surat çekmäge, dürli reňkleriň üsti bilen pikirlerini beýan etmäge bolan endiklerini ösdürýärler.

Jennet MÄMMETJUMAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar