Tesla» kompaniýasy öz elektrik awtoulaglarynyň esasynda sürüjisiz taksi hyzmatyny ýola goýmakçy bolýar. Bu barada 2022-nji ýylyň birinji çärýeginiň netijelerine bagyşlanan metbugat ýygnagynda «Tesla»-nyň ýolbaşçysy Ilon Mask habar berdi. Maskyň sözlerine görä, bu hyzmatda «Tesla»-nyň rulsyz we pedalsyz doly awtomatlaşdyrylan elektrik awtoulaglary hereket eder.
— Biz täze hyzmaty 2024-nji ýylda köpçülikleýin önümçilige girizmegi maksat edinýäris – diýip, telekeçi aýdýar.