«Lucid Group» batareýa zawodyny gurar

4 Aprel 2022
1226

Elektrik ulaglaryny öndüriji «Lucid Group» täze batareýa zawodyny gurmak baradaky meýilnamasyny yglan etdi. 1000 at güýjünden ýokary «Lusid» maşynlary güýçli herekete çydamly batareýalary talap edýär. Hut şu maksat bilen, kompaniýa ABŞ-nyň Arizona ştatynda esasy ulag öndürýän desgasynyň gapdalynda täze batareýa zawodyny gurar. Gurluşyk «Tesla» batareýalaryny iberýän elektrik ulagy akkumulýator öndürijisi «LG Energy Solutions» tarapyndan 1,4 milliard dollarlyk maýa goýum bilen maliýeleşdiriler. Zawod 2024-nji ýylda işe başlar we geljekde ähli elektrik ulaglary üçin batareýalary öndürer.


Maksat MERETLIÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň ispan dili hünäriniň 3-nji ýyl talyby.
Beýleki habarlar