"Balkan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Balkan welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Balkanabat şäheri, 145-nji ýaşaýyş jaý toplumy, 1
Telefon belgileri: 6-37-06, 6-07-92, 6-07-96
Email: balkan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Diňe bagt barada

Bagtly kişä bagtsyza akyl bermek aňsat.Eshil. *  *  *

Dür däneleri deý jümleler

Iki zat gutarnyksyzdyr: älem hem-de adamlaryň akmaklygy, men entegem älemiň gutarnyksyzdygyna şübhelenýärin.Albert Eýnşteýn. *  *  *

Hormatly Prezidentimiz minnetdarlyk hatyny iberdi

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji jenap Maýkl Iranä mähirli salamyny we minnetdarlyk hatyny ýollady. Hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 45 kilograma çenli agram derejesinde türkmenistanly türgen Ýulduz Jumabaýewanyň itekläp götermekde altyn medalyň we silterläp götermekde kümüş medalyň eýesi bolandygy baradaky hoş habary ýazan Maýkl Iraniniň hatyny uly kanagatlanma we şatlyk duýgusy bilen kabul edendigini belledi.

Guwandyran, begendiren hoş habar

«Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri kämil ýörelgeleri durmuşa ornaşdyrmagyň, türkmen sportunyň abraýyny has-da belende götermegiň ajaýyp zamanasydyr. Geljegimiz bolan ýaşlara berjek nesihatym — sporty söýüň! Sport güýç-gaýratyň, gözelligiň, saglygyň we hyjuwly ýaşamagyň gözbaşydyr!» diýip nygtaýan hem-de ýaşlaryň bu nesihaty berjaý etmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikleri üpjün edýän Arkadag Prezidentimiziň peşgeş beren eşretli eýýamynda türkmen sportunyň abraýynyň belende göterilýändigi ajaýyp hakykatdyr. Ýurdumyza geçen şenbe güni gelip gowşan hoş habar bu hakykatyň ýene bir ýola aýdyň dabaralanmasy boldy. Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Maýkl Iraniden we bu federasiýanyň baş kätibi Mohamed Jaluddan gelip gowşan hatda 2018-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 45 kilograma çenli agram derejesinde altyn medal gazanan Tailand Patyşalygynyň türgeni tarapyndan doping düzgünleriniň bozulandygy we sport kwalifikasiýasyndan mahrum edilendigi sebäpli, Halkara agyr atletika federasiýasynyň kadalaryna laýyklykda, medallaryň gaýtadan paýlanylmagynyň amala aşyrylýandygy barada nygtalyp, şol ýaryşyň häzirki netijeleri boýunça türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň itekläp götermekde altyn medalyň, silterläp götermekde bo

Watany beýgeldýän ýyl bolar

Bagtyýarlyk döwrüniň aýdyň ýoly Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda dost-doganlykdan, agzybirlikden we ynsanperwerlikden badalga alyp, ol dünýä nusgalykdyr. Mähriban Arkadagymyzyň saýasynda halkymyzyň her güni şatlykly wakalara, toýdur baýramlara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy kalbymyzy buýsanja besledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, her bir ýylyň özboluşly atlandyrylmagy öňde goýýan maksatlarymyza tarap ynamly öňe gitmäge ýardam edýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň dabaraly belleniljek ýylynyň şeýle atlandyrylmagy ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermekde, halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik we ynanyşmak ýörelgelerini has-da dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Taryhy döwrüň möhüm ähmiýetli desgalary halklaryň ösüşiniň we abadançylygynyň bähbidine

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri goňşy halklar bilen hoşniýetli, dost-doganlyk, birek-birege hormat goýmak gatnaşyklaryny saklap gelipdir. Merdana halkymyzyň bu asylly däpleri Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe has-da belentden dabaralanýar. Dünýä medeniýetiniň ösdürilmegine uly goşant goşan gadymy Beýik Ýüpek ýoly täze röwüşde gaýtadan dikeldilýär. Bu günki gün Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz goňşy halklar, şeýle-de dünýä döwletleri bilen özara hem netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýär. Türkmen topragyndan dünýä ýüzüne dostluk ýollary çekilýär. Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uly orun berilýär. Türkmen we owgan halklaryny taryhy kökler bilen birlikde, häzirki taryhy döwürde agzybirlikli, dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ysnyşykly ýola goýulmagy netijesinde iki ýurduň halklarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga itergi berýän ykdysady ösüşlere eýe bolunýar. Bu babatda ýangyç-energetika, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezmek bolar. Bular goňşy halklaryň müdimi dostlugynyň aýdyň kepiline öwrülýär. 

Ýörelgämiz — pederleriň paýhasy

Ynsany bezeýän, mertebesini beýgeldýän aýratynlyklaryň hatarynda edepli-terbiýeli bolmagyň esasy orunda durýandygyny, onuň üsti bilen öňde goýan maksadyňa ýetip, üstünlik gazanylýandygyny durmuş tejribeleri subut edýär. Munuň üçin her bir ädimiňi oýlanyşykly ätmeli, berilýän öwütdir nesihatlara gulak asmagy, olary berjaý etmegi başarmaly. Ýamany ýazgaryp, ýagşyny söýmek ýaly häsiýetleri hemişelik hemra edinmeli. Ynsan ömrüniň manysy belli bir derejede perzentleriniň edep-terbiýeli, Watana wepaly, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi bilen kesgitlenilýär. Şonuň üçin hem mugallymlardyr ene-atalar çagalara durmuşyň ýagşylyklara, üstünliklere eltýän gapylaryny açyp bermeli, olary kiçiliginden durmuşa taýýarlamaly, giň gözýetimli nesilleri kemala getirmeli. Munuň üçin, ilkinji nobatda, olara bu ugurda hemişe görelde bolmaly. Çagalaryň aňyna iň gowy häsiýetler ornaşdyrylan maşgalada soňlugy bilen kalplary buýsanja besleýän ýaş nesiller kemala gelýärler.

Nagyşlary özboluşly şaý-sepler

Türkmeniň zergärçilik sungaty älemgoşar ýaly köp görnüşlidir. Ol milli sungatymyzyň düýp mazmunyna, onuň döreýiş we ösüş taryhyna düşünmäge ýakyndan ýardam edýär. Ata-babalarymyz şaý-sepleri, esasan, kümüşden ýasapdyrlar. Sebäbi kümşüň saglyga peýdasy gadymdan bäri mälimdir. Kümüş köp kesel döredijileri ýok edýär, bedeniň gan aýlanyşygyny sazlamaga kömek edýär. Zergärler aýal-gyzlar, atlar üçin örän ajaýyp şaý-sepleri ýasapdyrlar. Gyzlara, gelinlere, ýaşy durugşan zenanlara ýaşyna görä şaýlar ýasalypdyr. Gupba, çekelik, sümsüle, kökenli ýüzük, apbasy gyzlara degişli şaýlar bolsa, asyk, saçýüzi, maňlaýlyk, bilezik, çapraz-çaňňa gelinlere degişli şaýlar hasaplanypdyr. Ýaşy birçene baran zenanlar düwmeleri, şelpeleri bolmadyk tumar, heýkel, bent ýaly şaýlary dakynypdyrlar. Şaý-sepler çagalara-da dakylypdyr. Oglanjyklar üçin ok-ýaý şekilli şaýlar, gyzjagazlar üçin düwmeler, dogaçyr ýasalypdyr.

Bu türkmeniň goşa-goşa täji bar

Asyrlaryň dowamynda halkymyzyň aýdym-saz sungatynyň kämilleşdirilip, şu günlerimize gelip ýetmeginde bagşy-sazandalarymyzyň bitiren hyzmatlary örän uludyr. Aýdym-saz barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda şeýle belleýär: «Aýdym-saz sungaty — täzelenişiň we döredijiligiň çeşmesi. Bu gün türkmen toýlarynyň sahnasynda halk aýdymlary, häzirkizaman türkmen kompozitorlarynyň ata Watanymyzy, türkmen halkyny, onuň köp asyrlyk şöhratly taryhyny, tebigatymyzyň gözelligini we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan üstünlikleri wasp edýän kämil, şowhunly eserler aýratyn joşgunlylyk we özüne çekijilik bilen ýerine ýetirilýär. «Jeýhun bilen bahry Hazar arasynda» — keremli Watanymyzda bagtyýarlyga gowşan halkym bu gün bagşy tutup, at çapdyryp, altyn gabak atdyryp, göreş tutduryp uludan toý tutýar». Türkmen aýdym-saz sungatynyň ägirtleri, beýik ýerine ýetirijilik ussatlyklary bilen öçmejek yz galdyran bagşylar Sahy Jepbarow, Magtymguly Garlyýew, Nurberdi Gulow, Ödenýaz Nobatow, Aşyrmämmet Dawudow ýaly halypalar şirin owazlary bilen ýüreklerde ömürlik orun aldylar.

Bagtyýarlyk döwrümiziň bagtly körpeleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyz çaga gülküleriniň belentden ýaňlanýan, aýdym-saz hem-de sport bäsleşikleriniň geçirilýän ýurdy hökmünde bütin dünýäde giňden tanalýar. Ýurdumyzyň gül-gunçalaryna deňelýän körpeleriň kalbynda ata Watana söýgi, ene topraga buýsanç alamatlaryny görmek bolýar. Eziz Arkadagymyzyň döwletli tutumlarynyň netijesinde bagtdan paýly nesillerimiz uly alada bilen gurşalýar. Olar özleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän mähriban Arkadagymyza alkyş sözlerini aýdýarlar. Bu günki bagtyýar körpeler — Watanyň geljekki gerçekleri, edermen ýigitleri, edepli-ekramly gyzlary. Olaryň iň kämil tehnologiýalardan oňat baş çykarmagy üçin güneşli ülkämizde dünýä nusgalyk işler amala aşyrylýar. Muňa mähriban Arkadagymyzyň: «Biz çagalaryň netijeli okamagy, göwnejaý dynç almagy we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli zerur şertleri döredýäris» diýen sözleri hem şaýatlyk edýär.

Düzgünleri berjaý etmek saglygyň girewidir

Sagdyn ýaşamak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinmeli hem-de bu ugurdaky maslahatlardyr düzgünleri doly we dogry berjaý etmek gerek. Munuň özi diňe bir özümiziň däl, eýsem,  daş-töweregimizdäkileriň hem saglygyny goramakda ähmiýetlidir. Möwsümleýin ýiti respirator keselleriň öňüni almak üçin agyz-burun örtügini dakynmaly, şahsy arassaçylyga aýratyn üns bermeli. •Häzirki wagtda gyş paslynyň dowam edýändigi üçin ýyly egin-eşikleri geýmeli.

Dil bilen dünýäni gezer

(Hekaýa) Wepa bilen Seýran jana-jan dostdular. Olaryň ikisi bir mekdepde, bir synpda okaýardylar. Her gün mekdebe bile gidip-gelýärdiler. Emma sapaklara ýetişikleri deň däldi. Wepa ökdedi, ähli sapaklardan oňat bahalar alýardy. Mydama öz öwrenenlerini deň-duşlary bilen paýlaşmaga, olara kömek etmäge höwesekdi. Esasan hem, türkmen dili, rus dili we iňlis dili sapaklaryny gowy görýärdi. Aýratynam, iňlis dilini çuňňur öwrenýärdi, onuň kadalaryny, sözlerini her gün özbaşdak okaýardy. Seýrana hem olary öwretmäge çalyşýardy. Ýöne Seýran Wepa ýaly okuwa höwesek däldi. Wagtyny kitap okap geçireninden, daşarda dostlary bilen oýnap geçirenini gowy görýärdi. Mugallymlaryň okamagyň, bilim almagyň möhümdigi baradaky maslahatlaryna kän bir gulak gabartmaýardy.

Kim bilmeşek?

Ertir gider Leýli han,Agşam geler Leýli han,Dürli-dürli çöplerden,Düwme ýasar Leýli han.  (Düýe)

Agsak towuk

Bu oýun sport meýdançasynda ýa-da sport zalynda geçirilip bilner. 30-40 metr aralykda iki sany parallel çyzyk çyzylýar we ähli oýunçylar üç-üçden bölünişýärler. Her üçlükde iki oýunçy biri-biriniň elinden tutýar. Üçünji oýunçy bolsa olaryň tutuşan elleriniň üstüne bir aýagyny goýýar. Oýny alypbaryjynyň rugsady boýunça üçlükler pellehana tarap (garşydaky çyzyga) ylgaýarlar. Ilki bolup pellehana baran üçlük ýeňýär. Eger ortadaky oýunçynyň iki aýagy ýere degse, onda şol üçlük ýeňilýär. Ortadaky oýunça iki çetki oýunçynyň egninden asylmak bolmaz. Oýun ikinji gezek gaýtalananda, ortaky oýunçyny ony ellerinden göterip äkiden (çetki) oýunçylaryň biri bilen çalyşmaly. Oýun ylgamak endiklerini kämilleşdirmek üçin niýetlenendir. Toparlaýyn oýnalýan bu oýun orta synplaryň okuwçylary bilen guralsa, has-da gyzykly bolar.

Meniň bir jigim bar...

«Jigi bizde-de bar» diýýänsiňiz. Dogry, meniň jigim «Maşa we Aýy» multfilmindäki Maşajyk ýaly örän ýeserje. Onuň ady Aýbölek, dört ýaşynda. Bir gün Aýbölek goşgy öwrenipdir. Agasynyň ýanyna baryp, goşgyny labyzly aýtdy. Agasy oňa elleriniň aýasyny dolduryp süýji berdi. Ol süýjüleri hiç kime bermän iýdi. Süýjüleri gutaransoň: «Men şol goşgyny ýene gaýtalap bilýärin» diýýär. Wiý, men size Täze ýyl baýramçylygyny gürrüň bereýin. Çagalar bagynda Täze ýyl baýramçylygy geçirildi. Ullakan arçany bezediler, Aýazbabadyr Garpamyk geldi. Aýazbabanyň ýanynda goşgy aýtmak, ilki bilen, Aýbölegiň bijesine düşdi. Ol öz goşgusyndan başlap, ähli çagalaryň goşgularyny aýdyp çyksa nätjek. Onuň bilenem kanagatlanman, hüwdüdir sanawaçlary aýdyp başlady. Ahyrsoňy Aýazbaba onuň her eline bir sowgat berip, zordan ýerine geçirdi. Şondan soň beýleki çagalara gezek ýetdi.

Eşek, horaz hem geçiniň döwleri aldaýşy

(Türkmen halk ertekisi) Eşek, horaz, geçi üçüsi dost bolupdyr. Bir köne horjunyň gözüni külden dolduryp, eşegiň üstüne ýükläp, üstüne-de horazy mündüripdirler. Geçi öňünden ýöräp, eşek üsti horazly yzragyndan gidip barýan. Bir galanyň içinde üç sany baý döw bar eken. Dostlar: «Heý, şulary aldap, zat alyp bolmazmyka?» diýşip, şolaryň üstüne ugraýarlar. Döw halky ynanjaň bolarmyş. Geçi eşek bilen horazdan ozup, galanyň içine girse, ynha, üç döwüň üçüsi hem otyr, üç gazan tüwi hem buglanyp duran eken. Geçi salam berip baran.

Buýsanç

Türkmenistan Watanym,Bagy-bossan jennetim.Dag, deňze, gülzarlyga,Uzap gidýär gözýetim. Ýurdumyzyň ajaýyp,Ösüşlerini görýäris.Garaşsyz ülkämizde,Oýnap-gülüp gezýäris.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

14-nji ýanwarda Lebap welaýatyna iş sapary bilen baran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Ruhyýet» köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz mejlisi açyp, şu gün türkmen-owgan dost-doganlyk nyşany hökmünde amala aşyrylan iri üç sany taslamanyň — Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisi-

Aýdyň maksatdan ugur alyp

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň jogapkär işgärleri welaýat kitaphanasynda geçirilen wideoşekilli maslahata gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisinde «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny» tassyklamak hakynda Kararyndan ugur alnyp, TMÝG-niň Merkezi Geňeşi bilen welaýatlaryň geňeşleriniň arasynda guralan sanly ulgam arkaly wideoşekilli maslahatda kämil tehnologiýalardan oňat baş çykarýan ýaşlary kemala getirmek, zehinli, ukyp-başarnykly nesilleri höweslendirmek maksady bilen geçirilýän çäreleriň ähmiýeti dogru-

Bürünç medala mynasyp boldy

Ata Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaşlarymyzyň daşary ýurtlarda geçirilýän halkara bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy hormatly Prezidentimiziň alyp barýan bilim syýasatynyň oňyn netijeleri berýändigini görkezýär. Gazagystan Respublikasynyň Ylym we bilim ministrligi tarapyndan 2021-nji ýylyň 7 — 12-nji ýanwary aralygynda onlaýn görnüşinde matematika, fizika we informatika dersleri boýunça XVII Halkara olimpiadasy geçirildi. Bäsleşige welaýatymyzyň Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Musa Artykow fizika dersi boýunça gatnaşyp, üçünji orna — bürünç medala mynasyp boldy. Ony bäsleşige mekdebiň fizika mugallymy Yhlas Apbasow taýýarlady. Ýeri gelende aýtsak, zehinli okuwçy 2019-njy ýylda hem Hindistan döwletiniň Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara olimpiadasyna gatnaşyp, baýrakly orny eýeläpdi.