"Balkan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Balkan welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Balkanabat şäheri, 145-nji ýaşaýyş jaý toplumy, 1
Telefon belgileri: 6-37-06, 6-07-92, 6-07-96
Email: balkan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Mukaddes ýörelgeleriň rowaçlanmagy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda türkmen halkyna täze üstünlikler, rowaçlyklar ýar bolýar. Ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryny has-da çuňlaşdyrýan we halkara abraýyny belende göterýän taryhy wakalar biziň her birimiziň buýsanjymyza buýsanç goşup, ata Watanymyza bolan söýgimizi artdyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Ýer ýüzünde parahatçylygy gorap saklamaga, özara ynanyşmak esasynda syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge mynasyp goşant goşýar. Hut şonuň üçinem hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Bu ajaýyp ýylda halkymyzyň mukaddes ýörelgeleriniň has-da rowaçlanmagy, ata-babalarymyzdan gözbaş alyp gaýdýan dost-doganlyk, ynsanperwerlik ýaly özboluşly milli häsiýetlerimiziň bütin dünýä nusga bolmagy bizi çäksiz begendirýär, buýsandyrýar. Elbetde, munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzyň, halkymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermek ugrundaky taýsyz tagallalarynyň miwesidir.

Milli gymmatlygyň sarpasy

Arkadag Prezidentimiziň halkymyzyň ýankitabyna öwrülen «Türkmen alabaýy» atly kitaby diňe bir dünýäde iň gadymy, meşhur alabaý itiniň gelip çykyşy we ösüşi barada gürrüň bermek bilen çäklenmän, eýsem, alabaýyň medeni gymmatlygyny we özboluşlylygyny açyp görkezýär. Türkmen alabaýy asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan halkymyzyň ahalteke bedewi, halysy ýaly milli gymmatlyklary bilen bir hatarda durýar. Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp kitaby ýurdumyzda milli gymmatlyklara goýulýan belent sarpanyň ykrarnamasydyr. Milli Liderimiz eserde şeýle diýýär: «Ata-babalarymyz bedewinde myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasy bolan alabaýlarymyzda bolsa, bagtyny görüpdirler».

Halklaryň abadançylygynyň hatyrasyna

Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda ýurdumyzda uly ösüşler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Diýarymyz dünýä döwletleri bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli alyp barýar. Bu gatnaşyklar halklaryň hem-de ýurtlaryň bähbidine, abadançylygyna gönükdirilendir. Üstümizdäki ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Täze taryhy eýýamyň — Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň taryhy wakalary ýurdumyzyň halkara abraýynyň belentdigini görkezýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk

Dost-doganlygyň Diýary

2021-nji ýylyň eziz Diýarymyzda «Türkmenistan — parahatçlygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň kabul edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilik bilen alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň, şol sanda oňyn bitaraplyk syýasatynyň barha rowaçlanýandygynyň, dünýä ýüzünde giň goldawa eýediginiň aýdyň subutnamalarydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Bitaraplyk hukuk derejämizden gözbaş alýan umumadamzat ähmiýetli işler has-da rowaçlyklara beslenip, dünýäde parahatçylygy, halklaryň we ýurtlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak ugrunda anyk ädimler ädildi, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki syýasy guramalar, dünýä döwletleri bilen ýurdumyzyň arasynda ysnyşykly gatnaşyklar öňküdenem berkedi. Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Ýer ýüzünde parahatçylygy üpjün etmegiň, howpsuzlygy gazanmagyň ygtybarly usuly hökmünde öňe çykyp, ýurdumyz halkara derejesindäki belent ynamyň eýesi boldy.

Watanymyzyň kuwwaty ýaşlar

Mähriban Prezidentimiz ylymly-bilimli, halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna belent sarpa goýýan, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän, saýlan hünäriniň eýesi bolup, döwletimiziň ösüşine mynasyp goşant goşmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmegi bagtyýarlyk döwrümiziň möhüm wezipeleriniň biri hökmünde kesgitleýär. Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatly ynsanperwer döwlet syýasatynda mynasyp orun alan ýaşlaryň okamaklary, işlemekleri, sport bilen meşgullanmaklary, dynç almaklary üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilýändigi buýsandyryjy ýagdaýdyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň möhüm wakasy hökmünde kabul edilen «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler hem bu ajaýyp hakykatyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Sazda jadyly güýç bar

Saz ynsanyň gülden näzik göwnüni göterýän jadyly bir gudratdyr. Ynsan şatlykly owaza şatlanýar, mylaýym heňe rahatlanýar, gaýgyly sazy diňlände gussa çümýär, sebäbi aýdym-saz ýürege baryp ýetýär. Men hem saz sungatyny öz ykbalymda, durmuşymda ýörelge edindim. Saza bolan höwes çagalygymdan başlandy. Entek orta mekdebiň okuwçysykam, il içinde Kömek sazanda diýlip tanalýan agamyň elimden tutup, Serdar şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň bosagasyndan ätledendigi ýadyma düşýär. Bu aýdym-saz ojagy meni mähir bilen garşylady. Men fortepiano bölüminde okap, özüme saz çalmagyň inçe tilsimlerini öwreden, yhlas bilen tälim beren mugallymlarymdan sapak aldym, köp zatlary öwrendim.

Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy

Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak barada uly alada edilýär hem-de bu döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen ata Watanymyzda gurlan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen şypahanalarda adamlar ýylyň dört paslynda dynç alýarlar, saglyklaryny berkidýärler. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, adamlaryň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, ýaramaz endikleriň zyýanly täsiriniň öňüni almak babatda geçirilýän işler ynsan saglygyny goramak baradaky syýasatyň, milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymatynyň adamyň abadan hem eşretli durmuşyna gönükdirilendiginiň subutnamasydyr. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bedenterbiýe we sport hereketini ösdürmeklige aýratyn üns berilýär. Sebäbi sport sagdynlygyň sakasy, gujur-gaýratyň gözbaşy, ruhubelentligiň çeşmesi bolup durýar.

Halypadan tälim alan gyjakçy

Golaýda goňşymyzyň Watan öňünde mukaddes gulluk borjuny berjaý edip gelen ogluny gutlamaga gelen Berdi gyjakçy bilen bir saçakda oturmaklyk miýesser etdi. Ony mekdep ýyllarymdan bäri tanaýaryn. Ýoldaş bolup, sapara giden wagtlarymyz hem köp boldy. Saglyk-amanlyk soraşanymyzdan soň, ikimiziň gürrüňimiz aýdym-saza, sungat älemine syrykdy. Şonda men Berdi gyjakçynyň ilkinji synagdan geçişi baradaky bir ýatlamamy özüne gürrüň berdim. Bu waka 1972-nji ýylyň aprel aýynyň ahyrynda bolupdy. Ýurdumyz boýunça geçirilýän festiwala etrapdan gatnaşmaly zehinli ýaşlaryň 10 — 12-siniň sanawy düzülipdi. Etrap ýaşlar guramasynyň başlygy hökmünde meni topara ýolbaşçy edip belläpdiler. Bu jogapkärli wezipä hötde gelmeklik üçin, her gün işiň ahyrynda Türkmenistanyň halk artisti Nurberdi Gulow bilen bilelikde ýaşlaryň taýýarlygyny gözden geçirýärdik.

Düzgünleri berjaý edeliň!

Möwsümleýin ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak üçin lukmanlaryň berýän maslahatlaryny we ýörite düzgünleri berk berjaý etmek sagdyn ýaşamagyň kepilidir.  •Iş ýerinde we öý otaglarynda wagtal-wagtal penjireleri açyp, howanyň tämiz bolmagyny üpjün etmeli.

Döwrebap usullardan peýdalanýarys

Gahryman Arkadagymyzyň milli bilim ulgamyny ösdürmek boýunça başlangyçlary rowaçlyklara beslenýär. Milli Liderimiziň: «Bilim, ylym we tehnika ulgamlarynda gazanylýan üstünliklere esaslanyp, milli bilim ulgamyny ösdürmelidiris. Bilimli, zähmetsöýer, giň dünýägaraýyşly, öňdebaryjy tehnologiýalardan oňat baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri terbiýeläp ýetişdirmelidiris» diýen pähim-paýhasly sözlerinden ugur alýan mekdebimiziň mugallymlary talyplara bilim bermekde döwrebap usullardan peýdalanýarlar. Talyp ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ündeýän wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirip durýarlar. Olarda hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatyna esaslanyp, ýaşlaryň watansöýüji, ylymly-bilimli, sagdyn hem-de ruhubelent bolup ýetişmekleri ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigi buýsanç bilen bellenilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümlikleriň, şeýle-de üzärlik tüssesiniň peýdasy düşündirilýär. Mekdebimiziň okuw sapaklary geçilýän otaglarynda ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, arassaçylyk we zyýansyzlandyryş işleri yzygiderli alnyp barylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe başlangyç hünär okuw mekdebimizi üstünlikli tamamlan ýaşlaryň ýurdumyzyň oba hojalygynyň dürli pudaklarynda göreldeli zähmet çekmegi bizi has-da buýsandyrýa

Altyn asyryň altyn zehinleri

Hormatly Prezidentimiziň mekdep okuwçylarynyň tebigy zehinini açmak we ösdürmek babatda bilim işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek, ukyp-başarnyklaryny görkezen mekdep okuwçylaryny höweslendirmek we halkara bäsleşiklere taýýarlamak maksady bilen geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň Balkanabat şäher tapgyry welaýat merkezindäki tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 21-nji, 7-nji orta mekdeplerde, Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde geçirildi. Oňa şäherdäki mekdepleriň 9-10-11-nji  synp okuwçylary gatnaşdylar. Bäsleşigiň açylyş dabarasynda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly, bilimli, ähli dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini buýsanç bilen belläp, bu ugurda dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Tersaýaklylar

Balyklaryň, guşlaryň we beýleki suw jandarlarynyň dürli görnüşleriniň mesgen tutan ýeri bolan gojaman Hazar deňzi kesel bejeriş, dynç alyş-sagaldyş gorlary bilen tapawutlanýar. Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleriniň gözegçilik edýän zolagynyň baý janly tebigaty bar. Onda ösümlikleriň, balyklaryň, guşlaryň, süýdemdirijileriň, süýrenijileriň we beýleki jandarlaryň dürli görnüşleri jemlenýär. Suwda ýüzýän we onuň töwereginde gezýän guşlar bu giňişligiň gözelligine görk goşýarlar. Olaryň bir topary ýerde ýaşamaga uýgunlaşan bolsa, beýlekisi suwda, üçünjisi batgalyk ýerlerde mesgen tutýarlar. Deňziň ýa-da beýleki bir suw ýatagynyň kenarlaryna baryp, gezelenç edip, suwy synlanymyzda, ilki bilen, tersaýaklylar toparyndan bolan guşlara gözümiz düşýär. Olar ýakyn aralykda synlap duran adamlara-da üns bermän, özleriniň iýmit aladalary bilen başagaý bolup, suwa çümüp-çykyp ýörýärler. Olaryň tiz-tizden suwa çümüp, ussatlyk bilen ýüzüşleri, suwuň jümmüşinden ownuk balyjaklardyr leňňeçjikleri agyzlaryna alyp, ýene-de suwuň ýüzüne çykyşlary ünsüňi özüne çekýär. Bu guşlar uly ýaşly adamlaryň-da, çagalaryň-da iň eý görýän guşlarynyň biridir.

Gözellige baý jülge

Sumbar jülgesiniň täsin tebigaty bar. Sumbar derýasynyň iki kenaryndaky Ýollydere, Aýdere, Pordere ýaly dereleriň gözellikleri, ösümlik we haýwanat dünýäsi bu ýere gelen adamlaryň kalbynda ýakymly täsirleri oýarýar. Özüniň gözbaşyny Daýna obasynyň gündogaryndan alyp gaýdýan Sumbar derýasy şu günler joşup akýar. Bu görnüşe babadaýhanyň göwün guşy al-asmana göterilýär. Çünki derýa bol suwly bolsa, daýhanyň hasylynyň oňat, saçagynyň bereketli boljakdygynyň kepilidir.

Miwesi datly agaç

Güýz paslynda ýetişip, gyşda saçaklarymyzy bezeýän gök önümler, datly miweler az däl. Şeýle datly miweleri boldan getirýän baglaryň biri-de nar agajydyr. Nar agajy welaýatymyzyň Magtymguly, Etrek etraplarynda gowy ýetişýär. «Gözel Sumbaryň nary» diýlip goşguda waspy ýetirilen datly miwäni ösdürip ýetişdirýän babadaýhanlarymyzyň çekýän zähmeti ýerine-de düşýär. Narlaryň tagamy süýji, turşy, turşumtykdyr. Olar däneli, ýumşak däneli we dänesi çigitsiz görnüşinde bolýar. Welaýatymyzda däneli we ýumşak däneli narlar has giňden ýaýrandyr. Ýuka gabykly nar ýumşak däneli bolup, sowuga çydamsyz bolýar. Ony howa sowap başlanyndan sowuk urýar. Şonuň üçin ol maýyl sub- tropiki ýerlerde ekilýär. Dänesi çigitsiz nar welin seýrek duş gelýär.

Biler bolsaňyz

Pyşbaga iň haýal ýöreýän jandar hökmünde hemmelere mälimdir. Çarlz Darwin ýörite synag edip, pyşbaganyň çaltlygyny hasaplanda, ol bir sagadyň dowamynda 300 metr ýol geçipdir. *  *  *

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine, jemgyýetimizde tertip-düzgüni berkitmek, degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly wezipelere we bu ugra degişli beýleki birnäçe wajyp meselelere garaldy. Mundan başga-da, harby düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, Garaşsyz döwletimizde mundan beýläk-de howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek boýunça olaryň alyp barýan işlerini kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen, general-maýor Durdyýew Şadurdy Amanmuhammedowiç, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy — Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesinden boşadyldy. *  *  *

Sanly bank hyzmatlary döwrebaplaşdyrylýar

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, bank ulgamynda hem sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bank amallarynyň sanlylaşdyrylmagy diňe bir müşderilere edilýän hyzmatlaryň möçberlerini artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň hilini ýokarlandyrmaga we sarp edilýän wagty tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi ykdysadyýetiň ösmegine has-da güýçli itergi berdi. Şunlukda, ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bank kartlary boýunça milli we halkara töleg ulgamynyň gerimini giňeltmek, öňdebaryjy tehnologiýa esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary has-da ýaýbaňlandyrmak ugrunda oňyn netijeler gazanyldy.

Kanunlar mähriban halkymyzyň bähbidine

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň hukuk binýady gün-günden kämilleşýär, täze kanunlar kabul edilýär. Olaryň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň has-da ýokary depginler bilen ösmegine we raýatlarymyzyň kanuny taýdan goraglylygyna oňyn täsirini ýetirýär.      «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanuny administratiw edaralar tarapyndan administratiw namalaryň kabul edilmegi, ýerine ýetirilmegi ýa-da ýatyrylmagy bilen bagly alnyp barylýan işiň hukuk esaslaryny, ýörelgelerini we önümçiligiň düzgünlerini özünde jemleýär. Administratiw edaralara ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, şeýle hem administratiw namalary kabul etmäge hukuk berlen ygtyýarly şahslar degişlidir. Kanunylyk we kanunyň öňünde deňlik administratiw önümçiligiň alnyp barlyşynyň esasy ýörelgeleridir. Şol sebäpden administratiw edaralar administratiw önümçiligi öz ygtyýarlygynyň çäginde hem-de ýurdumyzyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyryp, taraplaryň deňhukuklylygynyň goralmagyny üpjün etmäge borçly bolup durýarlar. Şu Kanunynyň 8-nji maddasyna laýyklykda, her bir şahsyň özüniň hukuklary we kanuny bähbitleri bilen gönüden-göni bagly bolan meseleler boýunça administratiw edara ýüz tutmaga, haýyşnama bildirmäge ýa-da maglumat almaga hukugy bardyr. Administratiw edara bolsa ýüz tutmalar boýunça kesgitli hukuk netijelere geti

Göwünlere ganat berýär her jümlesi, her sözi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jöwher zehininden dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitap bu gün diňe bir kitap tekjelerimizde däl-de, eýsem, ýüreklerimizde hem mynasyp orun eýeleýär. Halkymyzyň gadymdan gelýän mizemez ruhy ýörelgelerini, asylly däp-dessurlaryny açyp görkezýän bu ajaýyp eseriň her jümlesi, her sözi göwünlere ganat berýär. Ol milli gymmatlyklarymyzyň has-da rowaçlanmagynda, ösüp gelýän ýaş nesliň kalbynda watansöýüjilik, ynsanperwerlik, belent adamkärçilik duýgularynyň ösmeginde aýratyn uly ähmiýete eýedir. ªonuň üçinem kitabyň taryhy ähmiýetini, çuňňur many-mazmunyny giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler täsirliligi bilen tapawutlanýar. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramagynda Berkarar döwletimiziň bagtyýar zenanlarynyň hem-de kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalarynyň arasynda geçirilýän «Gahryman Arkadagyň kitaby umumadamzat gymmatlygydyr» atly bäsleşigi şeýle çäreleriň hatarynda görkezmek bolar. Bäsleşigiň Gumdag şäher tapgyry hem ýokary ruhubelentlige beslendi. Oňa şäheriň edara-kärhanalarynda, okuw mekdeplerinde zähmet çekýän zenanlar işjeň gatnaşdylar. Olar eserden bir parçany labyzly okamak, rowaýatlary sahnalaşdyrmak hem-de kitabyň özlerinde galdyran täsirleri barada ýürek buýsançlaryny çeper beýan etmek boýunça ukyp-başarnyklaryny gör