"Balkan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Balkan welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Balkanabat şäheri, 145-nji ýaşaýyş jaý toplumy, 1
Telefon belgileri: 6-37-06, 6-07-92, 6-07-96
Email: balkan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Geçmişe gaýybana syýahat

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda röwşen geljegi nazarlaýan eziz Watanymyzda ýaşlar barada uly aladalar edilýär. «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ata Watanymyzyň taryhyny ýaşlaryň içgin bilmeklerini gazanmak hem möhüm meseleleriň biri bolup, bu ugurda muzeýleriň, şol sanda mekdep muzeýler iniň orny, ähmiýeti uludyr. Biziň mekdebimizde hem taryh muzeýi ýerleşip, oňa mekdep okuwçylary bilen guralýan gezelençler ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Okuwçylar bu ýerde goýlan gymmatly taryhy tapyndylar bilen ýakyndan tanyş bolup, tejribeli taryh mugallymlarynyň we muzeý işgärleriniň gürrüň bermeklerinde halkymyzyň şöhratly geçmişine içgin aralaşýarlar. Ata-babalarymyzyň orta asyrlardaky durmuş şertleri bilen muzeýdäki eksponatlaryň üsti bilen tanyşmak, elbetde, ýaş nesilde uly täsir galdyrýar.

Saglygymyz öz elimizde

Köpçülik ýerlerinde daş-töwerekdäki adamlar bilen 2 metrden az bolmadyk howpsuz araçägi saklamaly. Agyz-burun örtüklerini dakynmaly.

Nebitgaz toplumynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak möhüm wezipedir

2-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada gürrüň ediljekdigini aýdyp, durmuşa geçirilýän energetika syýasatynyň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynyň yzygiderli ösüşe eýe bolandygyny belledi. Täze nebitli-gazly ýataklar açylyp, ulanmaga berilýär, nebitgaz önümlerini gaýtadan işleýän täze kuwwatlyklar gurlup, halkara taslamalar durmuşa geçirilýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Umumadamzat gymmatlygy

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Gahryman Arkadagyň kitaby umumadamzat gymmatlygydyr» atly bäsleşigiň Balkanabat şäher tapgyry geçirildi. Welaýat kitaphanasynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby esasynda geçirilen bäsleşige dürli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar. Milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby has içgin öwrenmegi, onuň terbiýeçilik ähmiýetini wagyz etmegi, kitabyň üsti bilen halkymyzyň asylly ýol-ýörelgeleriniň, milli ruhy gymmatlyklarymyzyň ähmiýetini, halypa-şägirtlik ýolunyň dowam etdirilmegini, türkmen gelin-gyzlarynyň edep-ekramlylygyny hem-de eziz Diýarymyzyň dünýä nusgalyk ösüşlerini wagyz etmegi maksat edinen bäsleşige gatnaşanlar ýurdumyzyň ösüşlerini buýsanç bilen wasp etdiler. Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabyndan bir parçany labyzly okadylar. ªeýle-de eserde beýan edilen rowaýatlardan, wakalardan pursatlary sahnalaşdyrdylar. Kitabyň özlerinde galdyran täsirini çeper sözler bilen wasp etdiler, aýdymyň, dessanyň, goşgynyň, gazalyň üsti bilen ajaýyp eseriň waspyny ýetirdiler.

Kalbymyzyň aýdymy

Garaşsyzlyk türkmen halkyny diňe bir milli bitewülige däl, ruhy bitewülige-de eýe etdi. Bu mukaddeslik biziň her birimiziň kalbymyzyň aýdymyna öwrüldi. Garaşsyz ýurduň raýaty, ýurtda bolýan şeýle beýik özgerişleriň gözli şaýady bolmagyň özem uly bagtdyr. Taryh üçin uzak bolmadyk döwrüň içinde eziz Diýarymyzda döwlet we jemgyýetçilik gurluşy kämilleşdirildi, giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler amala aşyryldy. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde jemgyýetiň durnuklylygynyň we abadançylygynyň, onuň dowamly ösüşiniň we hemmetaraplaýyn gülleýşiniň esaslary pugtalandyrylýar.

Işler sazlaşykly guralýar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň milli ykdysadyýetiniň möhüm pudagy bolan oba hojalygyny düýpli galkynyşa eýe edýän Arkadag Prezidentimiziň ýurdumyzda güýzlük bugdaýa ideg etmek, öňde duran ýaz-meýdan işlerine ykjam taýýarlyk görmek barada beren anyk görkezmelerinden ugur alnyp, welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň baharynda geçiriljek gowaça ekişi üçin ýerleri taýýarlamak işleri agrotehniki kadalara laýyklykda amala aşyrylýar. Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Serdar we Bereket etraplaryndaky tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda gowaça ekişi üçin ýerleri taýýarlamagyň häzirki depgini welaýatymyzyň pagtaçy daýhanlarynyň şu ýyl hem öz öňlerinde goýan asylly maksatlaryna ýetjekdiklerine ynam döredýär. Tehnikanyň daýhanyň daýanjydygyna göz ýetirýän mehanizatorlar şu ýylyň ýazynda welaýat boýunça gowaça ekiljek 10 müň gektar meýdanda sürüm geçirmek işlerini üstünlikli tamamladylar. Häzir topragy owratmak we ýerleri tekizlemek işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Bu işde hormatly Prezidentimiziň satyn alyp beren kuwwatly traktorlarynyň 220-si iki çalşykda bökdençsiz işledilýär. Ýangyç-ýaglaýyş serişdeleriniň we ätiýaçlyk şaýlarynyň ýeterlik möçberde bolmagy işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berýär.     

Okuw maslahaty geçirildi

Üstümizdäki ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde dürli mazmunly çäreler giňden ýaýbaňlandyryldy. “Burnebitgazhyzmat” müdirliginiň tehniki wagyz ediş we durmuş maksatly hyzmatlar merkezinde saýlaw möwsüminde geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda guralan okuw maslahaty hem şolaryň biridir. Oňa Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topardan, welaýat saýlaw toparyndan wekiller hem-de welaýat halk maslahatynyň başlygy, agzalary, etrap, şäher halk maslahatlarynyň başlyklary, olaryň orunbasarlary gatnaşdylar. Işjeň ýagdaýda geçen okuw maslahatynyň dowamynda öňümizde boljak jemgyýetçilik-syýasy çäräni guramaçylykly geçirmek baradaky meselä aýratyn üns berildi, saýlaw kanunçylygyna laýyklykda saýlaw möwsüminde alnyp barylmaly işler, degişli resminamalary ulanmagyň tertibi, saýlawlary guramagyň beýleki kanunçylyk düzgünleri babatda giňişleýin gürrüň edildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde täze, iki palataly parlament gurluşynyň döredilmeginiň döwlet häkimiýet edaralarynyň netijeli işini üpjün etmekde ähmiýetiniň uludygyny, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda demokratik özgertmeleri çuňlaşdyrmak we

Sanly ulgamyň döwrebap mümkinçilikleri

Sanly ulgamyň dünýä ýüzünde uly tizlik bilen ösýän döwründe ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek boýunça strategik ähmiýetli wajyp wezipeler kesgitlenilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny sanly ykdysadyýete geçirmek bilen baglanyşykly öňde goýýan wezipelerini iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» hereket edýär. Mälim bolşy ýaly, konsepsiýada jemgyýetimiziň ähli düzümlerini sanly ulgama geçirmäge gönükdirilen işleri üç tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Şol esasdan hem, häzirki wagtda ähli ulgamlaryň işini sanlylaşdyrmak möhüm wezipe hökmünde ileri tutulýar. Sanly ulgama geçmek işleri ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şol sanda ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda hem ýokary depginde alnyp barylýar. Bu aýratyn hem aragatnaşyk ulgamynyň mysalynda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Aragatnaşyk ulgamyndaky işleriň kämilleşdirilmegini hemmetaraplaýyn ösüşiň özi talap edýär. Şonuň üçin hem bu ugurdaky işler döredilen mümkinçilikler esasynda görnetin ýokarlandy hem-de sanly ulgama geçmek ýokary derejede dowam edýär. Muňa raýatlarymyzyň elektron hyzmatlaryndan peýdalanmaklaryny, dürli ulgamlar bilen baglylykdaky gatnaşyklarynda internet arkaly töleg, resmileşdirme, aragatnaşyk hyzmatlary ýaly mümkinçilikleri ulanmaklaryny mysal getirme

Tebigaty goramak — möhüm wezipe

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde tebigaty goramak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde Diýarymyzyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak, tebigatyň peşgeş beren baýlyklaryna aýawly çemeleşmek hem-de ekologiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler nusgalyk häsiýeti bilen tapawutlanýar. «Biz keremli daglarymyzy, özboluşly sähralarymyzy, ajaýyp derýalarymyzdyr köllerimizi aýawly we netijeli peýdalanmalydyrys» diýip, milli Liderimiz nygtaýar we bu ugurda asylly başlangyçlara badalga berýär. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagy, «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi, ýurdumyzyň ähli künjekleriniň tokaý zolaklary bilen bezelmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýylyň ähli pasyllarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, degişli çäreler döwlet derejesindäki talaplara laýyk geçirilýär. Pasyllaryň çalyşmagy bilen baglylykda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, pasyllara görä gün tertibini dogry alyp barmaklyk zerur bolup durýar.

Kämil jemgyýetiň binýady

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenbaşy şäher birleşmesi Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň şäher geňeşi bilen bilelikde nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynyň mejlisler zalynda «Zenan edebi — sagdyn  jemgyýetiň binýady» atly duşuşyk çäresini geçirdi. Şäheriň edara-kärhanalarynyň öňdebaryjy zenanlarynyň, mährem eneleriň we talyp gyzlaryň gatnaşmagynda geçirilen çäre Gahryman Arkadagymyzyň çykyşlarynda we dürdäne eserlerinde beýan edilýän kämil ruhy-ahlak ýörelgelerini aýal-gyzlaryň arasynda giňden wagyz-ündew etmeklige bagyşlandy.  Çärede berkarar ýurdumyzda ene sarpasynyň mukaddeslik derejesine göterilendigi, milli ýörelgelerimize eýerýän gender deňligi syýasaty esasynda gyz-gelinleriň jemgyýetimiziň dürli ulgamlarynda zähmet çekmäge hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň bardygy barada gürrüň edildi. Çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlarymyz ýaş nesillere bilim-terbiýe bermekde, sagdyn nesli kemala getirmekde göreldeli zähmeti bilen tapawutlanýarlar, olar medeniýetde, oba hojalygynda, telekeçilikde öz ussatlyklaryny görkezýärler, milli medeniýetimizi dünýä ýaýmakda meşhurlyga eýe bolýarlar diýip, aýratyn bellediler. Şeýle-de, asyrlaryň dowamynda türkmenleriň maşgala ojaklarynyň adamkärçilik, ahlak, edep, görüm-görelde mekdebi bolup, olarda nesiller üçin nusga alarlyk arassa, päk terbiýe ýörelgeler

Kitap oka, öwren, döret!

Kitap adamzat ýaşaýşynyň aýrylmaz bir bölegi bolup, maglumatlaryň tükeniksiz çeşmesidir, geçmişi geljek bilen birleşdirýän köprüdir, beýik akyldarlaryň, danalaryň, parasatly gojalaryň... dürdäne setirlerinden döräp, bize terbiýe sapagyny berýän, basgançaklary gutarmaýan beýik bir ymaratdyr. Durmuşda dogry ýoly salgy berýän dost kitapdyr. Ol bilimiň çeşmesi bolup hyzmat edýär, dünýägaraýşyň giňemegine täsir edýär. Ynsan kitap okamakdan ruhy lezzet alýar. Adamzat durmuşynda iň möhüm serişdeleriň biri bolup durýan kitap seni dünýäniň meşhur adamlary, alymlary, ýazyjylary, suratkeşleri, kompozitorlary... bilen duşurýar, dürli ylymdan ders berýär. Ol hiç wagt garramaýar, hemişe juwan, hemişe seniň gullugyňa häzir wepaly bir hyzmatkärdir. Sen haýsy döwrüň taryhyndan, haýsy milletiň ykbalyndan heň buýursaň, kitap seniň arzuwyňy ýerine ýetirýän, armany-ýadamany bilmeýän, aýdym aýdyp, saz çalyp berýän hoşowaz bir bagşy ýalydyr. Biz kitap okaýarkak, ýörejek ýolumyzy saýgarýarys, durmuşda ýalňyşmazlygy, ýalňyşanlary bagyşlamagy, özgeleriň ýalňyşlaryndan hemişe netije çykarmagy, kanagatly, sabyrly, geçirimli bolmagy öwrenýäris hem-de haýsy ugurda üstünlik gazanjakdygymyza göz ýetirýäris. Ol biziň öz duýgy-düşünjelerimizi, pikirlerimizi, garaýyşlarymyzy seljermäge kömek edýär.

Dürler hazynasy

Halkyna baky bagty peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen kitaphana ulgamy ösen derejelere ýetirildi. Döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän bitewi elektron kitaphana ulgamy döredildi. Bu bolsa röwşen geljegimiz bolan ýaş nesliň ylymly-bilimli bolmagyna, dünýägaraýşynyň ýokary derejede ösmegine ýardam berýär. Merdana halkymyz gadymy döwürlerden bäri kitaplara aýratyn gymmatlyk hökmünde seredipdir. Taryhymyza ser salsak, Merwde, Köneürgençde birnäçe gadymy kitaphanalaryň bolandygyna göz ýetirýäris. Bu kitaphanalarda juda gymmatly kitaplar saklanypdyr hem-de olar ylmyň we medeniýetiň merkezi hasaplanylypdyr.

Ýörelgämiz — sagdyn durmuş

Şeýle at bilen «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň tehniki wagyz ediş we durmuş maksatly hyzmatlar merkezinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. TMÝG-niň Balkanabat şäher geňeşiniň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen çärä il sylagly ýaşulular, mährem eneler, dürli kärde zähmet çekýän hünärmenler, ýaşlar gatnaşdylar. Ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmaklaryny gazanmak, olarda ata-enäni, ulyny sylamak, lebzihalallyk, ynsaplylyk, ahlaklylyk ýaly asylly häsiýetleri terbiýelemek hem-de ýaramaz endikleriň ynsan saglygyna we jemgyýete ýetirýän zyýanyny düşündirmek maksady bilen geçirilen çärede edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ähli ugurlarda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanýandygy, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, päk ýürekden zähmet çekmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigi bellenildi. Ýaşlaryň ýaramaz endiklerden daşda durup, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermelidigi ündeldi.

Bilimli nesil kuwwatly Watanymyzyň daýanjydyr

Berkarar ýurdumyzda ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlenendir. Hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda ylym-bilimden paýly, giň dünýägaraýyşly ýaşlaryň kemala gelmegi ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzyň gülläp ösüşiniň berk binýady bolan ylym-bilim ulgamyny ösdürmeklige, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Bularyň aňyrsynda dana pederlerimiziň asyrlar aşyp gelýän watansöýüjilik, parasatlylyk ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän, bilimli, ylymly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek baradaky aladalar jemlenendir. Sebäbi ylymly, sagdyn, ruhubelent ýaşlar Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň daýanjydyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda kabul edilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ylym-bilim, ösen tehnologiýalar bilen düýpli gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykarmak, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, bedew batly ösüşlerimize mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete söýgini terbiýelemek baradaky maksatlardan ugur alýar. Täze taryhy döwürde ýaş nesliň bilim almaga bolan hukuklaryny üpjün etmek, olara berilýän bilimiň dü

Mähremlik

Mylaýymlyk, mähremlik, göwündeşlik, sypaýylyk — goşgy ysly, gulaga juda hoş ýakýan sözler. Bularyň aňyrsynda türkmeniň aýratyn üns berýän adamkärçilik diýen düşünjesi dur. Il-gün islendik adamy şu düşünje boýunça saldarlap görýär, baha berýär. Adam ýagty jahanda ýaşap ýörkä, durmuş ýollarynda örän köp kişi bilen sataşýar. Olaryň arasynda merdi-de, namardy-da bardyr. Ýöne adamyň ýasawy şeýledir: ol özüniň ädimini sanap gezen bigänäni ýatlap ýörmez — şonuň derejesine çenli peselmegi kiçilik biler; emma özüne gadyrly garan, ýagşylyk eden ynsany weli, hergiz, unutmaz. Men şu ýerde şahyr Kerim Gurbannepesowyň ýatlamasyny mysal getirmegi makul bildim: «Bir gezek Gara Seýitliýew bilen Bakuwda bolanymyzda, myhmanhananyň peçleri wagtlaýyn işlemeýän eken. Gije örän sowuk boldy. Her haýsymyz otagyň bir tarapynda ýeke gat odeýalyň aşagynda oýaly-ukuly çugutdyryp ýatyrdyk.

Arizona tolkuny

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň demirgazygynda ýerleşýän daglar adaty daglardan tapawutlanýarlar. Çägeden we daşdan ybarat gaýalaryň şekilleri täsindir. Daglar dürli reňkleri bilenem haýran galdyrýar. Tolkun şekilli gaýalar daş gatyşykly çäge deňzini ýadyňa salýar. Olar “Arizona tolkuny” diýlip atlandyrylýar. Uzak ýyllaryň dowamynda ýagan ýagşyň güýçli akymlary we beýleki tebigy hadysalar dag jynslaryny taraşlap, öz möhürlerini goýupdyr. Mundan başga-da, gaýalaryň ýüzünde dürli nagyşlar emele gelipdir. Tebigatyň gaýtalanmajak keşbini saklamak üçin bu ýerlerde adam elleri bilen gurlan ýollar, binalar ýok. Daglaryň käbir ýerlerinde ösümlikler asla duş gelmeýär. Garaguşlardan, içýanlardan, kelpezelerden başga haýwanlara gabat gelmek kyn. Dagyň ýüzüne nagyş çeken tolkunlar ençeme kilometre uzalyp gidýär. Hünärmenler daglardaky tolkunly şekilleriň, takmynan, 190 million ýyl mundan ozal dörändigini aýdýarlar.

Özbek nakyllary

Goňşyň toý etse, sen-de gapyňy açyp goý. *  *  *

Myhman hormaty

Myhmany ugradyp, öýi süpürmek — Türkmeniň däp-dessurynda bolanok.«Ugran myhman öýne ýetsin sag-aman»Diýip, aýal öýe sübse çalanok. Menem hezzet-hormatyny ýetirip,Myhmanyn ýap-ýaňy ugradan kişi.Bir çäýnek gök çaýy öňüme alyp,Käsä guýýan.Görsem, uly bir boýçy!

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

29-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi.