"Balkan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Balkan welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Balkanabat şäheri, 145-nji ýaşaýyş jaý toplumy, 1
Telefon belgileri: 6-37-06, 6-07-92, 6-07-96
Email: balkan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bilim ulgamyndaky nusgalyk işler

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygynyň bilimdigini aýratyn nygtaýar. Bu hakykat Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň üstünliklere beslenýän bilim özgertmeleriniň çuňňur mazmunynda hem mynasyp beýanyny tapýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly başlangyçlaryndan gözbaş alýan bilim özgertmeleriniň baş maksady bolsa, ýurduň daýanjy bolan ýaş nesliň hil taýdan dünýä ülňülerine laýyk bilim we ylym almaklaryny gazanmakdan ybaratdyr. Munuň özi berkarar Diýarymyzyň ähli ugurlarda okgunly ösüşini üpjün etmegiň esasy şertleriniň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda islendik döwletiň ykdysady kuwwatynyň diňe bir tebigy baýlyklary bilen däl-de, eýsem, ýetişdirip bilýän kämil nesilleri bilen kesgitlenýändigini nygtamagy hem şunuň bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şonuň üçin milli bilim ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek esasy üns berilýän ugurlaryň biridir. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen kabul edilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy bilim ulgamyndaky düýpli özgertmeleriň binýadyny berkitdi. Bu resminama täze taryhy eýýamda bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryn

Sagdynlyk — bagtyýarlygyň sakasy

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesi barha rowaçlanmak bilen, sporty we bedenterbiýäni hemişelik hemrasyna öwürýän ýaşlar kemala gelýär. Halkymyzda ähli döwürlerde hem nesiller sagdyn durmuş ýörelgeleri esasynda terbiýelenipdir. Berk bedenli, gujur-gaýratly, sagdyn nesil baradaky alada ileri tutulypdyr. Taryha nazar aýlanymyzda, hereketli çaga oýunlarynyň döredilmegi çagalary durmuşa taýýarlamagy maksat edinen özboluşly sagdynlyk mekdebi bolup hyzmat edipdir we olarda berk bedenliligi, sagdynlygy, çalasynlygy terbiýeläpdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetiň sagdynlygy ýurdumyzyň ösüşi, halkymyzyň bagtyýarlygy, eşretli durmuşda ýaşamagy ugrundaky tagallalar bilen utgaşýar. Bu ugurda amala aşyrylýan tutumly işler munuň aýdyň subutnamasydyr. «Bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi netijesinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala getirilmegi we sportuň dabaralandyrylmagy milli taglymata, adamlary birleşdirýän hem-de eziz Diýarymyzyň okgunly ösüşine ýardam berýän kuwwatly jebisleşdiriji güýje öwrüldi» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzda raýatlaryň saglygynyň goralmagyna, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesiniň emele getirilmegine we ornaşdyrylmagyna gönükdirilen tutumly işler demokratik, hukuk, düný

Çagany — ýaşdan, edebi — başdan

Çagalaryň kalbynyň, hakydasynyň ak kagyz ýaly arassadygyny hemmämiz bilýäris. Çaga näme öwretseň, ol şony hem kabul edýär. Şonuň üçin ata-babalarymyzdan miras bolup gelýän asylly ýörelgelere berk eýerýän halkymyz çaga terbiýesine örän çynlakaý çemeleşýär. Bu işde ilki ata-enäniň, soň ony gurşap alýan jemgyýetiň ähmiýeti örän uludyr. Şol sebäpli hem biziň ýurdumyzda watansöýüji, bilimli, giň dünýägaraýyşly nesilleri kemala getirmek üçin örän uly işler amala aşyrylýar. Çaga terbiýesiniň ilkinji binýady maşgalada goýulýar. Merdana halkymyzyň aňyrdan gelýän ýaşaýyş-durmuş kadalary haýsy maşgalada göwnejaý berjaý edilse, şol öýde hemmetaraplaýyn sagdyn, halal, päkize, ilhalar nesil ýetişýär. Terbiýeçilik işi ululardan pähim-parasatlylygy, oýlanşyklylygy talap edýär. Maşgala terbiýesi ýaşlary taplaýar we kämillik ýoluna atarýar. Halkymyzyň ula hormat goýmak, kiçini sarpalamak baradaky maşgala edebi nesilden-nesle geçip, häzirki günlerde hem berk berjaý edilýär. Bu asylly ýörelgelere eýermekligi ýaş nesillerimize çagalykdan endik etdirilýär.

Rubagylar

Zähmet çekip bezär her gelen pasly,Bu meniň ilimiň hünäri, kesbi.Çeşmeleň gözbaşdan bat alşy ýaly,Beýik iş bitirýär beýikleň nesli.*  *  *Toprakda rysgal bar, toprakda aýdym,Ol meniň ýazylan, ýazmaly bendim.Onuň bilen bagtly bolup bilersiň,Berjaý edip bilseň sargydyn, pendin.*  *  *Bu durmuş ugradar saga, kä çepe,Munda öz ýoluňy saýlagyn, şepe!Özüniň pesligin özi tanadar,Daglaryň dagdygyn bilmese depe.*  *  *Ýol uzak, kim bilýär bu ýerde ýel bar,Ýaz joşsa, otlara görk berýän gül bar.Tebigatyň özi üýtgeşik emin,Bir elinde ýandak, birinde gül bar.*  *  *Ýalana daýansaň, ýykyljagyň hak,Sil deý uzak durman çekiljegiň hak.Çyna daýan eger durmakçy bolsaň,Ýogsa irde-giçde ökünjegiň hak.*  *  *Kerem bardyr ýeriň belent-pesinde,Topragyň ysy bar gülüň ysynda.Oň göwün islegi, süýji arzuwy,Ýaňlanýar aýdymda, guş nagmasynda.*  *  *Otlar güllemese, ýakymly ýaz däl,Ýürekler sarsmasa, ol şirin saz däl.Näme bar sährada keýikden sada,Diýmek, sadalaňam duşmany az däl.

Ýolumyz asuda, ilimiz abadan bolsun!

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de welaýat Polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň bilelikde welaýatymyzyň mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň arasynda yglan eden «Ýaşyl yşyk» atly bäsleşiginiň Balkanabat şäher tapgyry geçirildi. 23-nji çagalar bagynda geçen bäsleşikde çagalar baglarynyň terbiýeçileri köçeleriň kesişýän çatryklaryny şekillendirýän maketleri ýasap, şolaryň esasynda ýol hereketiniň düzgünleri barada gürrüň berdiler. Bäsleşikde «Ýaşyl yşyk» mowzugy esasynda sergi guralyp, onda çagalaryň çeken suratlary, ýelimlemek, gurnamak esasynda taýýarlan şekilleri, mowzuk boýunça çagalar baglarynda geçirilen çäreleri beýan edýän görnüşler ýerleşdirildi. Körpeleriň gatnaşmaklarynda guralan sahna oýunlary, olaryň ýerine ýetiren aýdymlary, labyzly okan goşgulary çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy.

«Nebitçiniň» ýeňşi

Futbol Türkmenistanyň milli futbol çempionatynyň 23-nji tapgyrynda Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» toparyny kabul eden Balkanabadyň «Nebitçisi» ýaryşdaky altynjy ýeňşini gazandy. Hasaby 19-njy minutda ýer eýelerinden Myratdurdy Baýramow açdy. 22-nji minutda Serdar Gulyýew balkanabatlylaryň ýeňşe bolan ynamyny has-da berkitdi. Myhmanlaryň jogap pökgüsini 49-njy minutda Yhlas Magtymow öz adyna ýazdyrdy.

Saglyk — beglik

♦Güýz paslynda howanyň durnuklylygynyň üýtgäp durýandygyny nazara alyp, paslyň aýratynlygyna laýyklykda geýniň. ♦Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý ediň.

Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, şeýle hem etrabyň ýaşaýjylarynyň dykgatyna!

Balkan welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Türkmenbaşy etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2024-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda etrap bilim bölüminiň edara binasynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli ilata boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýärler. Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini, işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.

Gara reňkli şaryň hem beýlekilerden kem ýeri ýok

(Tymsal) Kiçijik garaýagyz oglanjyk bazarda şar satýan adama syn edip duran eken. Satyjy çagalaryň — bolup biläýjek kiçijik alyjylaryň ünsüni çekmek üçin, gyzyl reňkli şary göge uçuryp goýberipdir.

Saglygy söýleýän setirler

Hiç iş etmezden sagdyn bolmak isleýän adam edil dymmak bilen öz suhangöýligini ösdürjek bolýan adama meňzeşdir.Plutarh.*  *  *Uzak wagtlap fiziki hereketsizlik ýaly adamy kesele duçar edip biljek howply zat ýokdur.Aristotel.*  *  *Bagtymyzyň esasy bölegi saglyga bagly.Sokrat.*  *  *Bedenterbiýe, ýöremeklik iş ukybyny, saglygyny saklamak isleýän her bir adamyň gündelik durmuşyna berk girmelidir.Gippokrat.*  *  *Saglyk — bu hemme zat däl, ýöne hiç bir zat saglyksyz netijeli däldir.*  *  *Saglygyň dikelmegine bolan umyt sagalmagyň ýarysydyr.Wolter.*  *  *Bedeni berkitmek üçin edilýän maşklar köp dermandan güýçlüdir, aslynda, hiç bir derman şol maşklaryň ornuny tutup bilmez.A. Mosso.*  *  *Iň sagdyn we owadan adamlar bolgusyz zatlara gahary gelmeýän adamlardyr.G. Lihtenberg.

Dumly-duşdan dürli-dümen

Köpürjik şekilli buzlar Ajaýyp tebigy keşbi bilen tapawutlanýan Baýkal köli täsinlikleriň jemlenen ýeridir. Onda emele gelýän köpürjik buzlary kölüň ajaýyp aýratynlyklarynyň biridir. Her ýylyň has sowuk döwürlerinde kölüň dury suwunda dürli diametrde köpürjik görnüşli ak buzlar emele gelýär. Olar metan köpürjikleridir. Kölüň saý suwlarynda ösýän suwotular metan gazyny çykarýarlar. Olar howanyň sowuk wagtlarynda ýokarda doňýarlar we biri-biriniň yzyndan zynjyr ýaly düzülip, buz bölejiklerini emele getirýärler we aşakdan ýokary 1,5 metre çenli uzalyp gidýärler. Şunuň ýaly ýagdaýlara noýabr, dekabr aýlarynda syn etmek bolýar. Şonda kölüň ýüzüne ak sapakdan tegelek nagyş çekilen ýaly bolýar. Olar her ýyl kölde emele gelýän ýerlerini üýtgedip durýarlar.

Çäksiz buýsanja beslendi

Welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň guramagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň döwrüň talabyna görä günsaýyn özgerip, barha kämilleşýän milli demokratiýasynyň özboluşly bir täsin nusgasydyr» atly söhbetdeşlik  geçirildi. Onda  eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmak, milli demokratik ýörelgelerimizi, abadan we bagtyýar durmuşy üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilýän beýik işler dogrusynda söhbet edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş sözleri aýdyldy.

Hereketiň sazlaşygy — ak ýollaryň ýaraşygy

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, welaýat Polisiýa müdirligi, Balkanabat şäheriniň polisiýa bölümi bilen bilelikde şäherdäki 25-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda  «Hereketiň sazlaşygy — ak ýollaryň ýaraşygy» diýen at  bilen wagyz-nesihat çäresini geçirdi.  Ýaşlaryň, çagalaryň arasynda ýol hereketiniň düzgünlerini wagyz etmek, olaryň bu ugurdaky düşünjelerini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen çärede çykyş edenler ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmekligiň ynsan saglygyny, ömrüniň rahatlygyny goramakda möhüm ähmiýete eýedigi barada gürrüň etdiler. «Ýollarymyzyň hemişe asuda bolmagy biziň özümize baglydyr. Köçelerde, ýollarda hereket etmegiň düzgünlerini dürli usullardan, tärlerden peýdalanyp, çagalara öwretmegimiziň olaryň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmekde mynasyp orny bardyr» diýip, çykyş edenler belläp geçdiler.

Çekeleşikli geçen ýaryş

Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň, Türkmenistanyň Milli şaşka merkeziniň, welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, welaýat ýöriteleşdirilen şaşka sport mekdebiniň bilelikde sportuň şaşka görnüşi boýunça geçiren ýaryşy örän çekeleşikli boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen bu ýaryşa saglygy goraýyş işgärleri gatnaşyp, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Ýaryşda öňe saýlanyp ýeňiji bolanlara Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

Wagyz-nesihat çäresi

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gyzylarbat etrap komiteti beýleki jemgyýetçilik guramalary,  etrabyň polisiýa bölümi bilen   bilelikde welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde okaýan talyplaryň arasynda «Ýollarymyz asuda, illerimiz aman bolsun!» atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Onda çykyş edenler biraýlygyň dowamynda guralýan wagyz-ündew işleriniň ýollarda howpsuz hereketi üpjün etmekde uly ähmiýete eýedigi, awtoulag sürüjileri bilen bir hatarda, pyýada ýolagçylaryň hem elmydama ünsli bolmaklydyklary, ýol hereketiniň düzgünlerini pugta  berjaý etmelidikleri barada gürrüň etdiler.

Sagdynlyk — baş ýörelgämiz

Türkmenbaşy etrabyndaky 1-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň  etrap geňeşi bilen bilelikde mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda wagyz-ündew çäresini geçirdik. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhy taýdan baý, beden taýdan kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, olarda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek endiklerini ösdürmek, zyýanly endiklerden daşda durmak barada gürrüň edildi. Çärede çykyş eden ýaşlar özlerine bildirilýän ynamy ödemek üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryny nygtap, munuň üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar.

Gatnaşyklary pugtalandyrmakda täze, möhüm tapgyr

17-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen Astanada geçirilýän ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyndaky ýokary derejeli ikinji duşuşykdaky ÇYKYŞY

(Astana şäheri, 2024-nji ýylyň 17-nji sentýabry) Hormatly jenap Federal Kansler! Hormatly Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary! Hanymlar we jenaplar! Wekiliýetleriň agzalary!

Hormatly Prezidentimiziň Germaniýanyň Federal Kansleri bilen duşuşygy

17-nji sentýabrda Gazagystan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilýän «Merkezi Aziýa — Germaniýa» formatyndaky ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ynanyşykly we özara hormat goýmak esasynda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz german kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

17-nji sentýabrda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen Gazagystanyň paýtagtynda geçirilýän ikinji duşuşygyna gatnaşýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow german işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Ýygnananlar GFR-iň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen birnäçe geljegi uly ugurlarda däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, şeýle ýokary derejedäki gyzyklanmanyň köpýyllyk bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesi, döwletimizde daşary ýurtly işewürler üçin döredilýän amatly mümkinçilikler bilen şertlendirilendigini bellediler.