"Balkan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Balkan welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Balkanabat şäheri, 145-nji ýaşaýyş jaý toplumy, 1
Telefon belgileri: 6-37-06, 6-07-92, 6-07-96
Email: balkan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan — Malaýziýa: dostlukly gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypa

19-njy dekabrda Malaýziýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda gepleşikler geçirildi. Şol gün ir bilen döwlet Baştutanymyz motosikletçiler kerweniniň ugratmagynda Putrajaýa şäherinde ýerleşýän Hökümet binasyna — Perdana Putra geldi.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA

1. Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri hormatly Dato Seri Anwar bin Ibrahimiň çagyrmagy boýunça 2024-nji ýylyň 18-19-njy dekabrynda Malaýziýa resmi sapary amala aşyrdy. 2. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa ilkinji sapary Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky berk gatnaşyklaryň tassyklanmasy bolup durýar. 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan başlap, iki döwlet gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Nebitgaz senagaty babatda hyzmatdaşlygyň netijesinde gatnaşyklar has-da pugtalandy. Bu bolsa iki ýurt üçin hem örän möhüm bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy

19-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gyş paslynyň säheriniň irki pursatlarynda Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumyny gurmak üçin meýilleşdirilýän ýere geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljak binalar toplumynyň taslamalary bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri gyş paslynyň tenekar howaly ir säherinde Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumynyň gurulmagy meýilleşdirilýän ýerine geldi. Türkmenistanyň içeri işler ministri M.Hydyrow Gahryman Arkadagymyza Awtomobil sport toplumynyň binalarynyň taslamalarynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky ÇYKYŞY

(Putrajaýa şäheri, 2024-nji ýylyň 19-njy dekabry) Hormatly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri! Hanymlar we jenaplar!

Sport — sagdyn durmuş ýörelgesi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap geňeşiniň hem-de etrap bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde  guramagynda «Sport — sagdyn durmuş ýörelgesi» diýen at bilen sportuň şaşka, küşt görnüşleri boýunça geçirilen ýaryş çekeleşikli boldy. Gyzykly pursatlara baý bolan ýaryşa etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlardan düzülen toparlar  gatnaşyp, ökdeler öňe saýlandylar. Olara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Bildirişler

Balkanabat şäher salgyt bölümi tarapyndan 2022-nji ýylda Gülşat Sapardurdyýewna Hojaberdiýewanyň adyna berlen A 0049485 belgili hususy telekeçiler tarapyndan girdeji salgydynyň bellenen ululygynyň tölenendigine şaýatlyk edýän tassyknamanyň ýitirilendigini habar berilýär.***Gyzylarbat etrabynyň Paraw obasyndaky 12-nji orta mekdep tarapyndan 2005-nji ýylda Döwletmyrat Nedirowiç Arazowyň adyna berlen A 0599447 belgili orta bilim hakynda şahadatnamanyň ýitirilendigi habar berilýär.***Gyzylarbat etrabynyň ýaşaýjysy Nurbibi Amangylyjowanyň öýüniň kitapçasynyň ýitirilendigi habar berilýär.***Balkanabat şäher salgyt bölümi tarapyndan 2023-nji ýylda Merettäç Nurjanowna Uşakowanyň adyna berlen 0021342 belgili hususy telekçi hökmünde döwlet belligine alnandygy baradaky şahadatnamanyň, 0053432 belgili fiziki şahsyň salgyt töleýji hökmünde hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamanyň ýitirilendigi habar berilýär. ***“Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi tarapyndan 2016-njy ýylda Gülaýym Annamämmedowna Hojaýewanyň adyna berlen A 288878 belgili diplomyň ýitirilendigi habar berilýär.***Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy Hemra Annataganowiç Gorganowyň TM 0774052 belgili sürüjilik şahadatnamasynyň, awtoulagynyň tehniki pasportynyň, guratlyk hatynyň ýitirilendigi habar berilýär.***Döwlet balyk goraýyş we

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy

Aşgabat — Kuala-Lumpur, 18-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Malaýziýa ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, gyzyklanma bildirýän döwletleriň ählisi bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda başyny başlan strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýär.

«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» ýapon dilinde

18-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň çuň many-mazmunly bu eseri durmuş ulgamynyň dürli ugurlarynda ajaýyp üstünlikleri gazanýan we eziz Watanymyzyň gülläp ösüşlerine mynasyp goşant goşýan türkmen ýaşlaryna bagyşlanýar. Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärä paýtagtymyza sapar bilen gelen «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary-da çagyryldy. Ozal habar berlişi ýaly, paýtagtymyzda degişli komitetiň 15-nji mejlisi geçirildi.

Rowaçlyga beslenýän belent maksatly tutumlar

16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Özara bähbitli ykdysady gatnaşyklar ösdürilýär

16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýy kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmanyň şu gezekki saparynyň çäklerinde geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisiniň iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi hem-de mejlisiň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Şöhrata hem ösüşe beslenýän döwür

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň abraý-mertebesiniň, şan-şöhratynyň hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen Ýer ýüzünde barha belende göterilýändigine, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gitdigiçe ýokarlanýandygyna biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygar astynda uly ösüşlere beslenýän ýylynyň dowamynda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň netijesinde hem aýdyň göz ýetirýäris. Tamamlanyp barýan ýylda döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, şonuň bilen birlikde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen uly ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylýandygy, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň üpjün edilýändigi döwrümiziň ajaýyp hakykatydyr. Üstümizdäki ýylda ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň ýurdumyzyň çar künjeginde ýokary depginde dowam etdirilmegi guwandyryjydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýän şanly wakalar 2024-nji ýylyň bütin dowamynda durmuşymyzyň, döwrümiziň bezegine öwrülip, olar zähmetsöýer halkymyzda egsilmez hoşallyk duýgularyny d

Bagtyýarlygyň we berkararlygyň ýoly

Ýurdumyzyň bedew batly ösüşleri mukaddes Garaşsyzlygymyzdan, baky Bitaraplygymyzdan gözbaş alýar. Her bir işde bu goşa mukaddeslik güýç-kuwwat, ylham berýär. Bu gün ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan asylly ýörelgelerine daýanýan içeri we daşary syýasatymyzda gazanýan üstünliklerimiziň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan belent ykrarnama mynasyp bolmagy ata Watanymyzyň ösüşli menzillerde alyp barýan ynsanperwer we parahatçylyk söýüjilikli işleriniň dünýä ähmiýetlidiginden habar berýär. Olar halklaryň bähbidine hyzmat etmek bilen, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak ýörelgelerine esaslanýar. Garaşsyzlyk bilen galkynan, Bitaraplyk bilen beýgelen ýurdumyzyň at-abraýy, şan-şöhraty bagtyýarlyk şuglasyny saçýan ajaýyp zamanamyzda täze belentliklere göterilýär. Munuň özi döwletimiziň Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň biziň gazanýan ähli üstünliklerimiziň, ýeňişlerimiziň binýady bolup durýandygyny görkezýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýolumyz bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr. Geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi berk baglanyşdyryp, biz mundan beýläk-de bu ýol bilen ynamly öňe gideris» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda täze taryhy döwürde amala aşyrylýan işler ýürekleri söýgä hem buýsanja besleýär. Şol söýgi hem buýsanç bilen ädýän ädimlerimi

Aýdyň maksatdan ugur alyp

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda demokratik esaslaryň yzygiderli pugtalandyrylmagyna, halk häkimiýetliliginiň ýörelgeleriniň berkidilmegine, raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu babatda Türkmenistanyň Demokratik partiýasyna aýratyn orun degişlidir. Ol öz iş ugurlaryny ýurdumyzyň döwlet syýasatyny, maksatnamalaryny we hormatly Prezidentimiziň beýik tutumlaryny durmuşa geçirmäge, Garaşsyz döwletimiziň özygtyýarlylygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirýär. Ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitleri halkyň arasynda yzygiderli wagyz-nesihat edip, halk köpçüliginiň işjeňligini artdyrmak, zähmetkeşleri ýokary öndürijilikli we döredijilikli işe höweslendirmek, geljege bolan ynamy, agzybirligi, jebisligi berkidip, mähriban Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize bolan çuňňur söýgini, beýik buýsanjy has-da ösdürip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, syýasy taýdan düşünjeli sagdyn ýaşlary kemala getirmek, ilatyň bähbidini goldap we gorap, agzybirligi üpjün etmek ugrunda giň gerimli işleri alyp barýar. Biz geljekde hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halkymyzyň köpasyrlyk taryhyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek bilen, raýat jemgyýetiniň yzygiderli kämilleşdiril

Eşretli durmuşyň eýeleri

Ähli ugurlarda belent sepgitleri nazarlaýan berkarar Diýarymyzda ýaş nesliň kämil bilim almagy, edep-terbiýeli, watansöýüji şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilen. Döwlet syýasatymyzyň möhüm ugruna öwrülen şeýle köptaraply aladalaryň özeninde çuňňur many-mazmun jemlenendir. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bildirýän belent ynamyna abraý bilen hötde gelmek jogapkärçiligi bizi — ýaşlary ähli ugurlarda yhlasly, döredijilikli we öndürijilikli zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga, pederleriň kämillik mekdebini geçen ruhy-ahlak ýörelgelerimize eýermäge ruhlandyrýar. Bagtyýar ýaşlar ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli artdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksadyna gönükdirilen taryhy özgertmeleriň rowaçlyklara beslenmeginde yhlas-başarnyklaryny orta goýýarlar. Olaryň döredijilikli zähmeti ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy bolan nebitgaz we geologiýa senagatynda, elektroenergetika, himiýa, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk ýaly pudaklarda, oba hojalygynda hem-de beýleki ulgamlarda gazanýan üstünliklerinde mynasyp beýanyny tapýar. Şeýle-de olar döredijilikli pikirlenmegi, ugurtapyjylygy talap edýän telekeçilik işlerinde hem öz başarnyklaryny görkezýärler.

Dünýäde belende galýan mertebe

Parahat, asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşaýan agzybir halkymyzy hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrmak, şöhratly Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da belende götermek ýaly asylly maksat jebisleşdirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerimlerde dowam edýän durmuş-ykdysady özgertmeleriň oňyn netijeleri, umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen taryhy taslamalar, dünýä döwletleri we halklary bilen alnyp barylýan dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklar şeýle asylly maksadyň rowaçlyklara beslenýändiginiň subutnamalarydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly ýörelgelerine berk eýerýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur pähim-paýhas, dünýäniň syýasy-ykdysady ýagdaýyny öňdengörüjilik bilen seljermek arkaly ýöredýän ynsanperwer döwlet syýasaty gazanylýan şeýle üstünlikleriň gözbaşy bolup durýar. Munuň özi ynsanperwer daşary syýasaty gyşarnyksyz ýöredýän ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar ulgamyna we dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmagyny üpjün edýär. Ägirt uly syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim kuwwatyny hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege sarpa goýmaga, deňhukuklylyga hem-de dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga gönükdirmäge mümkinçilik berýär. Berkarar Diýarymyzyň dünýä dolan şan-şöhratyny has-da be

Bitarap Watanymyz — dillerde dessan

Asuda, abadan, Bitarap ýurdumyz hemişe bütin dünýäde parahatçylygy berkitmegiň, birek-birege düşünişmegiň tarapdary bolup çykyş edip gelýär. Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar. Bitarap ýurdumyz dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, halkara hukugyň umumylykda bellenen kadalary esasynda daşary syýasatda oňyn bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, dünýäniň döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etmek ýörelgelerine eýerýär. Parahatçylyk söýüjilik, adalatlylyk we ynsanperwerlik, agzybirlik, dostluk ýörelgeleri hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatynyň özeni bolup durýar. Munuň üçin bagtyýar halkymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary çäksizdir.

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyndan.

Mähriban okyjym!Ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr. Taryh hakynda söz açylanda dünýäniň iň gadymy halklarynyň arasynda, ilki bilen, türkmen halky hem ýatlanylýar. Şöhratly hem-de buýsançly taryhymyzyň her sahypasynda dünýä medeniýetine nusgalyk ösüşler hem-de açyşlar ýatyr. Arheolog alymlarymyzyň yzygiderli alyp barýan gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde topragyň gatlaryndan taryhy gatlaklaryň syryny çöşleýän täze-täze tapyndylar ýüze çykarylýar. Milli medeni mirasymyzy ylmy esasda öwrenýän alymlarymyz daşary ýurtlaryň meşhur kitaphanalaryndan türkmen halkynyň baý edebi mirasyna degişli gadymy golýazmalaryň nusgalaryny ýurdumyza getirýärler. Türkmen halkynyň taryhy bilen gyzyklanýan daşary ýurtly hünärmenler hem bu ugra dahylly öz ýurtlarynda bar bolan ylmy-edebi mirasymyza degişli eserleri, kitaplary bize sowgat edýärler. Ygtybarly ylmy çeşmeler esasynda täze-täze ylmy maglumatlaryň peýda bolmagy türkmen halkynyň taryhyna täzeçe hem-de köptaraplaýyn nazar aýlamaga iterýär. Şeýle asylly maksatdan ugur alyp, mähriban okyjym, halkymyzyň baý taryhy durmuşyndan söz açýan ylmy garaýyşlarymy — şu kitabymy siziň bilen paýlaşmak isleýärin. Bu kitabymyň esasy maglumat çeşmesi hökmünde mundan owal ýazan we giň okyjylar köpçüligine ýetirilen d

Ajaýyp kitabyň söhbedi

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi. Oňa welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, il sylagly ýaşulular, mährem eneler hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.   Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny, nusgalyk döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan eserdigini, onuň ýaş nesilleri watançylyk, belent ahlaklylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadygyny aýratyn nygtadylar. «Ajaýyp kitabyň Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly dabaralara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda çapdan çykmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Täze eser geçmişde yz goýan şahsyýetlerimiziň beýik işleriniň beýany bolmak bilen, şöhratly taryhymyza buýsanjymyzy artdyrýar» diýip, çykyş edenler belläp geçdiler. Merdana halkymyzyň ruhy hazynasyny öwrenmek we ony dünýä ýaýmak boýunça tutumly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar. 

Milli buýsanjyňy artdyrýan eser

Ýene bir ajaýyp eser elimize gowuşdy! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemala gelen ajaýyplygyň — «Hakyda göwheri»  atly kitabyň çapdan çykmagy bagtyýar zamanada gurýan, döredýän, röwşen geljege ynamly barýan agzybir halkymyzy çäksiz begendirip, buýsanjyna buýsanç goşan taryhy wakalaryň biri boldy. Hakyda göwheri. Juda jaýdar hem jüpüne düşen bu jümlede umman ýaly giň many bar. Kitabyň turuwbaşdan göwnüňe hoş ýakýan özboluşly adynyň çuňňur mazmun baýlygy bilen utgaşmagy bolsa aýratyn bellärliklidir. Ol öňümizde taryhyň täze sahypalaryny açmak bilen, kalbyňda üýtgeşik täsirleri galdyrýar.

Baş arçanyň yşyklary nur saçýar

Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» şygary astynda tamamlanyp barýan ýyl köptaraply tutumlary bilen şöhratly taryhymyza zer harplar bilen ýazylýar. Ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň binýadyny berkiden taryhy tutumlar bosagada duran Täze ýyly ýokary ruhubelentlikde garşylamagyň gözbaşyna öwrülýär. Şeýle buýsançly hakykaty Balkanabat şäherine bezeg berip oturan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde oturdylan welaýatyň baş arçasynyň ýanynda badalga alan dabaralar ähli aýdyňlygy bilen subut etdi.