"Balkan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Balkan welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Balkanabat şäheri, 145-nji ýaşaýyş jaý toplumy, 1
Telefon belgileri: 6-37-06, 6-07-92, 6-07-96
Email: balkan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Özara bähbitli ykdysady gatnaşyklar ösdürilýär

16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýy kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz myhmanyň şu gezekki saparynyň çäklerinde geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisiniň iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi hem-de mejlisiň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

«Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry

16-njy dekabrda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ol Täze ýylyň öňüsyrasyndaky däp bolan baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasynyň ajaýyp wakalarynyň biri boldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guralan şu gezekki bäsleşige ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden tomaşaçylar köpçüliginiň öňünde öz ussatlygyny görkezmek isleýän 17 — 35 ýaş aralygyndaky zehinli ýaş estrada aýdymçylary gatnaşdylar. Döredijilik bäsleşigi birnäçe saýlama tapgyrlarda geçirildi. Deslapky tapgyrlaryň dowamynda emin agzalary bäsleşige gatnaşýanlaryň içinden has tapawutlanan, ýerine ýetirijilik ussatlygy bolan, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan, teletomaşaçylaryň we radiodiňleýjileriň has köp sesini toplan ýaşlary seçip aldylar. Olaryň köpüsi eýýäm Türkmenistanda geçirilýän dürli festiwallarda çykyş edip, tejribe topladylar. Bäsleşigiň nobatdaky tapgyry baş baýragyň eýesini kesgitlemekden ybarat boldy. Bu işe aýdym-saz sahnasynyň ýokary derejeli ussatlary hem goşuldylar.

Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisine we Türkmen-eýran işewürlik maslahatyna gatnaşyjylara

Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aşgabat şäherinde geçirilýän Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisiniň we Türkmen-eýran işewürlik maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu giň möçberli çäreleriň Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine uly itergi berjekdigine berk ynanýaryn.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäheriniň Wenada ýerleşýän Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolandygy baradaky hoş habar gelip gowuşdy. Şeýle hem Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň haryt nyşany Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy arkaly tassyklanyldy. Sizi ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheriniň halkara derejedäki nobatdaky ykrarnamasyny alamatlandyrýan bu wakalar mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ata Watanymyzyň içeri we daşary syýasy ösüşleri ugrunda alyp barýan işleriňiziň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

14-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen gyşynyň tenekar säheriniň irki pursatlarynda täzeçil tehnologiýalar esasynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň mynasyp bolan halkara sylaglary we bu ýerde gurulmagy, durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan Fransiýanyň «Buig» kompaniýasynyň ýurdumyzdaky wekili bilen hem duşuşdy. Ir säher bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny we milli binagärlik ýörelgelerini özünde jemleýän, «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherine geldi.

Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy

Aşgabat, 15-nji dekabr (TDH). Şu gün ýurdumyzyň Baş arçasy şadyýan aýdymlaryň, ajaýyp sazlaryň owazynyň astynda we ýaşajyk türkmenistanlylaryň ýerine ýetiren tansly kompozisiýalary bilen dürli yşyklarda ýalkym saçdy. Munuň özi uzak garaşylan, hemmeler üçin ýakymly Täze ýyl baýramynyň dabaralaryna özboluşly badalga boldy. Baş arçanyň yşyklaryny ýakmak dabarasy her ýyl «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirilýär. Bu ýerde asylly däbe görä, giň gerimli dabaralar ýaýbaňlandyrylýar. Sekizburçly ýyldyz we «2025» ýazgy bilen bezelen, köp sanly kümüşsöw garjagazlarda, dürli öwüşgindäki yşyklarda ýalkym saçýan Baş arçanyň beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deňdir.

Älemgoşar öwüşginli Baş arçanyň ýalkymy

Berkarar Diýarymyzyň çar künjünde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem Täze ýyl arçasynyň yşyklaryny ýakmak çäresi geçirildi. Täze ýyl baýramynyň baş gahrymanlary bolan Aýazbabadyr Garpamyk Hazar giňişliklerini gulaçlap, bezemen gämili Balkan topragyna geldiler. Olar deňziň türkmen kenaryna bezeg berip oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gözellikleri bilen tanyşdylar. Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuna baryp gördüler. Türkmenbaşy, Magtymguly etraplarynyň çäklerindäki dag gözelliklerini synladylar. Magtymguly Pyragy muzeýiniň taryhy gymmatlyklary, şeýle-de sebitiň bagtyýar durmuşynyň beýany bolup durýan medeni-durmuş maksatly binalaryň birnäçesiniň gözellikleri, mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Balkanabat şäheriniň binagärlik gözelligi hem olarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 13-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimowy kabul etdi. Ol hormatly Prezidentimize ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny, doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ol Türkmenistan bilen dost-doganlyk gatnaşyklary, iki ýurduň halklarynyň umumy ruhy, medeni-taryhy gymmatlyklary arkaly baglanyşýan Özbegistana wekilçilik etmegiň özi üçin uly mertebedigini aýtdy. Diplomat pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 13-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Arsen Awagýany kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, diplomat hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýanyň we Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ilçi Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Türkmenistan bilen Ermenistany deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklar hem-de soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykarylýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Pursatdan peýdalanyp, diplomat döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy bilen gutlady hem-de Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerine

Hormatly nebitçiler, gazçylar we geologlar! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda giňden bellenilýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Buýsanja beslenen maslahat

Esenguly etrap häkimliginde beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň,  işjeň partiýa agzalarynyň, il sylagly ýaşulularyň, ak saçly eneleriň gatnaşmagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirdik. Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy we jemgyýetimizi hemmetaraplaýyn pugtalandyrýan, halkara gatnaşyklaryň  giňeldilmegine hem-de  ösdürilmegine ýardam berýän içeri we daşary syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini buýsanç bilen bellediler. Döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň, asyrlaryň hem-de müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen  dostluk ýörelgelerimizi rowaçlandyrmak ugrundaky beýik başlangyçlarynyň üstünliklere beslenmegini,  eziz Watanymyzyň dünýädäki abraýynyň  has-da belende galmagyny arzuw  etdiler.

Şanly senä bagyşlandy

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bereket etrap birleşmesiniň we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «Bitaraplyk toýun tutýar Watanym!» diýen at bilen geçirilen baýramçylyk çäresi baý many-mazmuna, ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Etrap medeniýet öýünde geçirilen baýramçylyk çäresiniň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini dünýä nusgalyk derejä çykarmak babatda amala aşyrylýan ägirt uly işler, Garaşsyz döwletimiz, baky Bitaraplygymyz barada buýsanç bilen nygtadylar. Etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ata Watanymyzy, ähli üstünliklerimiziň gözbaşynda durup, ýurdumyzy ýagty ertirlere ynamly gadamlar bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň rowaç işlerini, bagtyýar we eşretli zamanamyzy, baky Bitaraplygymyzy wasp edýän aýdym-sazlary bu ýere ýygnananlara ruhy lezzet paýlady.

Türkmenistan — nebitgazyň Watany

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Türkmenistan — nebitgazyň Watany» atly dabaraly maslahat geçirdik. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan nebitgaz senagatynyň uly ösüşleri başdan geçirýändigi, ýurdumyzyň ýangyç-energetika serişdeleriniň gorlary babatda dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigi barada buýsanç bilen gürrüň edildi. Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Edep — altyn, terbiýe — hazyna

Şeýle at bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Esenguly etrap geňeşi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde edara-kärhanalarda zähmet çekýän gyz-gelinleriň arasynda ene-mamalarymyzdan miras galan milliligi, asyllylygy, ula hormat goýmagy, kiçini sylamagy wagyz etmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdik. Duşuşykda çykyş edenler maşgala agzybirligi, maşgalada çaganyň we ene-atanyň orny barada giňişleýin durup geçdiler. Her bir maşgalada çaga terbiýesine aýratyn üns berilmelidigini  ündediler. Milliligimize, asylly däp-dessurlarymyza belent sarpa goýýan hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Bitaraplyk — Türkmenistanyň daşary syýasatynyň milli nusgasy

12-nji dekabrda ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy giňden bellenildi. Irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow parahatçylygyň, ynsanperwerligiň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 12-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi. Işewür duşuşmaga wagt tapyp kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy bilen gutlady, şeýle hem Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanyna baýramçylyk dabarasy

12-nji dekabrda paýtagtymyzda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow konsertiň geçirilýän ýeri bolan paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.

Baky Bitaraplyk — türkmeniň bagty

Şeýle at bilen welaýat kitaphanasynda Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkanabat şäher geňeşiniň guramagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Oňa saglygy goraýyş işgärleri, Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyplary, ýaşlar gatnaşdylar. «Berkarar döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy bolan Bitaraplygymyzyň Ýer ýüzünde durnukly ösüşi üpjün etmekde, dünýä halklaryny dostlaşdyrmakda ähmiýeti örän uludyr. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň dünýädäki ornuny pugtalandyrmak, halklaryň agzybirligini, asudalygyny, howpsuzlygyny üpjün etmek, parahatçylygy dabaralandyrmak boýunça alynyp barylýan işler rowaçlyga beslenýär» diýlip, çykyşlarda buýsanç bilen bellenildi. Agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. Welaýat çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary baky Bitaraplygymyzy, ata Watanymyzy wasp edýän aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.       

Nebitgazym — hazynam

Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň we Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramaklarynda «Nebitgazym — hazynam» atly dabaraly çäre geçirildi. Oňa nebitgaz pudagynda zähmet çekýän adamlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Çärede hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz we geologiýa pudagynda durmuşa geçirilýän giň möçberli işler, bu ugurda öňde durýan wezipeler, täze taslamalar barada giňişleýin gürrüň edildi hem-de ata Watanymyzy bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde belentden ýaňlanan aýdym-sazlarda, tanslarda ata Watanymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleriniň, ajaýyp döwrümiziň, zähmet adamlarynyň waspy ýetirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekilini kabul etdi

Aşgabat, 11-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hökmünde wezipesini tamamlaýan hanym Teri Hakalany kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimizi Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Şunda Ýewropa Bileleşiginde sebitde we dünýäde parahatçylygyň, özara ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy ugrunda çykyş edýän Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi.