"Balkan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Balkan welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Balkanabat şäheri, 145-nji ýaşaýyş jaý toplumy, 1
Telefon belgileri: 6-37-06, 6-07-92, 6-07-96
Email: balkan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi

     Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerine esaslanýan döwlet syýasaty häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Düýn türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli, döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegi hem munuň aýdyň beýanydyr.     Ynsanperwerlik ýüki çaga iýmitinden, azyk önümlerinden, bugdaýdan, senagat önümlerinden, ýangyç serişdelerinden ybaratdyr. Munuň özi ýurdumyzyň Owganystana köp ýyllaryň dowamynda goldaw bermek boýunça alyp barýan işleriniň dowamy bolmak bilen, türkmen we owgan halklarynyň arasynda däp bolan dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýär.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň maýa goýum forumyna, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahata hem-de ugurdaş sergilere gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Size Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumyna, ýurduň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahata we ugurdaş sergilere gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz hem-de bu çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden ajaýyp mümkinçilikleriňiz üçin tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň maýa goýum forumynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatda hem-de ugurdaş sergilerde sanly ulgam arkaly eden ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 10-njy sentýabry) Eziz watandaşlar! Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar!

Dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

10-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasany kabul etdi. Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize Malaýziýanyň XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandaryň we Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň mähirli salamyny ýetirdi.

Sport diplomatiýasynyň dabaralanmagy

Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä we sebit möçberinde halkara ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Eziz Diýarymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň, Agyr atletika, Kuraş boýunça dünýä çempionatlarynyň, hokkeý boýunça halkara ýaryşyň üstünlikli geçirilmegi ýurdumyzyň sport döwleti hökmünde ornuny berkidýändigini görkezýär. Sport halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Şonuň üçinem ýurdumyz sporty ösdürmäge aýratyn üns berýär we halkara sport çärelerini guramaga işjeň gatnaşýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Türkmenistan sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirip, ilkinji nobatda, dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar» diýen parasatly sözleri bu gün alnyp barylýan işleriň durmuşda öz hakyky manysyna eýe bolýandygynyň kepiline öwrülýär. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. Bu sport babatynda hem şeýledir. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň  Baş Assambleýasynyň sport babatda kabul eden Kararnamalary ýurdumyzyň bu ugurda geçirýän işleriniň netijeli häsiýete eýedigini ýene bir ýola anyk subut edýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda, «Durnukly ös

Döwletliligimiziň synmaz binasy

Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýän akyldar şahyrymyzyň «Ýurt binamyz gaýym bolsun, gurulsyn» diýen arzuwyna laýyklykda abadan we asuda Diýarymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, milli döwletliligimiziň we ýurt berkararlygymyzyň binasyny barha pugtalandyrmak babatda taryhy ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Geçen ýyl ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň erk-islegi bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi hem-de onuň türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edilmegi demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň kanunçylyk binýadyny hasam kämilleşdirmekde möhüm sepgit boldy. «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanunyň 1-nji maddasyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň döredilmeginiň maksady Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny has-da berkitmek, ýurdumyzy ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak üçin ählihalk hereketini ýaýbaňlandyrmak, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer, kanunçylyk-hukuk ulgamlarynda täze sepgitlere ýetmek, iň täze taryhymyzda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek bolup durýar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty bilen bilelikde ýerlerde hem döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçili

Il bähbitli tutumlar

Ajaýyp zamanamyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sahawatyny bolluk bilen eçilýän tylla güýzüniň şatlyk-şowhuny ýene bir şanly, taryhy waka bilen utgaşar. Ýene sanlyja günden paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçiriler. Halkymyzyň geljegini has-da aýdyň ýollara atarjak çözgütlerdir kararlary kabul etmek üçin halk wekilleri uly maslahata ýygnanarlar, ösüşler bilen diňe öňe sary barýan berkarar döwletimizde amala aşyrylýan işleriň üstünlikli dowamy boljak döwletli tutumlary ara alyp maslahatlaşarlar. Her ýylda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi bu günki gün ýurdumyzyň jemgyýetçilik gurluşynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Munuň özi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň meselelerini üstünlikli çözmekde ýurdumyzyň Halk Maslahatynyň barha netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň: «Biz diňe halk bilen beýik işleri we belent wezipeleri amala aşyrmalydyrys!» diýip nygtaýşy ýaly, dabarasy dünýä ýaň salýan tutumly işler Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň halkyna sala salyp bitirýän dünýä nusgalyk beýik işleridir.

Müdimi mukaddeslik

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna Garaşsyzlygymyzyň şuglasynyň türkmen halkyna nur saçan gününden bäri geçen her ýyl, aý, gün däl, eýsem, her bir sagat taryha zer harplar bilen ýazylýar. Ine, bu gün gadymy hem nowjuwan türkmen topragy ýene-de toý lybasyny geýdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralar kalplara joşgun hem ganat berýär.

Garaşsyzlyk — guwanjymyz

Mukaddes ata Watan, ene toprak türkmen halkynyň köňül köşgüniň ruhy sütünidir. Döwlet Garaşsyzlygymyz bolsa başymyzyň tylla täjidir. Garaşsyzlyk bize milli baýramlarymyzy, pederlerimizden gelýän däp-dessurlarymyzy gaýdyp berdi. Ýurdumyz gysga döwrüň içinde asyrlara barabar taryhy ýol geçdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz dost-doganlygyň, agzybirligiň, jebisligiň has-da gülläp ösýän mekanyna öwrüldi. Eziz Diýarymyzda halk bilen döwletiň jebisligi ähli ösüşleriň, öňegidişlikleriň kepili bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip, ilkinji nobatda, halkymyza, onuň agzybirligine we jebisligine, aň-düşünjesine hem-de merdanalygyna bil baglaýar. Bu günki gün ýurdumyz parahatçylygyň mekany hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasatynyň netijesinde Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlyk barha berkeýär. Dünýäniň ösen döwletleri bilen özara bähbitli ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, Watanymyzyň kuwwatynyň halkara derejede pugtalandyrylmagy, ýurtda we dünýäde parahatçylygy, asudalygy, abadançylygy berkitmekde durmuşa geçirilýän işler munuň aýdyň subutnamasydyr. Halkymyz döwletimiziň döreden eşretlerinden peýdalanyp, agzybirlikli zähmet çekmek we Arkadagly Gahr

Dünýä dolan belent mertebe

Mukaddes Garaşsyzlygymyz merdana halkymyzyň köňlünde besläp gelen arzuw-hyýallarynyň wysal bolmagydyr. «Erer ol erkin mydam, budur ki türkmen binasy» diýen beýik Pyragynyň goşgularynda hem berkarar döwlet gurmak, erkin, asuda ýaşamak, agzybir bolmak baradaky pikir-garaýyşlar agdyklyk edýär. Garaşsyzlygymyzy almagymyz bilen dana şahyryň çoh garaşan ajap eýýamy geldi. Bir supranyň başyna jemlenen türkmeniň ykbaly göterildi. Halkymyzyň ýüregindäki ajaýyp arzuw-umytlaryny ebedilik hasyl eden mukaddes Garaşsyzlygymyzdyr. Garaşsyzlygymyz türkmen döwletiniň, halkynyň at-abraýyny dünýä doldurdy. Hut şonuň üçinem biziň her birimiziň Garaşsyzlygymyza bolan söýgi-buýsanjymyz egsilmezdir. Ol bize her bir işde güýç-kuwwat, ylham-joşgun berýär. «Garaşsyzlyk biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir, beýik geljegimizdir. Garaşsyzlyk biziň dünýä dolan belent at-abraýymyzdyr hem-de şan-şöhratymyzdyr» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz bedew bady bilen ösüşiň täze belent basgançaklaryna tarap barýar. Häzirki wagtda Garaşsyzlygyň gazananlaryny pugtalandyrmak bilen, tutumly işler dowam etdirilýär. Ata Watanymyzyň alyp barýan hoşniýetli we parahatçylyk söýüji içeri hem-de daşary syýasaty netijesinde halkara abraýy belende galýar. Munuň özi döwletimiziň sebit we dünýä möçberinde alyp ba

Dünýä nusgalyk Arkadag şäheriniň belent ykrarnamasy

Agzybir hem zähmetsöýer türkmen halky ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk baýramyna ýokary ruhubelentlikde, kalbyny buýsanja, guwanja besläp barýar. Bir asyryň üçden birine hem ýetmeýän, taryhy jähetden alanyňda bolsa, ujypsyz hasaplanylýan şol döwrüň içinde, esasan hem, onuň soňky ýyllarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda durmuşa geçirilen tutumlary, gazanylan ösüşleri asyrlara barabar diýip, buýsanç bilen taryplamaga doly hakymyz bardyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan beýik işlerini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze-täze üstünliklere besläp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şol ösüşleri has-da öňe ilerletmek babatda edýän taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň gözelligi-de, halkara abraýy-da, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi-de barha ýokary göterilmek bilen. Eýsem-de, eziz Diýarymyzda täze taryhy döwürde amala aşyrylan ägirt uly işleri asyrlara barabar diýip häsiýetlendirmegimiziň düýp özeninde ajaýyp hakykat, özem ençeme subutnamalara eýe bolan hakykat durýandyr. Muňa diňe bir mysalyň, Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen gadymy Köpetdagyň eteginde dörän nowjuwan şäheriň — Arkadag şäheriniň mysalynda hem aňryýany bilen göz ýetirmek bolýar.  

Ýurduň beýik geljegini gurujylar

Ata Watanymyzda beýik maksatlaryň, taryhy tutumlaryň rowaçlyklara beslenmeginde ýaşlara bil baglanýar. şonuň üçin hem dünýä hil ülňülerine laýyk gelýän bilimli, ylymly, hünärli, ruhy we beden taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek döwletimiziň baş aladasydyr. Beden we ruhy taýdan sagdyn nesiller bilen ýetilmejek menziliň, bitirilmejek işiň ýokdugyny türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hemişe nygtaýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bolsa «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynda ýaşlara ýurduň beýik geljegini gurujylar hökmünde garaýandygymyzy buýsanç bilen belläp geçýär. Döwlet derejesinde bildirilýän şeýle uly ynam bagtyýar ýaşlarymyzy çäksiz buýsandyrýar. Munuň şeýledigini ýaşlaryň döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda milli hem-de döwlet maksatnamalarynda kesgitlenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde çekýän yhlasly, netijeli zähmetlerinde doly görmek bolýar. Olaryň bilimde, ylymda, medeniýetde we sungatda, saglygy goraýyşda, sportda hem-de beýleki ugurlarda gazanýan guwandyryjy üstünlikleri-de bildirilýän şeýle uly ynamyň ajaýyp miweleridir. Ýaş nesliň gazanýan köptaraply üstünlikleri ýurdumyzda olar hakynda edilýän aladalara döwletimiz tarapyndan örän jogapkärçilikli, oýlanyşykly çemeleşilýändigine hem şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň egsilmez kuwwatyna, abraý-mertebesine deňelýän ýaşlarymyzyň özleri

Ösüşli menziller

Röwşen geljegine tarap ynamly barýan ata Watanymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň täze belentliklerini nazarlaýar. Ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda, pudaklarynda uly ösüşler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da gowulanýar. Täze taryhy döwürde ýurdumyzyň gazanýan ösüşleri bütin dünýäde ykrar edilýär we ýokary baha mynasyp bolýar. Ýurdumyz oba hojalyk, senagat taýdan ösmek bilen, dünýä ýüzünde uly abraýdan peýdalanýar. Milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilýän düýpli maýa goýumlaryň möçberi has-da artýar. Yzygiderli amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň netijesinde halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp zamanada il-ulsumyzyň eşretli ýaşaýşyny, röwşen geljegini nazarlaýan başlangyçlary şanly hem taryhy wakalar bilen dabaralanyp, eziz Diýarymyzda abadançylyk, asudalyk, agzybirlik höküm sürýär. Özleri hakda edýän şeýle aladalary üçin halkymyzyň Milli Liderimize, döwlet Baştutanymyza alkyşynyň çägi ýok.

Täze önümli guýy ulanyşa berildi

Ýurdumyzda geljegi uly bolan uglewodorodly meýdançalary özleşdirmäge, nebitdir gazy gözläp tapmaga gönükdirilen gözleg-gazuw işlerine saldamly goşant goşýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Goturdepe buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygyna mynasyp zähmet sowgady bilen barýarlar. Olar ýakynda Demirgazyk Goturdepe meýdançasynda 403 belgili ulanyş guýusyndan «gara altynyň» senagat akymyny almagy başardylar. Ussa Täçberdi Dädebaýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän burawlaýjylar topary taslama çuňlugy 4500 metr bolan täze guýynyň önümli aşaky gatlagynyň 4359 — 4356 metr we 4350 — 4345 metr araçäklerinde özleşdirme işlerini geçirip, senagat ähmiýetli nebit akymyny almagyň hötdesinden geldi. Täze guýynyň gazuw işlerinde Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen «ZJ-70-DB» kysymly buraw desgasy ulanyldy. Täze guýy synag-sazlaýyş işlerinden soň «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirligine ulanyşa berildi. Häzirki wagtda bu ýerde gazuw işleri ýokary depginde alnyp barylýan guýularyň sany 12-ä ýetýär. Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny mynasyp garşylaýan burawlaýjylar olaryň dördüsini ýakyn günlerde önümçilige tabşyrmagy maksat edinip, ruhubelent zähmet çekýärler. 

Halyçylaryň zähmet sowgady

Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halysy nepisligi, owadanlygy bilen ähli döwürlerde hem göreni özüne maýyl edip gelýär. Şeýle ajaýyp halylary dokamakda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynyň çeper elli zenanlary göreldeli zähmetiň nusgasyny görkezýärler. Muny kärhanada «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen sekiz aýynda ýerine ýetirilen işler hem aýdyň subut edýär. Gyzylarbatly halyçylar ýylyň başyndan bäri 1896 inedördül metrden gowrak haly dokap, meýilnamany 102 göterimden gowrak berjaý etdiler.

Altyn önýän ak pagtaly meýdanda

Agrosenagat toplumynda möhüm möwsüm bolan pagta ýygymynyň badalga almagy welaýatymyzda hem özboluşly dabaralara beslendi. Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda «Ak pataňyz üçin sag bol, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» diýen at bilen geçirilen dabaraly maslahat ýokary guramaçylyga eýe boldy. Onda giň gerim berlen çykyşlaryň çuňňur mazmunynda beýan edilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen oba hojalyk puda-gynda ýaýbaňlandyrylan oýlanyşykly özgertmeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Bu özgertmeler welaýatymyzda hem hil taýdan täze derejelere eýe bolýar. Munuň özi sebitiň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşinde, oba zähmetkeşleriniň öndürijilikli, netijeli zähmetinde aýdyň görünýär. Ene topraga yhlasly hyzmat edýän zähmetsöýer daýhanlaryň ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler, dünýäniň iň kämil tehnikalary bilen üpjünçiligi hemişe döwletiň üns merkezinde durýar. Pudakda hususy ulgamyň eýeleýän ornuny yzygiderli giňeltmekde maksatnamalaýyn işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Hususyýetçileriň oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmekleri üçin ýer gaznalaryny döretmekde düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Öndürilýän oba hojalyk önümleriniň döwlet satyn alnyş nyrhlary ýokarlandyrylýar.

Çyn gülem, galmanam solup

Türkmen tebigatyny al-elwan güllere bürenip, kükräp gelen baharyň gözelligi bezese, milli şygryýetimiziň näzik duýgulardan pürepür dünýäsini köňülleriň we döwürleriň saýrak bilbili, «Yşk mülküniň şasy» Mollanepesiň göwün joşduryjy şygyrlary bezeýär. Gahryman Arkadagymyzyň: «Kalbymyzda, aňymyzda «Yşk mülküniň şasy» hökmünde baky orun alan Mollanepes adamzat duýgularynyň hakyky waspçysydyr, ynsan kalbyna, ynsan ýüregine ruhy melhem beriji şahyrdyr» diýip, şahyryň döredijiligine berýän ýokary bahasy nusgawy şygryýetimiziň görnükli wekiliniň edebi eserleriniň gymmatyny kesgitleýär. Mollanepes 1810-njy ýylda doglupdyr. Şahyryň kakasynyň ady Kadyrberdi bolup, ol döwrüniň sowatly adamy hökmünde tanalypdyr, oglan okatmak bilen hem meşgullanypdyr. Kadyrberdiniň Agajyk bagşy, Ödekberdi, Hakberdi we Mollanepes diýen ogullary bolupdyr. Mollanepes Buharadaky, Hywadaky meşhur okuw mekdeplerinde okap, türkmen nusgawy edebiýatyny, esasan hem, Magtymgulynyň döredijiligini kemsiz özleşdiripdir.

Täze üstünlikleriň badalgasy

Berkarar ýurdumyzda milli ykdysadyýeti ähli taraplaýyn ösdürmek babatda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Sanly ykdysadyýete geçilmegi, bu ugurda düýpli özgertmelere badalga berilmegi, ykdysadyýeti kesgitlenen döwürde ösdürmek boýunça milli hem döwlet maksatnamalarynyň kabul edilmegi we durmuşa geçirilmegi munuň açyk-aýdyň subutnamalarydyr. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem bu ugurda anyk wezipeler kesgitlenendir. «Ýurdumyzda amala aşyrylýan iri möçberli döwlet maksatnamalary halkymyzyň bagtyýar durmuşda, bolelinlikde ýaşamagyna, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň, önümçiliginiň çalt we durnukly ösmegine amatly şertleri döredýär» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady maksatly özgertmeler jemgyýetiň hem döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam we onuň bagtyýar, eşretli durmuşy hakyndaky aladadan ugur alýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara tejribä we bazar gatnaşyklarynyň talaplaryna laýyklykda, salgyt kanunçylygyny kämilleşdirmek hem döwlet syýasatynda ileri tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, netijeli we durnukly salgyt ulgamyny döretmek maksady bilen

Adamzadyň kalbynda orun alan akyldar

Magtymguly Pyragy adamzadyň kalbynda ebedilik orun alan şygyrlary ýazan, şol şygyrlaryň esasynda hem taryha adyny altyn harplar bilen ýazdyran beýik şahsyýetdir. Onuň çuň many-mazmuna ýugrulan, durmuşyň ähli ugurlaryndan söz açýan goşgulary bütin adamzat jemgyýetiniň, hususan-da, türkmen halkynyň taryhy, şu güni we geljegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Dana şahyryň arzuwlan, çoh garaşan ajap eýýamy gelip, türkmen halky bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda berkarar Watanymyz günbe-günden ösýär, özgerýär, dünýä ýüzündäki at-abraýy beýgelýär, ýaşyl Tugumyz parahatçylygyň, dost-doganlygyň nyşany bolup, al-asmanda pasyrdaýar. Watanymyzyň ýeten beýik sepgitleri bizi — bagtyýar ýaşlary hem örän buýsandyrýar, begendirýär.

Kalby joşgunly ýaş zehin

Güneşli Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň öz saýlap alan ugurlarynda, şol sanda sungat äleminde zehinlerini artdyrmaklaryny, kämilleşmeklerini gazanmakda geçirilýän döredijilik bäsleşikleriniň uly ähmiýeti bardyr. Şeýle bäsleşikleriň biri zehinli çagalaryň arasynda guralýan «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşik bolup, onuň ýakynda geçirilen jemleýji tapgyry ýatda galyjy şatlyk-şowhunly pursatlara baý boldy. Bäsleşikde welaýatymyzdan Türkmenbaşy şäherindäki 4-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Aýhan Serdarow üstünlik gazanyp, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp boldy. Ýaşajyk aýdymçy bäsleşigiň döwlet tapgyrynda «Gözel Sumbaryň nary» diýen aýdymy ýerine ýetirdi. Kalby aýdym-saza söýgüden doly Aýhan bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi: — Okuwdan boş wagtlarym Türkmenbaşy etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň bagşyçylyk bölümine gatnaýaryn. Ol ýerde maňa mugallymym Nurgylyç Annagylyjow halypalyk edýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşige gatnaşyp, deň-duşlarymyň birnäçesi bilen birlikde, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolandygyma begenjimiň, buýsanjymyň çägi ýok. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýra