Garaşsyzlyk — guwanjymyz

11 Sentýabr 2024
54

Mukaddes ata Watan, ene toprak türkmen halkynyň köňül köşgüniň ruhy sütünidir. Döwlet Garaşsyzlygymyz bolsa başymyzyň tylla täjidir. Garaşsyzlyk bize milli baýramlarymyzy, pederlerimizden gelýän däp-dessurlarymyzy gaýdyp berdi. Ýurdumyz gysga döwrüň içinde asyrlara barabar taryhy ýol geçdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz dost-doganlygyň, agzybirligiň, jebisligiň has-da gülläp ösýän mekanyna öwrüldi.

Eziz Diýarymyzda halk bilen döwletiň jebisligi ähli ösüşleriň, öňegidişlikleriň kepili bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip, ilkinji nobatda, halkymyza, onuň agzybirligine we jebisligine, aň-düşünjesine hem-de merdanalygyna bil baglaýar. Bu günki gün ýurdumyz parahatçylygyň mekany hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasatynyň netijesinde Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlyk barha berkeýär. Dünýäniň ösen döwletleri bilen özara bähbitli ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, Watanymyzyň kuwwatynyň halkara derejede pugtalandyrylmagy, ýurtda we dünýäde parahatçylygy, asudalygy, abadançylygy berkitmekde durmuşa geçirilýän işler munuň aýdyň subutnamasydyr. Halkymyz döwletimiziň döreden eşretlerinden peýdalanyp, agzybirlikli zähmet çekmek we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşynda mäkäm jebisleşmek bilen, röwşen geljegine ynamly barýar. Ajaýyp döwürde gazanylýan üstünlikleriň, badalga berilýän tutumlaryň netijesinde Garaşsyz Watanymyzyň abraý-mertebesi has-da artýar.

Bibizüleýha ILÝASOWA,
Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesiniň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar