Täze sepgitleri nazarlaýan ösüşler

1 gün öň
12

Ata Watanymyzyň gazanýan belent ykdysady ösüşleriniň mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilmegi hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda adam hakyndaky aladanyň esasy orunda durýandygyny görkezýär. Milli ykdysadyýetimizi toplumlaýyn ösdürmekde alnyp barylýan işler, öňde goýlan wezipeler we kabul edilen maksatnamalar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmakda möhüm şertleri üpjün edýär. Belent sepgitleri nazarlaýan ykdysadyýetimiziň ösüşini dünýäniň durnukly ösýän ýurtlarynyň derejesine ýetirilmegini gazanmak, ykdysadyýete sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak, önümçilik pudaklarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak we innowasion tehnologiýalar esasynda täze durmuş-ykdysady maksatly kärhanalary gurmak milli hem döwlet maksatnamalarynyň baş ugry bolmagynda galýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, «Durnukly ykdysady ösüşi gazanmak biziň baş maksadymyz bolup durýar. Şoňa görä-de, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys».

Ykdysadyýetde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we pugtalandyrmak, iri möçberli maýa goýumlary çekmek daşary ykdysady syýasatda ileri tutulýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşary ykdysady gatnaşyklarda dost-doganlyga we milli ýörelgelere esaslanýan özara bähbitli hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňeýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabatda geçen hepde maýa goýum forumynyň, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatyň hem-de ugurdaş sergileriň geçirilmegi munuň subutnamasydyr. 

Öwezdurdy ÖWEZDURDYÝEW,
Bereket etrap salgyt bölüminiň salgyt inspektory.
Beýleki habarlar