"Balkan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Balkan welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Balkanabat şäheri, 145-nji ýaşaýyş jaý toplumy, 1
Telefon belgileri: 6-37-06, 6-07-92, 6-07-96
Email: balkan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Il bähbitli däpler dowamat-dowam

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik maksat-tutumlarynyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmeginde taryhy ähmiýete eýe bolar. Bu ýokary wekilçilikli edaranyň alyp barýan işleri muny ynamly aýtamaga mümkinçilik berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünliklere besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň röwşen geljegine gönükdirilen taryhy tutumlaryndan gelip çykýan wezipeleri erkin ara alyp maslahatlaşmaga halkyň wekillerini işjeň hem-de giňden çekmekde Halk Maslahatyna uly orun degişlidir. «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kadalary muňa aýdyň güwä geçýär. Konstitusion kanuna laýyklykda öz işini alyp barýan ýokary wekilçilikli edaranyň amala aşyrýan döwletli tutumlary halk bilen geňeşmek, raýatlaryň ýürek arzuwlaryny we tekliplerini seljermek, şolar esasynda çözgütleri kabul etmek ýaly asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan ynsanperwer ýörelgelerimiziň täze taryhy eýýamda dowamat-dowam bolýandygynyň güwäsidir.   Taryhy mejlis jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adam diýlip kesgitlenilen ýurdumyzda her bir adamyň raýatlyk hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmegiň, jemgyýetiň demo-kratik kadalaryny, şol sanda hukuk esaslaryny berkitmegiň döwlet syýasatymyzda baş

Zähmetsöýer halkymyzyň berekedi ak bugdaý

Hormatly Prezidentimiz 30-njy awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren mejlisinde gallaçy daýhanlarymyz üçin örän möhüm we jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişiniň ýetip gelendigine, bu möwsümi agrotehniki möhletlerde, guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda 4-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berdi we zähmetsöýer gallaçylara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ak mekdepler giňden açdy gujagyn

Milli bilim ulgamynyň hiliniň hem-de mazmunynyň dünýä ölçeglerine laýyk gelmegini gazanmak ulgamda yzygiderli alnyp barylýan netijeli özgertmeleriň düýp maksadydyr. Toý-baýramlara baý bolan altyn güýz paslynyň ilkinji baýramy — Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze, 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçirilen dabaralarda şeýle buýsançly hakykat aýratyn nygtalyp aýdyldy. Balkanabat şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdepde giň gerime eýe bolan baýramçylyk dabarasy hem şeýle çuň mazmunly çäreleriň biri boldy. Toý keşbine eýe bolan mekdep binasynyň öňünde ýaýbaňlandyrylan dabara bilim işgärleri, mekdep okuwçylary, ak mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätleýän bagtyýar çagalar, welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, şäheriň ýaşaýjylary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Bilimli ýaşlar — döwre ýaraşyk

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny hem-de bilim berlişiniň hilini yzygiderli ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berlip, bu ugurda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaşlar hakynda döwletimiz tarapyndan uly aladalaryň edilýändigine bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler aýdyň güwä geçýär. Ýaş nesliň täze tehnologiýalary düýpli özleşdirmegi, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini aýratyn bellemek gerek. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» we «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde häzirki wagtda eziz Diýarymyzda alnyp barylýan işleriň oňyn netijelerini berýändigine ýaş zehinlerimiziň halkara derejede geçirilýän ders bäsleşiklerinde gazanýan üstünlikleriniň mysalynda buýsanç bilen göz ýetirýäris. Bu Konsepsiýalaryň esasynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde, sapaklary döwrebap tehnologiýalar arkaly täsirli guramakda durmuşa geçirilýän işler diňe tarypa mynasypdyr. Berkarar döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, durmuşymyzyň has-da gözelleşmegi bolsa, şeýle zehinli, ylym-bilimli nesle baglydyr.

Kämilligiň aýdyň ýoly

Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ylym-bilim ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzyň çar künjünde döwrebap bilim ojaklarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, olaryň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi, sanly bilimiň ornaşdyrylmagy, okatmagyň öňdebaryjy usullarynyň girizilmegi, bu ugurda uzak we ýakyn geljegi nazarlaýan maksatnamalaryň, konsepsiýalaryň kabul edilmegi ulgamyň ösmegi üçin döwrebap şert-mümkinçilikleriň döredilýändigini subut edýär. Bilim özgertmeleri bolsa türkmen ylmyny täze belentliklere götermek baradaky maksady özünde jemleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Eziz Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmak biziň baş maksatlarymyzyň biri bolup durýar» diýen sözleri munuň  kepilidir. Ylym-bilim döwletimiziň ösüşiniň berk binýady bolmak bilen, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda we beýleki ulgamlary ösdürmekde giň mümkinçilikleri açýar. Ylym-bilim bilen öňe gidip, belent sepgitleri eýeläp bolýar. Şoňa görä-de, bilim ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlar, kabul edilýän maksatnamalar bagtyýar geljegiň binýadydyr. Ýurdumyzyň häzirki zaman ösüşi, şöhratly geljegi eziz Diýarymyzyň daýanjy bolan ýaş nesliň ylymly, bilimli bolmagy, sagdyn ruhda terbiýelenmegi bilen baglydyr. «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýilmegi

Kanuny talaplar berjaý edilmelidir

Ýurdumyzda raýatlaryň abadan, asuda, eşretli durmuşda ýaşamaklary, ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli amatlyklar, möhüm şertler döredilendir. Ýaş nesilleri watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek ähli döwürlerde hem möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Adamlaryň agzybirlikli gatnaşykda bolmaklaryny we jemgyýete peýdaly işe işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak, ýaşlarda asylly sypatlary terbiýelemek hem-de ösdürmek türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli terbiýesiniň möhüm kadalary we ýörelgeleri bolup durýar. Şol milli terbiýede ýaşlaryň arasynda kanun bozulmalarynyň öňüni almak hem esasy maksatlaryň biridir. Biz şu ýazgymyzda jenaýatyň edilmegine ýol açýan sebäpleri, şertleri we beýleki kanun bozulmalary aradan aýyrmak hakynda teklipnama barada durup geçmegi makul bildik. Jenaýatlaryň öňüni almak maksady bilen ýazylýan teklipnama belli bir jenaýat işi boýunça deslapky derňewi alyp baran, ilerki derňew edaralary tarapyndan jenaýatyň edilmegine getiren sebäpleri we şertleri aradan aýyrmak maksady bilen ýazylýan täsir ediş namasydyr.

Göwnümiň gözläni güýzüm

(Oýlanma) Jöwzaly tomus bizden arany açyp, ýene-de güýz geldi.  «Güýzüň ajaýyp keşbini synlaýyn» diýip, seýilgähdäki oturgyçlaryň birinde ornaşdym. Altyn güýzüň sary reňkine bürenip ugran tebigatyň ajaýyp keşbi bar. Ony synlamak örän ýakymly. Baglaryň saralyp ugran ýapraklary toý pişmesini ýadyňa salýar. Bu gözel keşbi surata ýa-da goşgy setirlerine geçirip, wasp etmek üçin, elbetde, ussat suratkeş ýa-da zehinli şahyr bolmaly, olaram menden uzakdaky belentlikler. Bar başarjak zadym — güýz bilen ikiçäk söhbet etmek. 

Buýsanjymyza buýsanç goşýan ajaýyplyk

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly wakalara beslenip, ähli ulgamlarda ösüşlere ýetilýär. Täze taryhy eýýamda medeniýet we sungat ulgamyna-da uly üns berlip, milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek, dünýä ýaýmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar. Halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetini, sungatyny düýpli öwrenmek, döwrebap derejede kämilleşdirmek hem-de wagyz etmek ýurdumyzyň medeni syýasatynyň esasy ugrudyr. Her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen giň gerimli medeni çäreler umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna uly goşant goşan türkmen halkynyň medeniýetini, ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasyny dünýä ýaýmaga şert-mümkinçilikleri döredýär. Eziz Diýarymyzda dostlukly ýurtlaryň Medeniýet günleriniň, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň yzygiderli geçirilmegi hem bu ugurda uly öňegidişlikleriň gazanylmagyny üpjün edýär.

Watanym

Halkymyza ýaran eşretli durmuş,Barha kuwwatlanýar eziz Watanym.Ähli pudaklarda ösüş, galkynyş,Barha kuwwatlanýar eziz Watanym. Mertebäň beýikde, belentde Tuguň,Ösüş-özgerişe beslenýär ýoluň,Kalby buýsançlydyr bagtyýar iliň,Barha kuwwatlanýar eziz Watanym.

Beýik şahyra hormatyň belentden ýaňlanan owazy

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna «Adyň dünýä doldy, dana Pyragy» atly bäsleşige

Akyldaryň sarpasy arşa galýar

Adyň dünýä doldy, dana Pyragy» atly bäsleşige Magtymguly Pyragynyň şygyrlary üstünden ýüzlerçe ýyl geçse-de, dillerimiziň senasy bolup ýaňlanýar. Durmuşda islendik jedelli mesele ýüze çyksa, Magtymguludan mysal getirilse, şol meseläniň öz çözgüdini tapdygy hasap edilýär. Şahyryň akyl-paýhasa ýugrulan şygyrlary adamkärçiligiň, watançylygyň, mertligiň, ahlagyň... ölçeg daşy bolup kalbyňa dolýar. Eline galam alyp, edebi döredijilige baş goşan adamlaryň ählisi akyldar şahyrymyzy özüniň baş halypasy hasaplaýar, onuň goşgularyny höwes bilen okaýar, ondan öwrenýär.

Watansöýüjiligiň beýik mekdebi

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy edebi mirasymyzy baýlaşdyryp, türkmen edebiýatynyň, diliniň ösmegine, kämilleşmegine ägirt uly goşant goşdy. Magtymgulynyň şygyrlary halk durmuşyna içgin we çuňňur aralaşan eserlerdir. Şahyr bitewi bir döwlet gurmak, mukaddes topragy jan-dilden söýmek, ata-enäni hormatlamak, özüňden ulyny sylamak, ejizlere kömek etmek, ynsanperwerlik, söýgi meselelerine yzygiderli ýüzlenipdir. Onuň döredijiligi — giň hem köptaraply. Onda durmuşy şygyrlar esasy orun tutýar. Älem-jahany keşt eden dana şahyr Watanyňy, halkyňy hemişe başyňa täç etmelidigini, öz iliňden, ýurduňdan özge eziz ýeriň ýokdugyny «Mert bolmaz» diýen şygrynda şeýle beýan edýär:

Dürdäne şygyrlary — şugla saçýan şamçyrag

Gündogaryň dünýä meşhur akyldary, dana şahyr Magtymguly Pyragynyň şan-şöhraty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bütin dünýä ýaýylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen eserlerini dünýä ýaýmak baradaky tagallalary, bu ugurda bitirilýän işler bizi juda begendirýär. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda gözel paýtagtymyzyň täsin tebigatly künjeginde, Köpetdagyň eteginde akyldar şahyryň beýikligi 60 metre barabar bolan ýadygärliginiň we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy ýurdumyzyň taryhynda unudylmajak waka bolup, kalbymyzda hemişelik orun aldy. Munuň özi görnükli söz ussadyna goýulýan belent sarpanyň kepilidir. Dana şahyrymyzyň bize goýup giden baý, gymmatly edebi mirasy ýaş nesilleri watansöýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýe bolan ýol görkeziji şamçyragdyr. Türkmen edebiýatynyň düýbüni tutup, Ýer ýüzüne äşgär eden ussadyň şygyrlary dünýä edebiýatynyň altyn hazynasydyr, umumadamzadyň ruhy baýlygydyr. Şeýle bolansoň, onuň dürdäne şygyrlary dünýä ýüzüniň okyjylaryny hem hemişe gyzyklandyryp gelýär. Beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileý toýy mynasybetli türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde «Magtymguly» atly täze kitabyň çap edilmegi şahyryň şygyrlarynyň muşdaklary üçin ajaýyp

Düýe maly — dünýe maly

Ata-babalarymyzyň gadym wagtlardan bäri «Düýe malym — dünýe malym» diýip belleýşi ýaly, halkymyzyň pirli mallarynyň biri bolan düýäniň durmuşda tutýan orny örän uludyr. Weýisbaba Orta Aziýa halklarynyň arasynda düýäniň piri hasaplanýar. Rowaýatlara görä, Weýisbaba düýäniň ähli syryny bilipdir, adamlara düýedarçylyk bilen meşgullanmagy öwreden belli düýe çopany bolupdyr. Halkymyzyň arwana düýesi Garagumuň jöwzaly yssy şertlerinde arkaýyn ýaşap bilýär. Tomus aýlary Garagumda howanyň gyzgynlygy örän ýokary derejä baranda-da, düýe ýasy dabanynda arkaýyn gezip ýa-da döşündäki, şeýle-de dyzlaryndaky, goluň çykýan ýerlerindäki we butlaryň tirseklerindäki yssa we sowuga çydamly gaty gabarçaklaryň üstünde arkaýyn çöküp oturyp bilýär. Tabak şekilli tegelek dabanlary ürgün çägede düýäni çägä batyrmaýar. Düýeler suwuň gyt ýerinde ownuk mallaryň iýip bilmeýän iri baldakly otlary bilen, gyrymsy agaçlaryň pürleri bilen ýyl boýy oňňut edip bilýärler. Kökleri ýerasty çuňluklardaky ygally gatlaklara ýetip bilýän ýandak bolsa düýäniň iň oňat görýän höregidir.

«Arkadag» toparynyň ýeňişli ýoly

Futbol Türkmenistanyň milli futbol çempionatynyň 21-nji tapgyrynyň oýunlary geçirildi. Balkanabadyň «Nebitçisi» myhmançylykda Arkadag şäheriniň «Arkadag» topary bilen duşuşyp, bu oýun ýer eýeleriniň uly hasaply ýeňşi bilen tamamlandy. 12-nji minutda «Arkadag» toparynyň iň netijeli oýunçysy Didar Durdyýewiň 11 metrlik jerime urgusyndan hasaby açan duşuşygynda balkanabatlylardan Muhammet Annaýew 13-nji minutda ony deňlemegiň hötdesinden geldi. 27-nji minutda Didar toparyny ýene öňe saýlady. Begmyrat Baýow 42-nji minutda ýurdumyzyň çempionynyň üçünji goluny öz adyna ýazdyrdy. 81-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetiren Altymyrat Annadurdyýew myhmanlaryň derwezeçisini 85-nji minutda ýene bir gezek ahmyrda goýdy.

Güýz paslynda peýdaly maslahatlar

♦Paslyň aýratynlygyna laýyklykda geýinmeli. ♦Sagdyn we kadaly iýmitlenmeli. Witaminlere baý bolan önümleri kabul etmeli.

Ömrümiziň rahatlygy ugrunda

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň yglan edilmegi ýollarymyzyň asuda, hadysasyz bolmagyny gazanmaklyga döwlet tarapyndan uly ähmiýet berilýändiginiň, raýatlaryň rahat durmuşyny üpjün etmekde alnyp barylýan işleriň giň gerime eýediginiň subutnamasydyr. Bu ählihalk çäre sürüjileriňem, pyýadalaryň hem ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmekligi durmuş kadasyna öwürmeklerini, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, umuman, gatnawly ýollarymyzyň sazlaşykly bolmagyny gazanmakda örän ähmiýetli bolup durýar. Biraýlygyň çäklerinde geçirilýän çäreleriň oňat netije berýändigini bellemek gerek. Olarda pyýadalaryň we sürüjileriň jogapkärçiligi, ünslüligi elden bermezligi, herekete gatnaşyjylaryň ýol hereketiniň düzgünlerini we kadalaryny doly berjaý etmelidigi, bularyň bolsa howpsuz hereketi, rahat ýaşaýşy şertlendirýändigi düşündirilýär. Awtoulag sürüjileri bilen bir hatarda, pyýada ýolagçylaryň hem elmydama ünsli bolmalydygy, bellenen tertip-düzgüni pugta berjaý etmelidigi aýratyn nygtalyp geçilýär.

Ýollaryň bezegi — sazlaşykly hereket

Günsaýyn ösýän we özgerýän eziz Diýarymyzda täze awtoulag ýollaryny gurmak, öňden bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly işler durmuşa geçirilýär. Aýna ýaly tekiz ýollaryň ugrunda döwrebap awtoduralgalaryň gurulmagy, häzirki zaman ýol belgileriniň, maglumat görkeziji elektron tagtalaryň, awtoulaglaryň tizligini ölçeýji enjamlaryň goýulmagy hereketiň howpsuz bolmagyny gazanmakda uly mümkinçilikleri döredýär. Sürüjiler ulaglara erk edenlerinde seresaply bolsalar, pyýada ýolagçylar hem ýol hereketiniň düzgünlerini doly berjaý etseler, hereketiň sazlaşykly boljakdygy hemmämize mälim. Sürüjileriň ulagy dolandyrýan wagtlarynda awtoulaglary bellenilenden ýokary tizlik bilen sürmekleri ýol-ulag hadysalarynyň döremegine getirýän esasy sebäpleriň biridir. Şonuň üçin sürüji ulagy kadalaryň talaplaryny berjaý etmäge mümkinçilik berýän tizlik bilen sürmelidir.

Ýükler howpsuz daşalmalydyr

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dünýä nusgalyk beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler halkymyzy begendirýär. Bagtyýar ilimiziň abadan durmuşy, oňat ýaşaýşy üçin bitirilýän işleri, gurulýan biri-birinden owadan belent binalary, kuwwatly önümçilik desgalaryny göreniňde göwnüň göterilýär. Şeýle ajaýyp desgalaryň gurluşyklaryna zerur serişdeleri, halk hojalygynyň hajatlary üçin dürli harytlary, önümleri daşamakda kuwwatly ýük awtoulaglarynyň hyzmatyndan giňden peýdalanylýar. Şol ýük awtoulaglarynyň ýollarda howpsuz hereket etmekleri hemişe möhümdir. Ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmekde, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda gowy netijelerini berýär. Ýol hereketiniň düzgünlerini bilmek we olary dogry berjaý etmek dürli halk hojalyk ýüklerini kada laýyk daşamakda, ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, halk hojalyk ýüklerini howpsuz daşamakda ýük awtoulaglarynyň sürüjilerine aýratyn uly talaplar bildirilýär. Sürüjileriň ýükleri bellenen ýerlerine abat eltmekde doly jogapkärçilik çekýändiklerine düşünmekleri zerurdyr.

Ýagyş

  (Tymsal) Deňziň üstünde ýagyş ýagýar eken.