"Balkan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Balkan welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Balkanabat şäheri, 145-nji ýaşaýyş jaý toplumy, 1
Telefon belgileri: 6-37-06, 6-07-92, 6-07-96
Email: balkan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Arzyly arzuwym hasyl boldy

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamyna hem aýratyn uly üns berýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň kämil ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ajaýyp şert-mümkinçilikleri döredýär. Diýarymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän okuw mekdepleriniň täze binalarynyň gurlup ulanmaga berilmegi hem ýaş nesil barada edilýän aladalaryň aýdyň nyşanydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri — arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan zamanasy. Maňa hem şu ýyl talyp bolmak bagty miýesser etdi. Öz saýlap alan ugrum boýunça yhlas bilen okap, ilhalar lukmanlaryň biri bolup ýetişmegi maksat edinýärin. Şöhrat-şany dünýä dolýan döwletimiziň raýaty bolup ýaşamagyň, okamagyň özi — bagtlylykdan nyşan.

Biz — bagtly ýaşlar

Orta mekdebi tamamlanymdan soňra ýokary okuw mekdebinde bilim almagy çagalygymdan bäri arzuw edýärdim. Ynha-da, arzuwym wysalyna gowşup, ajaýyp zamanamyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bagtyýar talyp boldum. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýaş zehinleriň öz ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlar ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde geçirilýän bäsleşiklere, halkara olimpiadalara yzygiderli gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýarlar. Bu bizi döredijilikde, ylymda-bilimde täze maksatlara ruhlandyrýar. Ynam bar ýerinde ýeňiş bar. Muňa men öz durmuşymda-da göz ýetirdim.

Mynasyp goşandymy goşaryn

Ösüşlere beslenýän döwrümizde esasy arzuwymyň hasyl bolandygy — talyp bolmak bagtynyň miýesser edendigi üçin göwün guşum ganatlanyp, başym göge ýetdi. Ýaş nesilleriň dünýä ülňülerine laýyk derejede döwrebap bilim almagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilen döwründe talyp bolmak — bagtlylygyň alamaty. Bagtyýar ýaşlaryň hatarynda men hem orta mekdepde okaýan döwrümde sapaklarymy özleşdirmekde, hemişe ökde okuwçylaryň hatarynda bolmakda yhlas-başarnygymy gaýgyrmadym. Ylmy we çeper edebiýatlary yzygiderli okadym. Bu bolsa bilimimiň has-da çuňlaşmagyna ýardam berdi. Okap, öwrenip, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy bagtyýar talyp hökmünde esasy maksadym hasaplaýaryn. Okamak, öwrenmek bolsa öz saýlap alan ugruň boýunça ökde hünärmen bolup ýetişmekde esasy şertdir.

Ösüşleriň ygtybarly kepili

Täze taryhy döwürde gazanylýan ägirt uly üstünlikleriň sanly ulgama geçilmegi bilen has-da berkidilýändigini durmuş aýdyň görkezýär. Şol sebäpli-de ähli pudaklara bu ulgamy giňden ornaşdyrmak üns berilýän esasy ugurlaryň biridir. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanýan sanly ulgam ösüşleriň ygtybarly kepilidir. Ol milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň we jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň ýokary netijeliligini gazanmakda uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçinem ulgamlary we pudaklary innowasion çemeleşmeler esasynda kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän işler rowaçlyga beslenýär. Sanly ykdysadyýetiň doly ornaşdyrylmagy bolsa, bu işlerde üstünlige ýetmegiň gözbaşydyr. Ýeri gelende aýtsak, sanly ykdysadyýet innowasiýalary öňe sürmegiň, bäsdeşlige ukyplylygy we ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmegiň möhüm şertidir. Bu ugurda öňde durýan belent wezipeleriň ajaýyp zamanamyzda üstünlikli durmuşa geçirilmegi guwandyryjydyr. Milli ykdysadyýetimiz innowasion esasda ösdürilýär, önümçilige täze tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar, ýurdumyzyň içerki önüminde bu ulgamyň goşandy artdyrylýar. Şeýle hem sanly ykdysadyýet ýurdumyzyň pudaklarynyň tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna goşmaça itergi berýär we zähmet öndürijiliginiň yzygiderli ýokarlanmagy üçin oňaýly şertleri döredýär. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetine ynamly goşulyşmagyny işjeňleşdirip, halkara h

Tebigaty goramak — möhüm mesele

Ýurdumyzda tebigatyň bize eçilen gözelliklerini hem-de onuň biodürlüligini gorap saklamak babatda uly işler geçirilýär. Bu ugurda kabul edilen maksatnamalar we bag nahallaryny ekmek bilen, tebigaty has-da baýlaşdyrmak boýunça geçirilýän çäreler munuň subutnamasydyr. «Garaşsyz Watanymyzda halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler gözel tebigatymyzy gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýär» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly döwlet syýasatynda tebigaty goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ýurdumyzyň ekologiýa syýasatynyň esasy maksady tebigy baýlyklarymyzy rejeli we netijeli peýdalanmakdan, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekden ybaratdyr. Halkymyzyň tebigaty goramak we oňa aýawly çemeleşmek baradaky ýörelgeleri asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň daş-töweregimizi gurşap alan tebigaty goramak, oňa aýawly çemeleşmek baradaky ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Şunuň bilen birlikde, daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça kanunçylyk binýady berkidilýär we kämilleşdirilýär. Bu ugurdaky döwrebap kanunlar tebigaty goramagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslary

Kuwwatly kärhananyň islegli önümleri

Himiýa senagaty milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolmak bilen, ýylsaýyn belent sepgitlere beslenýär. Gazanylýan ýokary zähmet üstünliklerinde «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň buýurmasy esasynda ýaponiýaly hem-de türkiýeli hyzmatdaşlar tarapyndan bina edilen «Garabogazkarbamid» zawodynyň işgärleriniň hem mynasyp paýy bar. Sazlaşykly işleýän bu zawod ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ýerli çig mal serişdelerini gaýtadan işlemek arkaly alynýan önümler bilen milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynyň zerurlyklaryny doly üpjün etmek, şeýle-de şol önümleriň daşarky bazarlara iberilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmak babatdaky wezipeleriň üstünlikli çözülmeginde möhüm orny eýeleýär. Himiýa senagatyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan kärhana 10 müň tonnalyk ammiak ammaryny, umumy sygymy 100 müň tonna karbamide deň bolan ammarlary, deňiz suwuny arassalaýjy we süýjediji desgany, elektrik energiýasyny öndürýän kuwwatly gaz turbina generatoryny, ýaşaýyş-durmuş hem-de medeni maksatly desgalary, şonuň ýaly-da beýleki önümçilik düzümleriniň birnäçesini özünde jemleýär. Ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlaryna daýanýan zawodyň önümçilik kuwwaty her ýylda ýokary hilli karbamidiň 1 million 155 müň tonnasyny, ammiagyň bolsa 660 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir. 

Ak ýollar mydama asuda bolsun!

Hormatly Prezidentimiziň: «Halkyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hakyndaky alada döwlet syýasatymyzda hemişe öňe sürýän baş maksadymyzdyr» diýen sözleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän giň gerimli işlerde aýdyň subutnamasyna eýe bolýar. Ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda ýokary guramaçylykda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk hem halkymyzyň abadan, asuda, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda döwlet derejesinde uly aladalaryň edilýändiginiň güwäsidir. Sebäbi ulag ýollarynda howpsuzlygy gazanmak raýatlaryň abadançylykda ýaşamagyny üpjün etmegiň esasy şertleriniň biridir. Bilşimiz ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň ýol-ulag düzümi barha kämilleşdirilip, awtomobil ulaglary ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, ulag ýollaryny halkara ölçeglere laýyk getirmek boýunça tutumly işler alnyp barylýar. Döwrebap ýollarda hereketiň howpsuzlygyny üpjün etmek bolsa ählihalk işi bolup, muňa biraýlygyň dowamynda guralýan çäreleriň ähli ulgamlary gurşap almagynyň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar.

Bagşy joşa gelse, göwünler güllär

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry ýokary ruhubelentlige, göwün joşduryjy pursatlara beslenip, ol ajaýyp zamanamyzda aýdym-saz sungatymyza belent sarpa goýulýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bäsleşikde welaýatymyzdan Türkmenbaşy şäher çagalar sungat mekdebiniň milli saz gurallary bölüminiň mugallymy Sahydursun Mätiýewa türkmen halk aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirmekde ýeňiji bolup, hormatly Prezidentimiziň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy. Sahydursuny gazanan üstünligi bilen gutlap, onuň bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol ýürek buýsanjyny beýan edip, şeýle gürrüň berdi:

Jümle-jahan görklener dutaryň owazyna

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşik «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem zehinli ýaş bagşy-sazandalaryň onlarçasyny ýüze çykardy. Bäsleşikde dutarda türkmen halk sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirmekde zehin-başarnygyny görkezip, hormatly Prezidentimiziň altyn zynjyryna mynasyp bolan ýaş, zehinli sazandalaryň biri-de welaýat ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň dutarçylyk hünäriniň 4-nji ýyl talyby Dawut Gulbaýewdir. 2010-njy ýylda Balkanabat şäherindäki 16-njy orta mekdebiň 1-nji synpyna okuwa baran Dawudy türkmen halk sazlaryna bolan söýgüsi şondan köp wagt geçmänkä, ýagny 2011-nji ýylda şäheriň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň işiginden eltýär. Ol ýerde ilkinji halypasy Halymberdi Hajyberdiýewden dutarda türkmen halk sazlaryny çalmagyň inçe tärlerini öwrenýär. Çagalar sungat mekdebini 2016-njy ýylda tamamlan ýaş zehine 2021-nji ýylda orta mekdebi hem tamamlap, şol ýylda welaýat ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň dutarçylyk hünäriniň talyby bolmak bagty miýesser edýär. Bu okuw mekdebinde oňa Meretnepes Rahmanow dutarda türkmen halk sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi öwretmekde tagallasyny gaýgyrmaýar.

Medeniýet halkyň kalbydyr

«Medeniýet halkyň kalbydyr» diýmek bilen, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösmegine ak ýollary açan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet we sungat ulgamynda amala aşyrylýan beýik işler bagtyýar raýatlarymyzyň buýsanjyna buýsanç goşup, başlaryny göge ýetirýär. Gadymylygy, özboluşlylygy, şol bir wagtda hem döwrebaplygy, täzeçilligi bilen dünýäniň ünsüni özüne çekýän milli medeniýetimizi we sungatymyzy has-da kämilleşdirip, Ýer ýüzüne ýaýmakda alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Hawa, ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzda medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, milli mirasy düýpli öwrenmek, aýawly saklamak we wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Medeniýet ulgamynyň kanunçylyk binýadynyň hem yzygiderli kämilleşdirilýändigini bellemek aýratyn ýakymlydyr. Medeniýetiň strategik ähmiýetini tassyklaýan, medeni gymmatlyklary döretmek, türkmen halkynyň medeniýetini dikeltmek, aýawly saklamak, ösdürmek hem-de dünýäde wagyz etmek ulgamlarynda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny munuň aýdyň subutnamasy hökmünde görkezmek bolar.

Ruhy baýlyk

Ata Watanymyzda milli medeniýete, sungata uly sarpa goýulýar. Medeniýet ulgamynyň ösmegi üçin tutumly işler durmuşa geçirilýär. Asyrlaryň synagyndan geçip, häzirki günlerimize ýetip gelen milli medeniýetimize, sungatymyza, olaryň durmuşymyzdaky ornuna ýokary baha berlip, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Ýurdumyzyň dürli künjeginde gurlan, ähli şert-mümkinçilikleri özünde jemleýän kitaphanalary, muzeýleri, medeniýet öýleridir çagalar çeperçilik, sungat mekdeplerini milli medeniýetimizi ösdürmekde amala aşyrylýan işleriň hatarynda görkezmek bolar. Hormatly Prezidentimiziň: «Medeniýet we sungat halkyň ruhy baýlygydyr. Medeniýet ulgamynyň ösüşleri jemgyýetiň bitewüligini, milletiň ruhy galkynyşyny üpjün edýär» diýip belläp geçişi ýaly, ol birleşdiriji we ruhlandyryjy güýç bolup hyzmat edýär. Halkyň kalbyna deňelýän medeniýetimizde milli aýratynlyklarymyz we asyrlaryň dowamynda gazanan üstünliklerimiz jemlenendir. Has takygy, medeniýet, sungat halkyň milli gymmatlyklaryny emele getirýär. Şol gymmatlyklar hem halkyň kalbyndan çykyp, onuň şöhratly taryhyny, bagtyýar şu gününi we röwşen geljegini ähli gözellikleri bilen açyp görkezýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda zehinli çagalaryň hünär öwrenmegi babatda uly aladalar edilýär. Nurana geljegimiz bolan çagalaryň çeperçilik we sungat mekdeplerinde dür

Ynan

Säher turup, salam berip Güneşe,Başlan haýyr işiň bitjegne ynan.Durmuş — göreş, ynamly çyk göreşe,Tutan maksadyňa ýetjegňe ynan. Bu durmuşdyr, bar gaýtgyny, daşgyny,Sabyrla bagyş eder herhal yşkyny,Kalba dolsa hak ylhamy, joşguny,Kynçylygyň sowlup ýitjegne ynan.

Bilim dünýäsi bagta atarýar

Şahyryň «Ýene güýz. Güýz bolsa saralýar ýaprak» diýen setirlerini ýadymyza salýan tylla güýz bosagamyzda dur. Bu pasyl özi bilen Bilimler we talyp ýaşlar gününi hem alyp gelýär. Ýurdumyzyň bilim ojaklary ýene sanlyja günden ýaş nesillere gapylaryny giňden açarlar. Kalplary bilime teşne çagalar ak mekdepleriň gujagyna dolarlar. Ýurdumyzda bilimiň hilini dünýä ülňülerine laýyk kämilleşdirilmek, sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilmegi, orta mekdepleriň multimediýa enjamlary bilen üpjün edilmegi, bilim bermegiň döwrebap usullaryndan peýdalanylmagy ýaş nesillerimiziň ýagty geljegi ugrundaky aladalaryň aýdyň nyşanydyr.

Käbäm

Gujagyň jennete deňdir,Sen mähriban käbäm meniň.Başym sypan elleň emdir,Sen mähriban käbäm meniň. Gülüp baksaň alaýazdyr,Göwnüm şonda aýdym-sazdyr,Näçe wasp etsem hem azdyr,Sen mähriban käbäm meniň.

Geliň, ýaňyltmaç aýdalyň!

Uly bulaga uly gulakBent bolar.Kiçi bulaga kiçi gulakBent bolar.*  *  *Ejiz ejire ejiz,Kejir hemişe kejir.*  *  *Gulp gulp bolsa galp bolmaz,Gulp galp bolsa gulp bolmaz.*  *  *Düşdüş, düşbüje düşdüş,Düşüber, bişdi biş-düş.*  *  *Çakan çopan, Çakan çopan,Çölde çaýkel çokan çopan.

Ýaş kalbym aýdymdan doly

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler, gazanylýan ösüşler biziň — ýaş nesilleriň kalbynda hem egsilmez buýsanjy döredýär. Milli medeniýetimiz we sungatymyz hem ajaýyp zamanamyzda uly ösüşlere beslenýär. Sungata höwesli ýaş nesilleriň öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçinem ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Çaga kalbymda dörän aýdymçy bolmak höwesi meni mundan iki ýyl ozal etrabymyzdaky çagalar sungat mekdebiniň işiginden getirdi. Şondan bäri bu sungat ojagynda halypalarymyň elinde sapak almak bilen, zehinimi, ukybymy ösdürýärin. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Iň eýjejik gyzjagaz» atly bäsleşiklere gatnaşyp, aýdym aýtmakda öz ukyp-başarnygymy görkezdim. Diňe bir aýdymlary ýerine ýetirmekde däl-de, küşt depip, gazal aýtmakda hem kämilleşmäge çalyşýaryn.

Ilkinji haýwanat baglary

1150-nji ýylda hytaý imperatory tarapyndan döredilen ilkinji haýwanat bagynda dürli görnüşli haýwanlaryň, guşlaryň we balyklaryň ençemesi saklanypdyr. Haýwanat bagynyň köpçülik üçin däl-de, imperatoryň göwnüni açmak maksady bilen esaslandyrylandygyny hem-de bu ýerde haýwanlaryň seýrek duş gelýän görnüşleriniň saklanandygyny bellemek gerek. 1774-nji ýylda Madridde, 1793-nji ýylda bolsa Parižde köpçülik üçin niýetlenen haýwanat baglary açylýar. Londonda ylmy derňew geçirmek maksady bilen, 1829-njy ýylda haýwanat bagy döredilýär. Bu janly muzeý 1847-nji ýylda bilesigelijiler üçin gapylaryny giňden açýar. Londonda suw jandarlarynyň täsin dünýäsini edil eliň aýasynda ýaly görkezýän akwarium 1853-nji ýyldan bäri köpçüligiň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň biridir. Bu ýerde çagalar üçin niýetlenen haýwanat bagy 1938-nji ýylda açylýar.

Taýakzyňdy

(Türkmen milli oýny) Oýun gündizine bukular ýaly amatly ýerde ýa-da agşamlaryna Aý aýdyň wagtynda oýnalýar. Oýun üçin uzynlygy 40-50 santimetr bolan taýak gerek.

Kitap — ynsanyň ýakyn hemrasy

Kitap adamyň ýakyn dosty, syrdaşy hasaplanýar. Ony okamagyň, kiçi ýaşly çagalara okap bermegiň ynsan saglygy üçin hem peýdaly taraplary kän. Kitap okamak beýniniň işjeňligine itergi berýär. Sport bilen meşgullanylanda myşsanyň türgenleşdirilişi ýaly, kitap okalanda hem beýni türgenleşýär. Şeýle-de kitap okalanda, pikirlenişi ösdürýär, ýadawlygy aýyrýar, ýatkeşligi gowulandyrýar. Geçirilen barlaglara görä, okamak beýnini dürli kesellerden goraýar. Şonuň ýaly-da, adamyň özüne bolan ynamyny artdyrýar, her bir işe döredijilikli çemeleşmäge ýardam edýär. Kitap okamak rahat ukyny hem üpjün edýär. Eger-de siz günde gülküli eseri okamagy endik edinseňiz, onda uky bilen bagly mesele bolmaz.

Bagtyýar çagalygyň mekany

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bagtyýar ýaş nesillerimiziň sagdyn ösüp-ulalmaklary, ylymly-bilimli, maksada okgunly, ilhalar, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri barada uly aladalar edilýär. Olaryň döredilýän şert-mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmaklaryny, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak babatda amala aşyrylýan işler hem oňyn netijelerini berýär. Bagtyýar çagalar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tomusky dynç alyş möwsüminde ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan hem peýdaly geçirdiler. Dynç alyp, saglyklaryny berkiden çagalaryň arasynda guralan dürli medeni-sport çäreleriniň olarda iň ýakymly ýatlamalary galdyrandygyny ynam bilen aýdyp bileris. Elbetde, ýaş nesilleriň sagdyn durmuş ýörelgeleri, sport bilen hemişelik meşgullanmaklaryny gazanmakda şeýle çäreleriň täsiri örän ýokarydyr. Şu ýyl «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülikleýin we sport çäreleri bolsa ýurdumyzyň dost-doganlygyň, bagtyýar çagalygyň mekanydygyny äleme aýan etdi.