"Balkan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Balkan welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Balkanabat şäheri, 145-nji ýaşaýyş jaý toplumy, 1
Telefon belgileri: 6-37-06, 6-07-92, 6-07-96
Email: balkan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Beýik maksat — bagtyýar geljek

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly üstünliklere beslenen ýyl bolar Geçen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyny ösüşli, özgerişli gadamlara beslän halkymyz ýagşy umyt-arzuwlar, belent maksatlar bilen täze ýyly garşy aldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ajaýyp özgerişleriň, ösüşleriň, şanly wakalaryň, gowulyklaryňdyr öňe ilerlemeleriň köp sanlysyny ýurdumyza peşgeş beren 2020-nji ýyl taryha girdi. Geçen ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli hem-de maksadaokgunly başlangyçlarynyň netijesinde köptaraplaýyn häsiýete eýe bolan uly işleriň durmuşa geçirilmegi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň halkara abraýyny has-da arşa göterdi.

Maşgala mukaddesligi

Halkymyzda maşgalaly bolmak, maşgala mukaddesligini sarpalamak wajyp saýylýar. Her bir ene-ata perzendiniň watansöýüji, ile-güne haýyrly adamlar bolup ýetişmegi üçin, çaga heniz dünýä inen gününden aladalanýar, jemgyýetde ornuny tapmagyny, saýlap alan hünäriniň hakyky eýesi bolmagyny üns merkezinde saklaýar. Bu göräýmäge adaty mesele ýaly bolsa-da, halkyň, tutuş jemgyýetiň ykbalyna täsir edýän meseledir. Hormatly Prezidentimiz jemgyýetimiziň arassa, ösüp gelýän ýaş nesliň terbiýeli bolmagy barada taýsyz tagallalary edýär. Milli Liderimiz ýaş nesliň bagtyýar geljegine gönükdirilen işleri durmuşa geçirýär. Çaga doglandan üç ýaşyna ýetýänçä döwlet kömek pulunyň berilmegi, on bäş ýaşy dolýança saglygy goraýyş hyzmatlarynyň mugt bolmagy, döwrebap çagalar baglarydyr orta mekdepleriň, sport we sagaldyş toplumlarynyň ulanylmaga berilmegi, bilim almaga we hünär öwrenmäge ähli şert-mümkinçilikleriň döredilmegi nesil terbiýesinde ene-ata uly kömek-goldawdyr. Halkymyzda perzendiň dogulmagy iň uly bagta, döwletlilige deňelýär. Şonuň üçinem her bir çaganyň kemala gelmegi, jemgyýete gerekli adam bolup ýetişmegi hakyndaky alada esasy orunda durýar. Maşgalany goramagyň, çaga terbiýelemegiň tejribesi ýyllaryň dowamynda toplanylýar. Şonuň üçin hem her bir çaga irgözinden özbaşdak durmuşa gözükdirilse, pederlerimiziň durmuş tejribesine eýerilip, ýol-ýörelgelerinden ugur alynsa, geljekde maşgala bi

Dostlukly gatnaşyklaryň merkezi

Il agzybirliginde, ýurt abadançylygynda täze, 2021-nji ýyla gadam basdyk. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan bu ýyl ählumumy abadançylygyň, hoşniýetli dostlugyň alamaty bolup geldi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bütin dünýäde parahatçylygyň, ylalaşygyň we dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryň merkezi hökmünde uly abraýdan peýdalanýar. Ol baky bitaraplyk ýörelgelerini äleme ýaýan we oňa ygrarlylygy bilen halkara jemgyýetçiliginiň hormat-sarpasyna mynasyp bolan ylalaşdyryjy ýurtdur. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň halkara derejesinde giňden bellenilen ýylynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Mundan başga-da, bu abraýly guramanyň şol mejlisinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça hem-de Milletler bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bu ugurda ýurdumyzyň alyp barýan ägirt uly işleriniň özboluşly ykrarnamasy bolsa, hormatly Prezidentimiziň öňe süren ajaýyp başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçyl

Uly umyt-arzuw bilen gadam basan ýylymyz

(Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi kalbymyzy egsilmez buýsanja besledi) Dünýäni çagyryp durar jebislige, birlige,Uly umyt-arzuw bilen gadam basan ýylymyz.Bagtyň ajap nurun çaýar ol buýsançly serlere,Uly umyt-arzuw bilen gadam basan ýylymyz.

Çagalar — bagtyýar geljegimiz

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eneleriň we çagalaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak, çagalara aýratyn üns bermek, olara söýgi, mähir, alada bilen garamak döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan möhüm ugurlaryň biridir. Hormatly Prezidentimiziň çagalar hakyndaky atalyk aladalary netijesinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän, täze enjamlar, multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglarydyr mekdepler gurlup, ulanylmaga berilýär. Bagtyýar çagalygyň ýurdy bolan Watanymyz mähriban Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine berk eýermek arkaly goňşy ýurtlar, şeýle-de dünýäniň beýleki döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär. Ýurdumyz çaganyň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, eneligi we çagalygy goldamak babatda BMG-niň Çagalar gaznasy — ÝUNISEF bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Düýe maly — dünýe maly

Aýdylanlar, ýazylanlar az bolmasa-da, düýe maly barada aýtmaga-da, ýazmaga-da zat kän. Sonarly örülere ýaraşyk berip, ümmülmez sähralyklarda otlaşyp ýören düýeler desserhanymyzyň berekedini artdyrýar. Ata-babalarymyzdan milli ýörelgeler, ruhy we ahlak gymmatlyklar, däp-dessurlar nesilden-nesle geçip, bize miras bolup gelýär. Güneşli Diýarymyzyň köp bölegini ymgyr çölli Garagum tutansoň, adamlar çarwaçylyk bilen meşgul bolupdyrlar, dürli mallary saklapdyrlar. «Malym — janym» diýýän pederlerimiz öz mallaryny gözüniň göreji ýaly görüpdirler. Düýedarçylygy hem ýaşaýyş hajatlaryny üpjün edýän kesp-kär hasaplapdyrlar. Düýe maly halkymyzyň milli gymmatlygy we buýsanjydyr. Ata-babalarymyz Beýik Ýüpek ýolunyň uzak menzillerini düýeli kerwenler bilen geçipdirler. Daş ýurtlara argyşa gidip, dürli harytlary, azyk önümlerini getiripdirler, göçüni bolsa inerler bilen çekipdirler. Iner suwsuzlyga, yssy howa çydamly, agyr ýük göterip bilýändigi bilen tapawutlanypdyr. Şonuň üçin merdana halkymyz «Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz» diýen pähimi döredipdir. Düýe maly — örän duýgur jandar. Ol otuň haýsy ýerde bitginlidigini ýalňyşman bilýär. Ýagyş ýagyp, ýörite gazylan kaklara, takyrlaryň ýakynyndaky guýmalara — tebigy suw jemlenýän pesräk ýerlere düşýän suwy uzak aralykdan bilip, göni barmagy, şondan suwlanmagy başarýar.

Derde derman önümler

Kelem. Dermanlyk häsiýeti bilen tapawutlanýan, ynsan saglygy üçin peýdasy uly bolan kelemiň minerallaryň hakyky hazynasydygy ylmy taýdan tassyklanandyr. Ol, esasan hem, C, K witaminlerine baýdyr. Berhiz saklamakda ak kelem peýdaly bolup, düzüminde askorbin turşusy köpdür. Günaşa kelem iýýän adam infarktyň we insultyň ýüze çykmak howpuny azaldyp biler. Bal bilen garylan kelemi dem alyş ýollarynyň hem-de bagryň sowuklamasynda, ýürek-damar kesellerinde, gan basyşy ýokary bolan adamlara iýmek maslahat berilýär.

Iň çuň howuz

Polşanyň paýtagty Warşawadan uzak bolmadyk ýerde dünýäde iň çuň hem uly howuz ýerleşýär. Onuň çuňlugy 45,7 metre ýetýär, 8 müň kub metr suw sygýar. Gurluşygy iki ýyla çeken howuz suwda ýüzmegi öwrenýänler we suwa çümüjiler üçin niýetlenen bolsa-da, ajaýyplyklary özünde jemleýär. Onuň içinde dürli güýmenjeler hem göz öňünde tutulandyr. Suw astynda, 5 metr çuňlukda daş-töweregiň gözelligine syn etmek mümkinçiligi bolan dury ötelge, ähli amatlyklary özünde jemleýän myhmanhana otaglary we her hili şekilli hek ösüntgileri bolan gowak bar. Suwuň düýbündäki gark bolan gäminiň, gadymy maýýalaryň ybadathanasynyň görnüşindäki maketler hem täsindir. Öň dünýäde iň çuň howuz Italiýada ýerleşýärdi. Onuň çuňlugy 40 metrdir.

Merjen däneleri gözläp il söken...

Meniň bilen köp ýyl bäri gadyrly gatnaşyp ýören okumyş ýaşuly golaýda öz şahsy kitaphanasyndan birnäçe kitap sowgat berdi. Olaryň arasynda halk hazynasyny toplaýjy Ümür Eseniň 1994-nji ýylda çap edilen «Türkmen aganyň edebi» diýen kitaby-da bar eken. Elimi ilki şoňa uzadanymy duýman galdym. Kitabyň «Sözbaşysynda» meşhur mirasgär barada: «... dür dänelerini eşrepi ýaly görüp, uzak ýyllaryň dowamynda oňa güýç-kuwwatyny, duýgy-düşünjesini, akyl-paýhasyny sarp edip, «etek alty, ýeň ýedi» bolup, abyrsyz hazynany toplap, il-güne lükgeligi bilen gaýdyp bermegiň aladasy bilen ýaşaýan adama Ümür Esen diýýärler. Ol şol ady bilen Garaşsyz Diýarymyzyň her bir künjeginde tanalýar, hormatlanýar. Onuň irginsiz gözlegleriniň, hysyrdyly zähmetiniň netijesinde dörän, «Bäý-bä, türkmenem daş ýarýan akyl-paýhasly, inçeden yzarlaýan duýgy-düşünjeli halk eken-ow!» diýdirýän gazet-žurnal makalalaryny okamadyk, gürrüňlerini diňlemedik türkmen seýrek bolsa gerek» diýilýär.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

1-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, ýetip gelen Täze, 2021-nji ýyl mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de berk jan saglyk, bagt, türkmen we türk halklarynyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Beýik ösüşleriň ruhy güýji

Halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alyp, asyrlaryň dowamynda sünnäläp döreden milli däp-dessurlaryna, edim-gylymlaryna, paýhas ýörelgelerine aýratyn hormat goýýan, sarpalaýan mähriban Arkadagymyz olary kämilleşdirmek, geljekki nesillere ýetirmek üçin beýik işleri alyp barýar. Täze, 2021-nji ýylyň bosagasynda hormatly Prezidentimiz wideoaragatnaşyk görnüşinde ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge bagyşlap geçiren iş maslahatynda döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň belleniljek ýylynda medeniýet ulgamynyň, hususan-da kitaphanalaryň, muzeýleriň, teatrlaryň öňünde durýan wezipeleriň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyz kitaphanalarda, muzeýlerde we beýleki medeni ojaklarda şanly sene mynasybetli tanymal ýazyjy-şahyrlar, zähmet weteranlary bilen duşuşyklary, döredijilik we aýdym-sazly agşamlary yzygiderli guramagy tabşyrdy. «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymaty öňe süren Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşymyza döwrebap, ýokary tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Onlaýn aragatnaşygy, internet saýtlary, elektron poçtalary muňa aýdyň subutnama bolup durýar. Her bir meseläni ünsünden sowmaýan Gahryman Arkadagymyz sanly ulgamlary ösdürmegi, hasam kämilleşdirmegi möhüm wezipe edip goýýar.

Milli demokratiýanyň esaslary

Berkarar ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda asyrlardan aşyp gelýän milli ýörelgelere, dünýä tejribelerine esaslanýan demokratiýa pugtalanýar hem-de ösdürilýär. Munuň özi döwletimiziň saýlaw ulgamyny alanymyza hem aýdyň görünýär. Ata Watanymyzda saýlawlary raýatlaryň işjeňliginde guramaçylykly geçirmekde baý iş tejribäniň toplanandygyny bellemek gerek. Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edilip, Esasy Kanunymyza umumadamzat gymmatlyklaryndan, bähbitlerinden, demokratik, adalatlylyk ýörelgelerinden ugur alýan kämil, döwrebap üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Ösüşiň hem abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň netijesinde ýurdumyz uly ösüşlere eýe bolýar. Döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň düýp özenini düzýän ynsanperwerlik ýörelgesi döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň we teklipleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ynsanperwerlik gatnaşyklaryna esaslanýan halkara hyzmatdaşlygynyň giňden ösdürilmegi sebitiň we dünýäniň halklaryny bir-birine barha ýakynlaşdyrýar. Häzirki wagtda Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygynyň esasy wezipelerini çözmekde ygtybarly we abraýly hyzmatdaş bolup durýar. Döwletimiz halkara guramalarynyň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýar, dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar. ªolaryň arasynda ylym-bilim, söwda-ykdysady, saglygy goraýyş, energetika, ulag-kommunikasiýa, ekologiýa, medeniýet, sport we syýahatçylyk ugurlary uly orun tutýar. Garaşsyzlygyň sütüni bolan hem-de eziz Watanymyzyň öňdengörüjilikli we netijeli halkara syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda uly orny eýeleýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilmegi ýurdumyzyň taryhynda uly ähmiýetli wakalardyr. Bitarap döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň esasy maksady dünýä bileleşigi bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşykla

Buýan

Häsiýeti. Gadymyýetden bäri köpleriň ünsüni özüne çekip gelýän täsin dermanlyk ösümligiň dünýäde, takmynan, 15, Türkmenistanda 4 görnüşi duş gelýär. Ösümlik il arasynda «süýji buýan» diýlip hem atlandyrylýar. Buýan — kösükliler maşgalasynyň buýanlar urugynyň boýy 60-80 (100) santimetre ýetýän köpýyllyk otjumak wekili. Baldagy dikligine ösýär, köp şahaly, reňki gyzylymtyl. Ýapragy ýelek şekilli, uzynlygy 5-20 santimetr. Onda 3-10 jübüt ýalpyldap duran dykyz, süýri ýumurtga görnüşli ýapraklar ýerleşýär. Olaryň ýüzüne edil ýelim çalnan ýalydyr.

Täsirli geçen maslahat

Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň 25-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde buýan köküniň dermanlyk häsiýetlerini öwrenmek dogrusynda beren tabşyryklaryndan ugur alyp, Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebinde «Buýan köküniň ähmiýeti» diýen at bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onda çykyş edenler sahawatly türkmen topragynyň dermanlyk ösümliklere örän baýdygyny bellemek bilen, il arasynda «süýji buýan» ady bilen belli bolan buýan köküniň ylmy we halk lukmançylygynda içde döreýän keselleri, üsgülewük, böwrek, ýokarky dem alyş ýollarynyň hem-de onikibarmak içegäniň kesellerini bejermekde dermanlyk serişde hökmünde giňden ulanylýandygy, ylmy çeşmelere salgylanyp, Gippokrat, Galen, Ibn Sina ýaly alymlaryň hem dürli kesellerde buýan kökünden peýdalanandyklary barada gürrüň berdiler. Bu ösümligiň düzümindäki glisirrizin turşusynyň ýokanç keselleriň öňüni almakda, olary ýok etmekde peýdasynyň uludygyny belläp geçdiler. Buýan köküniň dermanlyk häsiýeti, lukmançylykda ulanylyşy, biologik aýratynlyklary hem-de himiki düzümi barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynda giňişleýin beýan edilýändigini nygtadylar.

Köp derdiň dermany Türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýeti dünýä meşhur bolýar

Türkmen — owal-ahyr saglyga sarpa goýup gelen halk. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» kitabynda beýanyny tapan «Sag başym — soltan başym», «Saglygym — begligim», «Saglyk — baýlyk» ýaly nakyllardyr atalar sözleri ata-babalarymyzyň saglyga näderejede ähmiýet berendigine, ony dünýäniň mal-mülkünden, genji-hazynasyndan hem zyýat görendigine şaýatlyk edýär. Pederlerimizden miras galan bu ýörelge Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Şu ýerde bir zady, özem örän möhüm zady aýratyn belläp geçmek gerek: biz milli Liderimiziň ýurdumyzda ýaşaýan her bir adamyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulanmagy ugrunda ýadawsyz alada edýändigi, il bähbitli, dünýä ähmiýetli başlangyçlara badalga berip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende göterýändigi bilen birlikde, lukman Arkadag, alym Arkadag bolup, öz raýatlarynyň jan saglygyny hemme zatdan ilerde tutýandygy, ony goramaga uly üns berýändigi, bu ugurda ylmyny, zehinini, zähmetini gaýgyrmaýandygy üçin hem buýsanmalydyrys. «Döwletimiziň beýik geljegi halkymyzyň bagtyýar we sagdyn durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr» diýýändigi üçin buýsanmalydyrys. «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary», «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy”, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Bagtyýarlyk

Bular «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda boldy 2020-nji ýylda welaýatymyzda bolup geçen wakalar, ulanyşa berlen desgalar

Maý 5-nji maýda welaýatymyzda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz «Awaza» Kongresler merkezinde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de beýlekileriň gatnaşmaklarynda geçirilen mejlisde ýurdumyzyň çäklerine koronawirus ýokanjynyň aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak üçin meýilleşdirilen çäreler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu meseleler boýunça ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenilip, öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Mynasyp goşandymyzy goşarys

Ajaýyp döwrümizde halkymyz, aýratynam ýaş nesil barada edilýän aladalar hil taýdan täze derejelere göterilýär. Gahryman Arkadagymyzyň bagtyýar ýaşlaryň eşretli döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk okap, bilim-terbiýe almagy, berk bedenli, sagdyn ruhly, ata Watanymyzy jany-teni bilen söýýän şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin durmuşa geçirýän işleri bimöçberdir. Ösüp gelýän ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermekde biz — mugallymlaryň üstüne uly jogapkärçilik düşýär. Belent wezipä hötde gelmekde hemme şertler döredilýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki maksatly desgalaryň gurlup, ulanylmaga berilýändigi hem munuň aýdyň mysalydyr. Döwlet Baştutanymyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa geçirýän beýik işleri bizi mundan beýlägem döredijilikli, öndürijilikli zähmete ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesillerimiziň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna alyp barýan işlerine mynasyp goşant goşmak üçin mundan beýlägem yhlas-başarnygymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

Nusgasy iller gezer

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň abadan ýaşaýşyna gönükdirilen beýik işlerini, ýaşlaryň edep-terbiýeli bolmaklaryny, gyzlaryň el hünärlerinden baş çykarmaklaryny gazanmagy wagyz etmek boýunça täsirli çäreler, maslahatlar, sergiler guralýar. Şeýle çäreleriň biri-de «Nusgasy iller gezer» diýen at bilen Serdar şäher medeniýet öýünde geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň we Serdar şäher geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat we şäher birleşmeleriniň bilelikde guramaklarynda geçirilen söhbetdeşlige orta mekdepleriň mugallymlary, mährem eneler we gyzlar gatnaşdylar. Çykyşlarda el işleriniň gyzlary terbiýelemekdäki ähmiýeti barada gürrüň edildi. Gyzlara keşde-nagyş öwretmekde, haly-palas dokamagyň tärlerini doly ele almaklaryny gazanmakda edilmeli işleriň edep-terbiýe bilen baglydygy aýdyldy. El işleriniň dowamat-dowam bolmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagy, beýik başlangyçlarynyň has-da rowaç almagy arzuw edildi.

Ýylyň ähli pasyllarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, degişli çäreler döwlet derejesindäki talaplara laýyk geçirilýär. Pasyllaryň çalyşmagy bilen baglylykda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, pasyllara görä gün tertibini dogry alyp barmaklyk zerur bolup durýar.