"Balkan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Balkan welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Balkanabat şäheri, 145-nji ýaşaýyş jaý toplumy, 1
Telefon belgileri: 6-37-06, 6-07-92, 6-07-96
Email: balkan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýaşlar röwşen geljegimiziň eýeleridir

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýaşlar baradadyr. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagyna, okamagyna, işlemegine gönükdirilendir. Milli Liderimiz Watanymyzyň geljeginiň ýaşlara baglydygyny hemişe nygtap, ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olaryň arasynda ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da rowaçlandyrmak, watansöýüjiligi, raýat jogapkärçiligini, zähmete bolan söýgini terbiýelemek, döwlet we jemgyýetçilik bähbitleri bilen ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny utgaşdyrmak, olaryň jemgyýetçilik, şahsy başlangyçlaryny ileri tutmak, goldamak we höweslendirmek ýaly örän möhüm wezipeleri öňe sürýär. «Ýaşlar Watanymyzyň güýç-kuwwaty we abraý-mertebesidir» diýip nygtaýan döwlet Baştutanymyzyň sagdyn pikirli, ahlak taýdan arassa, ruhubelent, ylmyň soňky gazananlaryny ele alan, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenen ýaş nesliň kemala gelmegi üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýändigi, elbetde, döwrümiziň ajaýyp hakykatydyr. «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» durmuşa

Ýylyň ähli ylyň ähli pasyllarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlary

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, degişli çäreler döwlet derejesindäki talaplara laýyk geçirilýär. Pasyllaryň çalyşmagy bilen baglylykda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, pasyllara görä gün tertibini dogry alyp barmaklyk zerur bolup durýar.

Howpsuzlyk düzgünleri berjaý edilmelidir

Ýaşaýyş jaýlarynda ulanylýan elektrik geçiriji simler ähli talaplara gabat gelmelidir, ýagny olaryň ýogynlygy, daşky örtügi, gurnalyş hem-de ýüze çykýan adatdan daşary ýagdaýlardan goraýjylary talaba laýyk edilip gurnalmalydyr. Simler bildirilýän talapdan inçe bolsa ýa-da şol simlere bir wagtyň özünde birnäçe elektrik enjamlary çatylsa, şeýle ýagdaý elektrik geçiriji simleriň geçirijilik ukybyndan has artykmaç togy geçirmegine getirýär we olaryň çakdanaşa gyzmagyna, daşky örtüginiň gurap ýanmagyna ýa-da gurap, jaýryk atyp, öz goraýjylyk ukybyny ýitirmegine getirýär. Bu bolsa gysga utgaşmanyň ýüze çykyp, ýangyn döremegine sebäp bolup bilýär. Elektrik geçiriji simleriň daşky örtügi wagtyň geçmegi bilen gurap gataýar we öz goraýjylyk ukybyny ýitirýär. Şonuň üçin olaryň daşky örtügini barlap durmalydyr we bardy- -geldi, simleriň açyk ýeri ýüze çykarylsa, derrew örtgi bilen berk saramalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasynyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 12-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ynanç hatyny gowşurdy hem-de pursatdan peýdalanyp, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýyl baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Dünýä nusga ýörelgämiz, ýolumyz

Güneşli Diýarymyzda uly ynam bilen garşylanan täze, 2021-nji ýylyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň halkara abraýyny, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryny we syýasy, ykdysady hem-de medeni hyzmatdaşlygyny aýdyň alamatlandyryp, täze üstünliklere, has uly öňegidişliklere ýol açdy. Milli Liderimiziň öňe süren ajaýyp başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa, halkymyzyň ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgeleriniň bütin dünýä nusga bolýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara bileleşigindäki orny has-da pugtalanýar, parahatçylyk söýüji halkymyzyň abraý-mertebesi belende göterilýär. Muny baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň giňden bellenilen ýylynda bolup geçen dünýä ähmiýetli taryhy wakalar ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Ýurdumyz tarapyndan halkara ähmiýetli iri möçberli taslamalara badalga berilmegi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün etdi we şol bir wagtyň özünde dünýä döwletleri bilen ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has giňelmegine-de oňyn şertleri döretdi. Bu bol

Ylym bilen berkdir ýurduň binýady

Akyldarlaryň biri: «Siwilizasiýanyň iň derwaýys wezipesi adama pikirlenmegi öwretmekdir» diýipdir. Pikir bolsa, mälim bolşy ýaly, ylmyň önümidir. Biziň durmuşymyza tapgyr-tapgyr täzelikleri girizip gelýän ylym bu gün iň ýokary derejä ýetip, dünýäni bütinleý özgertdi. Indi ýaşaýşy biri-birinden kämil tehnikasyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Ylym, şeýle-de, döwre öz talaplaryny girizýär. Şol talaplara abraý bilen hötde gelinmegi ösen jemgyýeti kemala getirýär.

Rowaçlyga beslenen ýyl bolar

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk taryhy senesiniň giňden belleniljek ýylynyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy agzybir halkymyzyň kalbyny buýsanja besledi. Eziz Arkadagymyzyň tutuş dünýäde uly gyzyklanma, goldawa eýe bolýan döwlet syýasatynda ählumumy parahatçylygy berkitmek, dostlugy, hoşniýetliligi, birek-birege ynanyşmagy dabaralandyrmak asylly ýörelgeler bolup durýar. Dünýäniň abraýly halkara bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämizden gelip çykýan bu ýörelgeler ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň binýatlyk esasyny düzýär, dünýä döwletleri, halklary bilen alyp barýan hoşniýetli gatnaşyklarymyzy baýlaşdyryp, onuň ugurlaryny kesgitleýän netijeli gural bolup durýar, Garaşsyz döwletimiziň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär. Berkarar Diýarymyz halkara ähmiýetli iri taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýän ajaýyp mekanyna öwrülýär, özüniň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini parahatçylykly durmuşyň, döredijilikli ösüşiň rowaçlyklaryna gönükdirýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly beýik tutumlary bilen bu hakykaty ýene bir ýola dünýä ýaýar.

Sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýylyny şöhratly şygara beslemek, döwrebap atlandyrmak Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren ajaýyp zamanasynyň asylly däbine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenis-tan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy uludan toýlanylan 2020-nji ýyl Diýarymyzyň, halkymyzyň durmuşynda uly ähmiýetli wakalara baý bolan ýyl hökmünde taryha altyn harplar bilen ýazyldy. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy giňden belleniljek 2021-nji ýylyň «Türkmenis-tan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi hem kalbymyzy egsilmez buýsanja besledi. Türkmenistanyň teklibi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dünýäde dabaralanýandygynyň ýene-de bir ykrarnamasy bolan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmeginden gözbaş alýan bu şygar bilen üstümizdäki ýylyň hem taryhy özgertmelere, uly wakalara beslenjekdigini ynam bilen aýtsa bolar. Elbetde, haýsy ýurtda sagdyn durmuş ýörelgesi, köpçülikleýin bedenterbiýe, ýokary netijeli sport rowaçlanýan bolsa, hut şol ýurduň ähli ulgamlarynyň ösüşler bilen gurşalýandygy, şol döwletiň raýatlarynyň bagtyýar, eşretli, sagdyn durmuşda ýaşaýandygy — adamzat jemgyýet

Saglygym — baş baýlygym

Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, bedenterbiýe maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirmek, sport bilen meşgullanmak, arassa howada gezelenç etmek bilen öz saglygyňyzy gorap bilersiňiz. Şeýle-de möwsümleýin ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen ýörite düzgünleri berk berjaý etmeli. 1. Witaminlere we mikroelementlere baý gök önümleri, ter we kakadylan miweleri, süýt we süýt önümlerini iýmeli. Limonly, itburunly, bally çaý, dürli miweleriň ter şireleri örän peýdalydyr.

Ýol görkeziji şamçyrag

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ägirt uly ösüşlere beslenýär. Mähriban türkmen halkymyz bagtly durmuşda ýaşaýar. Ajaýyp zamanamyzda Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmagy başarýan kämil, watansöýüji nesli terbiýelemekde biziň — mugallymlaryň öňünde uly wezipe durýar. Adamzat jemgyýetiniň asyrlaryň dowamynda toplan tejribesi bolsa çaga terbiýesiniň diýseň çylşyrymlydygyna şaýatlyk edýär. Bu mesele ata-eneden, terbiýeçiden, mugallymdan, tutuş jemgyýetden köp zähmet, wagt, ukyp talap edýär.

Berkarar Diýarymyzyň tutmlary rowaç bolsun!

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy, agzybir halkymyzyň tüýs ýürekden goldamagy netijesinde yglan edilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli welaýat häkimliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň guramaklarynda dabaraly maslahat geçirildi. Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen maslahata Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet, bilim ulgamlarynyň işgärleri hem-de talyplar ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar. Maslahatda giň gerim berlen buýsançly çykyşlarda bellenilip geçilişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly şöhratly täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazylyp, hormatly Prezidentimiziň dünýä halklaryny dostluga, abadançylyga, özara ynanyşmaga, hoşmeýilli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna çagyrýan döwlet syýasatynyň tutuş dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny tassyklaýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk taryhy senesiniň uludan toýlanyljak ýyly hem ýurt berkararlygymyzy pugtalandyrmak, ählumumy parahatçylygy berkitmek, dünýä döwletleri bilen dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmek maksadyna gönükdirilen tutumlaryň rowaçlyklara beslenýän ýyllaryň biri bolar. Hormatly Prezidentimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiziň, şeýle-de halkymyzyň asyrlar boýy kämilleşdirip gelen ynsanperwer ýörelgelerine daýanýan, umumadamzat bähbitlerine gönükd

Edep-terbiýeli ýaşlar — döwrümiziň bezegi

Ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara bilim, ylym, edep-terbiýe bermek bilen bir hatarda, olary millilige, pederlerimizden miras galan medeni gymmatlyklarymyza sarpa goýmak ruhunda terbiýelemek möhüm ähmiýete eýedir. Giň dünýägaraýyşly, bilimli, edep-terbiýeli, ýokary ahlak sypatly şahsyýetleri kemala getirmek biziň mukaddes borjumyzdyr. Hut şonuň üçinem ähli babatda ilki özümiz ýaş nesillere nusga bolmalydyrys, çünki olar görüm-göreldäni, edep-terbiýäni ululardan alýarlar. Şol sebäpden hem görüm-göreldäniň, edep-terbiýäniň ynsanyň özüni alyp barşyndan, sözleýşinden, ula goýýan hormatyndan, kiçä bildirýän sarpasyndan gözbaş alýandygyny ýaşlaryň aňyna yzygiderli ýetirmelidiris. Gahryman Arkadagymyz ýaşlaryň geljekde ilhalar, watansöýüji, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly işleri amala aşyrýar. Ýaşlara döredijilik, ylym, taslama işleri bilen meşgullanmaga, dünýäde gazanylan öňdebaryjy, kämil tehnologiýalary öwrenmäge, özleşdirmäge uly mümkinçilikleri döredip berýär. Bu bolsa ýaş nesliň öňünde Arkadag Prezidentimiziň bildirýän uly ynamyny ödemäge giň ýollaryň açylandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Sazlaşykly ösýän jemgyýetimizde ýaşlaryň bilimde, ylymda uly üstünlikleri gazanyp, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, mertebesini has-da belende galdyrmakda öz goşantlaryny goşmaklaryny gazanmak borjumyzdyr.

Biz — bagtyýar nesiller

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaş nesilleri täze-täze üstünliklere höweslendirmek, olaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen dürli bäsleşikler geçirilýär, zehini bilen tapawutlananlar ýokary derejeli sylaglara mynasyp bolýarlar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy hem şeýle arzyly sylaglaryň biridir. Ýakynda çagalara Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyny gowşurmak dabaralary bolup geçdi. Welaýatymyzdan hem birnäçe zehinli çaga bu sylaga eýe boldular. Biz olaryň ýürek buýsançlaryny siziň dykgatyňyza hödürleýäris.

Ýagşy adam ýatdan çykmaýar

Halal zähmet çekip, adamlara ýagşylyk etseň, il-gün seni hormatlaýar, sylaýar. Sary Näzmeňliýew hem şeýle adamlaryň hilindendi. Şahyr Sary Näzmeňliýew 1950-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Bereket etrabynyň Uzynsuw obasynda maldaryň maşgalasynda dünýä inýär. Sarynyň çagalygy kyn günde geçýär. On iki ýaşynda dädesi aradan çykyp, dört dogan ýetim galýar. Ejesi pahyr hem ene, hem ata ornunda durup, çagalaryny kemala getirýär. Sary obadaky orta mekdepde okaýar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girip, onuň türkmen dili we edebiýaty fakultetini oňat bahalar bilen tamamlaýar. 1972-nji ýyldan 1976-njy ýyla çenli Bereket etrabyndaky 15-nji orta mekdepde mugallym bolup işleýär. Ýaş zehinli hünärmen işi, adamkärçiligi bilen hormata mynasyp bolýar. 26 ýaşly ýigidi etrabyň medeniýet bölüminiň müdiri edip işe alýarlar. Soňra ol «Oktýabryň ýoly» etrap gazetiniň baş redaktorlygyna bellenilýär. Öňki soýuzyň žurnalistler birleşiginiň agzalygyna kabul edilýär. Sary 1984 — 1994-nji ýyllarda raýon sowetiniň deputaty bolup, jemgyýetçilik-syýasy işi hem alyp barýar. Ol Türkmenistanyň halk magaryfynyň otliçnigidi.

Ogul terbiýesi

(Hekaýa) Hydyr aga bilen Nabat eje dört ogly, üç gyzy ösdürip ýetişdirdiler, kemala getirdiler. Şanurdan beýlekileri ýokary, orta hünär okuw mekdeplerini tamamlap, öz saýlan kärlerinde abraý bilen işläp ýördüler. Şanur welin işýakmaz bolup ýetişdi. Haýsy edara ýa-da kärhana işe ýerleşse-de, uzak işlemeýärdi. «Ýolbaşçysy gowy adam däl», «Halaýan kärim däl» diýen ýaly bahanalar bilen işden çykyp gaýdýardy. Öýli-işikli, çagaly-çugaly ogullarynyň işýakmazlygy Hydyr agadyr Nabat ejä agyr degýärdi. Oňa näçe öwüt-ündew etseler-de, peýda bermeýärdi. «Öwrenen gylyk örkleseň-de durmaz» diýleni. Herhal, aýaly Jereniň işleýändigi maşgalanyň güzeranyny dolandyrmaga ýardam edýärdi.

Suhangöýlige taýýarlyk

(Grek tymsaly) Sokratyň Ýewfidem atly, Görmegeý lakamly ýaş dosty bar eken. Ýewfidemiň halaýygyň öňünde akylly sözler bilen çykyş edip, suhangöýlige ýetmek isläp, ýüregi atygsap duran eken. Onuň öz ukybyna bolmalysyndan ýokary baha berýändigini duýýan Sokrat günleriň bir güni ýaş dostuny «akylyna aýlandyrmagy» ýüregine düwüpdir. Oňa sorag bilen ýüzlenipdir:

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

8-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýylda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisini geçirdi. Oňa Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem gatnaşdylar. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Pudaklary ösdürmegiň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalary, şeýle hem şanly senäniň — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we şu ýylyň şygary mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamalary üns merkezinde boldy.

Ynsan saglygynyň goragynda

Adamlaryň saglygyny gorap saklamak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir. Şonuň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde bütin dünýäde uly abraýdan peýdalanýar. Ýurdumyzda keselleriň görnüşleri görnetin azaldy, adam ömrüniň dowamlylygy bolsa artdy. Bu barada ýadawsyz alada edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Biz öz raýatlarymyzyň saglygy we abadançylygy barada hemişe alada etmelidiris, çünki jemgyýetiň sagdynlygy kuwwatly döwletiň esasyny düzýär» diýip nygtaýar. Hawa, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda belent sepgitlere ýetildi. Pudagyň düzümleriniň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy, maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, lukmançylyk ylmynyň gazananlarynyň milli tejribeler bilen utgaşdyrylmagy we innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bu ugurda ajaýyp ösüşleri üpjün etdi. Häzirki wagtda ýokary derejeli hünärmenler tarapyndan kämil we döwrebap usullar esasynda adamlara saglygy goraýyş hyzmatlarynyň edilmegi, ýerli çig mallardan dürli saglygy goraýyş serişdelerini, melhemlikleri öndürýän döwrebap kärhanalaryň gurulmagy, şypahana hyzmatlarynyň hiliniň düýpli gowulandyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýaşlar size alkyş aýdýar, Arkadag!

Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda TMÝG-niň welaýat geňeşiniň hem-de welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň bilelikde guramaklarynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 8-nji ýanwarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde tassyklan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan» hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly boldy. «Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek, olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler, giň mümkinçilikler döredilýär. Arkadag Prezidentimiziň tassyklan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy ýaşlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmekde, olarda milli gymmatlyklarymyza, medeniýetimize, sungatymyza, edebiýatymyza we halkymyzyň taryhyna söýgi döretmekde, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek bilen bagly geçirilýän wagyz-ündew hem-de aň-bilim işleriniň derejesini ýokarlandyrmakda, ýaşlaryň halkara ylmy hyzmatdaşlyga bolan höwesini artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna belent sarpa goý

Toprak — bereket çeşmesi

— Ekerançylykda özüne ussat diýdirmegi başarýan, eýeçiligindäki ýere siňdiren alyn derinden bereket tapýan daýhanlar hojalygymyzda az däl. Şolaryň biri hem zähmetsöýer daýhan, «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi Döwran Täçmyradowdyr — diýip, Serdar etrabynyň «Paraw» daýhan birleşiginiň başlygy Aşyr Geldinazarow ýaşyl maýsaly meýdanyň gyrasyndan egnine pilini atyp, dogumly ýöräp gelýän ýaş ýigide tarap garap durşuna buýsançly gürledi. — Geçen ýylyň galla oragy möwsüminde daýhan birleşigimiz boýunça 2152 tonna guşgursak dänäni Watan harmanyna tabşyryp, uly üstünligiň eýesi bolduk. Şeýle ajaýyp netijäni gazanmagymyzda 5 gektar kärende ýeriniň her gektaryndan 42 sentner hasyl alan şu ussat kärendeçi gallaçynyň hem goşandy az bolmady — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. Hawa, kärendeçi daýhan Döwran Täçmyradow halal zähmet çekip, rysgal-döwletiň, berekediň eýesi boldy. Ol — halal baýamaklygyň ýoluny daýhançylykdan tapanlaryň biri. Arly ýyllar çekilen irginsiz zähmet, ene topraga siňdirilen yhlas kiçigöwünli, pespäl ynsana şan-şöhrat getirdi. Örküni topraga baglap, daýhançylyk kesbini ýetginjeklikden dowam edip gelýän ýigidiň päk yhlasyny onuň ýetişdirýän boldumly hasylynyň mukdarynda-da, ýokary hilinde-de aýdyň görmek bolýar. «Azapsyz ýeriň ady ýok» diýleni. Daýhan ýigidiň aýdyşy ýaly, ýere yhlas bilen ýapyşsaň, ondan bol hasyl alyp bolýar.