"Balkan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Balkan welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Balkanabat şäheri, 145-nji ýaşaýyş jaý toplumy, 1
Telefon belgileri: 6-37-06, 6-07-92, 6-07-96
Email: balkan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Hoş owazly bagşydy

Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Akmämmet Nurmämmedow bilen maňa köp ýyllap duz-emek bolup gatnaşmak miýesser edipdi. Ol ýetginjeklik döwrümde menden Baýram şahyryň goşgulary ýerleşdirilen kitaby sorap alypdy. Balkan dagyny wasp etmekde meşhurlyk gazanan şahyryň goşgular ýygyndysyny ürç edip, ilik-düwme öwrenipdi. Ilkinji aýdymy bolan «Şaglap iner bürgütleri» bilen hem adygyp başlapdy. Bagşynyň ýognasdan dury sesi, labyzly owazy bardy. Hiç kimiňkä meňzemeýän arassa jukguldysy bilen hem tanalypdy. Meşhur Sahy Jepbarow oňa «Ors bagşy» diýip lakam goýdy. Şeýle diýilmezçe-de däldi. Sebäbi ol saryýagyz hem-de gök gözlüdi.

Tatar nakyllary we pähimleri

Ogul doguldy — tug doguldy. *  *  *

Diňe söýgi hakynda

Söýgi beýik işlere ruhlandyrýar we hut onuň özi-de olary amala aşyrmaga päsgel berýär. A. Dýuma.

Bagt barada aýdylanlar

Kime bagt gerek däl bolsa, şol iň bagtlydyr, kim özüne erk edip bilýän bolsa, şol iň güýçli hökümdardyr. Seneka.

Türkmenistanyň MInistrler Kabinetiniň Mejlisi

22-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideo- aragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taýýarlanylan taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer «Aşgabat şäherinde ýerleşýän käbir binalary hususylaşdyrmak hakyndaky» Kararyň taslamasy hem-de Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Daşymyzyň sarsmaz galasy

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda döwletimiz harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak barada alada edýär. Bu gün Watan goragçylary üçin döwrebap, kämil, häzirki zaman tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen serhet galalarydyr birikmeleri, harby bölümler, ähli mümkinçilikleri bolan ýaşaýyş jaýlarydyr sport desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilen harby okuw mekdeplerinde ökde hünärli, öz işine ussat harby gullukçylary taýýarlamak işlerine aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medalynyň hem-de Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly adynyň we döşe dakylýan nyşanynyň döredilmegi bolsa, Watan goragçylarynyň buýsanjyna buýsanç goşdy. Her ýylyň 27-nji ýanwarynda Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda Watan goragçylarynyň güni dabaralara beslenip, döwlet derejesinde bellenip geçilýär. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň asudalygynyň, parahatçylygynyň goragynda durmak bilen, mukaddes borçlaryny abraý bilen ak ýürekden ýerine ýetirýän harby serkerdelerdir esgerleri ýokary üstünliklere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň sözleri bilen aýtsak, bu baýram Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion

Parahatçylyk — baky bagtyň şuglasy

Türkmenistan döwletimiziň ýöredýän oňyn syýasaty sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmakda hakyky nusga bolup, özüniň netijeliligini görkezdi. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň ençeme gezek wise-başlyklygyna saýlanylmagy, olarda hormatly Prezidentimiziň netijeli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegi, goldanylmagy munuň aýdyň subutnamalarydyr. Parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarly Türkmenistan döwletimiz taryhy taýdan gysga döwrüň içinde dünýä giňişliginde belent abraýa mynasyp bolup, sazlaşykly ösýän ykdysadyýeti bolan döwletleriň hataryna girdi. Ösen senagaty, innowasiýalary, ylmyň we tehnikanyň ýokary gazananlaryny ugur edinýän önümçilik kuwwatlyklaryny yzygiderli ösdürýän döwlete öwrüldi.

Burawlaýjylaryň üstünligi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şanly wakalarynyň birine öwrüljek ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk taryhy senesini mynasyp iş görkezijilerine beslemek «Türkmennebit» döwlet konserniniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň zähmet toparynyň baş maksady bolup durýar. Esenguly etrabynyň çägindäki tebigy ojaklarda gazuw işlerini alyp barýan müdirligiň burawlaýjylarynyň geçen ýylda ulanyş hem-de gözleg maksatly guýularyň 19-syny önümçilige tabşyrmaklary şeýle arzyly sepgide ýetmegiň berk binýady bolup durýar. Munuň özi iş meýilnamasynda göz öňünde tutulandan 2 guýy köpdür. Burawlaýjylar şeýle iş netijesini gazanmak üçin gürrüňi edilýän döwürde 49 müň 755 metr ýerasty çuňluk geçmeli boldular.  

Meýilnama artygy bilen

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň hünärmenleri özleriniň gazanýan zähmet üstünliklerini Arkadag Prezidentimiziň ulag we aragatnaşyk ulgamynyň işini kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak babatdaky yzygiderli aladalarynyň ajaýyp miwesi hasaplaýarlar. Sebäbi pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmekde, hünärmenleriň iş ussatlyklaryny ýokarlandyrmakda döwlet derejesinde zerur bolan ähli tagallalar edilýär. Gahryman Prezidentimiziň aladalaryna mynasyp zähmet netijeleri bilen jogap bermegi baş maksat edinýän agentligiň hünärmenleri dürli halk hojalyk ýüklerini daşamakda geçen ýylyň iş meýilnamasyna 127,7 göterim hötde geldiler. Bu üstünlik 2 million 409 müň tonnadan gowrak ýükleriň bellenilen ýerlerine eltilmegi arkaly gazanyldy. Şu günlerki joşgunly zähmet agentligiň ýetilen sepgidi has-da berkidip, naýbaşy baýramymyz bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesini mynasyp garşylajakdygyna şaýatlyk edýär.

Ýokary hilli tikin önümleri

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen gurlup, işe girizilen 150 iş orunlyk tikin fabrigi Bereket etrabynda öňdebaryjy kärhanalaryň biridir. Kärhananyň döwrebap önümçilik enjamlary bilen üpjün edilmegi öndürilýän tikin önümleriniň ýokary hilli bolmagyna ýardam berýär. Bu bolsa kärhananyň önümine buýurmalaryň yzygiderli artmagyna getirýär. Buýurmalara öz wagtynda hötde gelmek üçin edilýän tagallalaryň netijesinde, tikin fabriginde geçen ýylyň jemi boýunça dürli görnüşli tikin önümleriniň 14 million 572 müň manatlyga golaýy öndürildi. Bu bolsa iş meýilnamasyndaka garanyňda 6 million 41 müň manatlyk köp bolup, tikinçileri täze sepgitlere ruhlandyrýar.

Duzuň mukdary artýar

Ýurdumyzyň ilatyny ýodlaşdyrylan nahar duzy, halk hojalygynyň dürli pudaklaryny bolsa önümçilikde peýdalanylýan duz bilen üpjün edýän Türkmenbaşy etrabyndaky «Guwlyduz» kärhanasy geçen ýylda mynasyp zähmet netijelerini gazandy. Bu döwürde senagat taýdan gazylyp alnan duzuň umumy möçberi 94 müň 644 tonna barabar bolup, meýilnama 101,8 göterim ýerine ýetirildi. Gaplanan azyklyk nahar duzunyň mukdary 19 müň 777 tonnadan geçdi. Kämil önümçilik enjamlary bilen üpjün edilen kärhanada öndürilýän önümler 1 we 2 kilogramlyk ýörite gaplara, şeýle-de 10 hem-de 50 kilogramlyk haltalara gaplanýar. Ýetilen sepgidi täze zähmet üstünlikleri bilen berkidip, ýurt Garaşsyzlygymyzyň taryhy senesine sowgatly barmak kärhanada şu günlerki alnyp barylýan işleriň baş maksady bolup durýar.

Görküni tebigatdan alan gözellik

Zenan zehininden döreýän gözellikleri ýaş gelin-gyzlara has kämil derejede öwretmek, olaryň çeper elliligini gazanmak maksady bilen geçirilýän duşuşyklar, wagyz-ündew çäreleri, maslahatlar giň gerim alýar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guramaklarynda geçirilen «Türkmen sährasynyň keşbi siňen nepislik» atly söhbetdeşlik hem şeýle çäreleriň hataryny artdyrdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünliklere beslenýän ata Watanymyzyň has-da gülläp ösmegine mynasyp goşant goşýan zenanlarymyz müňýyllyklaryň dowamynda ajaýyp sungat eseri derejesinde kämilleşen we türkmen tebigatynyň nusgasyny özüne siňdiren milli nagyşlarymyza, däp-dessurlarymyza goýulýan sarpanyň artmagyny gazanmakda, ýaş nesilde milli gymmatlyklarymyza bolan höwesi ýokarlandyrmakda gujur-gaýratlaryny gaýgyranoklar. Şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edilen çäräniň dowamynda milli çäşewimiziň nagşy salnan, tebigy reňklerde boýalyp dokalan bukja daşyny taýýarlamagyň ýollary, halkymyzyň halyçylyk sungaty hakynda söhbede uly orun berildi. Zenanlaryň on barmagynyň hünäri bolan halylarymyzy dünýä ýaýmakda, bu ugurda halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmekde ähli şert-mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolup, il-ýurt bähbitli

Arkadaga alkyşnama

Gije-gündiz halkyň arasynda Siz,Halkyň aladasy — hereketiňiz.Yhlasyňyz hem-de paýhasyňyz bilen,Artýar pursat saýyn berekedimiz. Nazaryňyz düşse gülzardyr ýerler,Bahar gelen ýaly owadan bolýar.Toýlarmyzda şatlyk bilen joşulyp,Aýdym-saz, küştdepdi, gazaldan dolýar.

Milli mirasyň muşdagy

Başlangyç synp okuwçysykam «Görogly» şadessanyndan käbir düşünmeýän sözlerime gabat gelenimde, olaryň manysyny tirip bermegi ejemden haýyş ederdim. Ejem mollada okapdy, sowatlydy. Bir gezek «Ýigit gerek herbap, herbap» setirindäki «herbap» diýen sözüň manysyna düşünmän, ejemden soradym. Ol: «Oglum, birnäçe işi, käri başarýana herbap adam diýilýändir» diýdi. Biziň şu makalada gürrüňini etjek kişimize — Hangylyç Tagangylyjowa hem herbap adam diýmek bolar. Ol — mugallym, folklorçy, mirasgär, agramly oçerkleri, makalalary ýazýan, şahyrçylykdan hem başy çykýan, şeýle-de dilçi, edebiýatçy, okumyş adam. Biz onuň bilen uzak ýyllaryň dowamynda dostluk gatnaşygyny saklap ýörüs. Käbir köne sözleriň manysyna düşünmesem, jaň edip, Hangylyçdan soraýaryn. Aýdylyşy ýaly, çöp döwen ýaly edäýýär. 

Edepli ile ýarar

Ata-babalarymyz hemişe nesil terbiýesine uly üns berip gelipdirler. Aslynda, asyllylyk, edeplilik, terbiýelilik — bu halkyň milliliginiň gözbaşy. Nesil terbiýesi babatynda hormatly Prezidentimiziň bize peşgeş beren atalyk kitaplary nusga alarlyk ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Milli Liderimiziň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda pederlerimizden bize miras galan nakyllardyr atalar sözleri ýerleşdirilen. Çuň many-mazmuna, pähim-paýhasa ýugrulan bu ajaýyp kitap ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde, olarda ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watansöýüjilik häsiýetlerini kemala getirmekde örän ähmiýetlidir.  Onda «Edep bilen bagt tapylar, sabyr bilen tagt», «Edepli ile ýarar», «Ýigide müň dürli hünär hem az», «Gyz edebi — il edebi» ýaly dürdäne sözler bar. Terbiýe meselesinde her bir çaganyň özüne mahsus bolan aýratynlygyna, häsiýetine, islegine görä çemeleşmek zerur. Ata-babalarymyz çaga terbiýesi bilen bagly gündelik durmuşynda gabat gelýän ýörelgeleri, terbiýeçilik ähmiýeti bolan, geljekde halka nepi degjek däp-dessurlary döredipdirler, olardan netijeli peýdalanypdyrlar.

Saglygymyz — begligimiz

Ýiti respirator keselleriniň öňüni almak bilen, hem özümiziň, hem-de daş-töweregimizdäkileriň saglygyny gorap biljekdigimizi ýatdan çykarmaly däl. Munuň üçin nämelere üns bermeli? Agyz-burun örtükleri. Ýokuşyp biläýjek möwsümleýin ýokanç kesellerden goranmakda agyz-burun örtükleri örän ähmiýetlidir. Şol sebäpli agyz-burun örtüklerini howpsuz dakynmagyň düzgünlerini berjaý etmeli. Örtük agzy, burny, eňegi doly ýapmalydyr, bir gezeklik örtükleri iki sagatdan artyk ulanmaly däl, mata örtükleri bolsa ulanyp bolanyňyzdan soň, sabyn ýa-da ýuwujy serişde bilen gowy edip ýuwmaly we guradyp ütüklemeli.

Sagdynlyk — bagtyýarlyk

Ähli zadyň sakasynyň saglykdan başlanýandygyna oňat göz ýetiren pederlerimiziň «Hemme zadyň sakasy — saglyk», «Saglyk — beglik», «Sag başym — soltan başym» diýen nakyllary döretmekleri saglygyň gymmatlydygyndan, başymyzyň göwher täjidiginden habar berýär.   Ýurdumyzyň bagtyýar raýatlary baradaky aladany elmydama üns merkezinde saklaýan milli Liderimiziň halkymyzyň saglygyny goramaga, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde ähmiýet berýändigi guwandyryjy ýagdaýdyr. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde adamyň saglygyny goramak boýunça özgertmeleriň giňden ýaýbaňlandyrylýandygyny hem-de ýurdumyzda saglyk maksatly binalaryň hatarynyň artýandygyny, tebigy bejerijilik häsiýetine eýe bolan şypahanalaryň döwrüň talaplaryna, dünýä hil ülňülerine laýyklykda enjamlaşdyrylýandygyny belläp geçmek has-da ýakymlydyr. 

Welosiped sportunyň peýdasy

Ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda özüniň ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýan welosiped, ilkinji nobatda, adam bedeniniň sagdyn bolmagy üçin oňaýly serişde bolup durýar. Geliň, onda welosiped sportunyň nähili peýdasynyň bardygyna üns bereliň! Arassa howada welosipedli gezelenç etmegiň bedeniň ruhy taýdan sagdyn bolmagyna, fiziki işjeňligiň, çydamlylygyň ýokarlanmagyna peýdaly bolup durýandygyny, beýniniň öndürijilik ukybyny ýokarlandyryp, her bir adamda ruhubelentlik döredýändigini dünýäniň ençeme ýurtlarynda alymlar tarapyndan geçirilen barlaglar subut edýär. Yzygiderli welosiped sürýän adam özünde ýeňilligi, el-aýagynyň işjeňligini, şähdaçyklygy duýýar. Mundan başga-da, ýürek-damar ulgamynyň işjeňligi gowulanýar.  

Görk agyzdan...

Gök we bakja önümleri, ir-iýmişdir miweler, et we süýt, galla we kösükli ösümlikleriň önümleri saglygymyza peýdalydyr. Düzüminde witaminleri, mineral duzlary, uglewodlary, ýaglary, beloklary saklaýan bu önümler bedeniň işjeňligini üpjün edýär. C witaminine baý sitrus miweleri (apelsin, mandarin, limon), şeýle-de sogan, sarymsak, gyzyl bolgar burçy, pomidor immuniteti pugtalandyrýan, kesel dörediji bakteriýalara garşy täsiri bolan önümler hasaplanylýar. Bu önümleri möwsümleýin ýiti ýokanç keselleriň ýaýramak howpy ýokarlanýan döwürde köp iýmeli. Lukmanlaryň berýän maslahatlaryna görä, günüň dowamynda 4-5 gezek az-azdan iýmeli. Ýagsyz göläniň, towşanyň, towugyň etini gaýnadylan, buglanan görnüşde, şeýle hem balygy, ýagsyz süýt-gatyk önümlerini kabul etmek zerurdyr. Iýmitde gowrulyp bişirilen, tüssä kakadylan, ýagly, ýiti we ajy tagamly, şor, süýji önümleri, gazly we reňkli suwlary, et we balyk konserwlerini çäklendirmek maslahat berilýär. Şokolad, süýji, köke ýaly iýmitleri iýmegi azaldyp, kişde, kişmiş ýaly kakadylan miweleri iýmek peýdalydyr.

Bereketli topragymyzyň dermanlyk ösümlikleri

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň iň gymmatly baýlygy bolan baş saglygyny hemmetaraplaýyn goramagy döwlet syýasatynda naýbaşy orunda goýýar. Bu ugurda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent sepgitlere ýetildi. Saglygy goraýyş hyzmatynyň hil derejesi düýpli ýokarlandy. Häzirki wagtda bu döwletli tutumlar giň gerimlerde dowam etdirilýär. Saglygymyzy goramakda we berkitmekde türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyz geçen ýylyň 25-nji dekabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde şeýle ösümlikleriň biri bolan buýan ösümliginiň ynsan saglygyna peýdasyna, onuň keselleriň öňüni almakdaky, bejermekdäki aýratynlyklaryna ünsi çekdi.