Daşymyzyň sarsmaz galasy

26 Ýanwar 2021
1011

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda döwletimiz harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak barada alada edýär. Bu gün Watan goragçylary üçin döwrebap, kämil, häzirki zaman tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen serhet galalarydyr birikmeleri, harby bölümler, ähli mümkinçilikleri bolan ýaşaýyş jaýlarydyr sport desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilen harby okuw mekdeplerinde ökde hünärli, öz işine ussat harby gullukçylary taýýarlamak işlerine aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medalynyň hem-de Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly adynyň we döşe dakylýan nyşanynyň döredilmegi bolsa, Watan goragçylarynyň buýsanjyna buýsanç goşdy.

Her ýylyň 27-nji ýanwarynda Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda Watan goragçylarynyň güni dabaralara beslenip, döwlet derejesinde bellenip geçilýär. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň asudalygynyň, parahatçylygynyň goragynda durmak bilen, mukaddes borçlaryny abraý bilen ak ýürekden ýerine ýetirýän harby serkerdelerdir esgerleri ýokary üstünliklere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň sözleri bilen aýtsak, bu baýram Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, döwlet serhedimiziň mizemezligini goraýan, ýurdumyzyň goranmak ukybyny, howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy we hukuk tertibini üpjün edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna we işgärlerine bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň we olar hakynda edilýän aladalaryň aýdyň nyşanydyr.

Muhammet MYRADOW.
Beýleki habarlar