"Balkan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Balkan welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Balkanabat şäheri, 145-nji ýaşaýyş jaý toplumy, 1
Telefon belgileri: 6-37-06, 6-07-92, 6-07-96
Email: balkan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Belent sepgitleri nazarlaýan pudak

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatynyň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmäge, bu babatda ýurdumyzyň köptaraply mümkinçiliklerini doly peýdalanmaga şertleri üpjün edýär. Düýp özeninde ýurdumyzyň ilatynyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini hil taýdan has-da ýokarlandyrmak ýaly asylly maksatlar jemlenen bu özgertmeleriň rowaçlyklara beslenmeginde hususy pudagyň goşýan saldamly goşandy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Sebäbi Arkadag Prezidentimiz berkarar Diýarymyzyň ykdysadyýetini köpugurly hem-de toplumlaýyn ösdürmekde, ähli pudaklaryň we sebitleriň sazlaşykly ösüşini gazanmakda, daşarky bazarlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan döwrebap önümçilikleri döretmekde, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmakda, bäsleşige ukyply önümçiligi kemala getirmekde hususy pudagyň ornuna uly ähmiýet berýär. Hususy işewürleriň bu babatdaky mümkinçilikleriniň işjeň herekete girizilmegi üçin döwlet derejesinde ählitaraplaýyn goldaw-hemaýatlary berip, zerur bolan şertleri döredýär. Gahryman Prezidentimiziň şeýle aladalarynyň, berýän goldaw-hemaýatlarynyň netijesinde, kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary sazlaşykly, netijeli ösdürmek üçin örän amatly hukuk, ykdysady, maliýe hem-de durmuş şertleri döredilip, uz

Saglygymyz öz elimizde

Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde möwsümleýin ýiti respirator keselleriniň ýokuşmagynyň öňüni almak üçin ýokumly iýmitlere aýratyn üns bermeli, sagdyn durmuş ýörelgesini berk berjaý etmeli, ýyly egin-eşikleri geýinmeli. Şonuň ýaly-da: •Agyz-burun örtügini dogry we doly dakynmaly. 

Janyňyz tut ýaly sag bolsun!

Gündelik durmuşymyzda «Janyňyz tut ýaly sag bolsun!» diýip, birek-birege saglyk diläp, oňat arzuwlar etmek — halkymyzyň asylly däpleriniň biri. Eýsem-de, «tut ýaly» diýilmeginiň sebäbi nämekä? Näme üçin saglyk dilemeklik tut agajy bilen baglanyşdyryp aýdyldyka? Muny bilmek üçin, geliň, ata-babalarymyzyň tut bilen baglanyşykly garaýyşlaryna ser salalyň. Gadymy döwürlerden bäri türkmen halkynda tut agajyna oňat garaýyşlar bolupdyr. Tut agajyny halkymyz her hili bela-beterden, göz-dilden, saýasy yssydan goraýan pena hasaplapdyrlar. Şonuň üçin türkmen obalary tut agaçsyz göz öňüne getirilmändir. Her öýüň gapysynda hökman tut agajy ekilipdir. Ýaşulularymyz köplenç tut agajynyň saýasynda saýalap, dynç alyp, tudana mürepbesi bilen çaý içipdirler. Umuman, ata-babalarymyz tuda bolan ynançlar, yrymlar bilen ýaşapdyrlar, nesil terbiýeläpdirler. Tut agajy hemişe başy dik, örän berk, uzak ýyllar ýaşamaga ukyply agaç bolupdyr. Şonuň üçin pederlerimiz ynsan saglygyny tut agajyna deňemek bilen, hut şol agaç ýaly berk, sagdyn, uzak ýaşamagy birek-birege arzuw edipdirler.

Edebinde gyzyl güle deňelen

«Gyz edebi — il edebi», «Gyzly öý — gyzylly öý», «Gyzy baryň — näzi bar», «Gyz edebi — gyzyl gül» ýaly nakyllary döreden halkymyz gyz çaganyň terbiýesine aýratyn üns beripdir. Geljekde kişi maşgalasy bolan gyzlary heniz aga-gara düşünip ugranyndan eline iňňe-sapak berip, el işlerine gözükdiripdir. Ene-mamalarymyzyň gyzlarynyň eliniň çeper bolmagyndaky aladalary ýerine-de düşüpdir. Çünki her bir ýaş gyz ertirki gün bir öý-ojagyň keşigini öz egnine almaly enedir. Olar ojak eýesi diýlip arzylanýar. Haçan-da howlynyň, öýüň içi-daşy gül pürkülen ýaly tämiz bolsa, ojakdan dürli tagamlaryň jana ýakymly hoşboý ysy gelip duran bolsa, onda şol öýdäki öý bikesiniň ozal edep-terbiýe, görüm-görelde gören gyzdygyndan habar berýär. Halkymyzyň gyz perzendiniň edep-ekramyna, el işlerine bolan garaýşy halk döredijiliginde hem öz beýanyny tapýar. Munuň özi gyz maşgalanyň asylly we çeper elli bolmalydygy hakyndaky pikiri öňe sürýär. Edebinde gyzyl güle deňelýän gyzlar hakynda döredilen nakyllar pederlerimiziň durmuş tejribesinden gözbaş alan pikirlerdir. Şonuň üçin olaryň hemmesi hem, aýdylyşy ýaly, gyzylyň gyryndysy ýaly aýalyp saklanylýar. Olar diňe bir nakyllarda däl-de, rowaýatlarda, gürrüňlerde hem ilden-ile, dilden-dile geçirilip gelinýär. Ine, gyza el işlerini öwretmekde «Edip beren ýeňňemden edep beren ýeňňem ýagşy» diýlen aýtgyny ýatlalyň. Bir gelniň iki sany baldyzy bolup, olaryň biri el

Kesbinden kemal tapan

Annasoltan Nyýazdurdyýewanyň Balkanabat şäherindäki orta mekdeplerde zähmet çekip gelýänine elli ýyla golaý wagt bolupdyr. Şu geçen wagtyň içinde ol ýaş nesilleriň, gör, näçesiniň ylymly, bilimli bolup ýetişmegine goşandyny goşdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri kalbyňy joşduryp, buýsanjyňy, guwanjyňy artdyrýar. Şeýle buýsanç duýgusy baýry mugallymy has-da yhlasly, döredijilikli zähmet çekmäge, jemgyýetçilik işlerine işeňňir gatnaşyp, döwrümizi il arasynda wagyz etmäge ruhlandyrýar. Annasoltan mugallymy welaýatymyzda geçirilýän çärelerde, bäsleşiklerde we sergilerde görmek bolýar. Ol hemişe öň hatarda ýaşlara nusgalyk görelde görkezip ýör. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň enelere goýýan hormat-sarpasyna mynasyp bagtyýar ene, halypa mugallym bolup ýaşaýandygy üçin özüni juda bagtly saýýandygyny buýsanç bilen aýdýar.

Milli ruhda terbiýelemek ugrunda

Ene-mamalarymyz elmydama gelin-gyzlaryň edep-terbiýesine, görüm-göreldesine uly üns beripdirler. Haly dokamak, keşde çekmek, köýnek tikmek, alaja örmek, gaýma gaýamak ýaly el işleri bilen gyz maşgalany terbiýeläpdirler. Şeýle ýol-ýörelge bedew bady bilen okgunly öňe barýan ýurdumyzda üstünlikli dowam etdirilýär. Orta mekdepde esasy bilim berýän dersimiň daşyndan 22 ýyl bäri «Näzik» gyzlar guramasyna ýolbaşçylyk edýärin. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zehinli, ukyply, zähmetsöýer, eli işli gyzlaryň arasynda geçirilýän bäsleşiklere mekdebimiziň bu guramasynyň göreldeli gyzlary gatnaşyp gelýärler. Şäher, welaýat, döwlet derejesinde geçirilen «Güller gözelligi sizden öwrener», «Zeminiň lälesi, asmanyň Aýy», «Nowbahar», «Galkynyşly Watanyň biz bagtyýar gyzlary», «Örüm-örüm saçlaryň owsunjy mara ogşar», «Mekdep ýyllarym — ýaşlygymyň bahary» atly bäsleşiklere eli hünärli, başarjaň gyzlarymyzyň gatnaşyp, baýrakly orunlara, Hormat hatlaryna mynasyp bolmaklary zähmetimiziň ýerine düşýänliginiň subutnamasydyr. Ajaýyp zamanada gyzlar bilen işlemek, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmak uly bagt. Biz — mugallymlara şeýle eşretli zamanany peşgeş beren eziz Arkadagymyza alkyş aýdýarys.

Ýag depbesi

Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde saklanýan esbaplaryň biri-de depbedir. Depbe geçmişde türkmen hojalyklarynda giňden ulanylan gaplaryň biri bolup, onda ýag saklanylansoň, oňa «ýag depbesi» hem diýlipdir. Ol küýze görnüşinde, ululy-kiçili, iki gulply bolýar. Agzy hem dyky bilen ýapylýar. Ata-babalarymyz çyryş ösümliginden peýdalanyp, öz durmuş hajatlary üçin zerur bolan ýag depbesini taýýarlapdyrlar. Çyrşyň köki alnyp, ownuk dogralyp, az mukdarda suw guýlup, ol tä ýelim görnüşine gelýänçä gaýnadylypdyr. Soňra matadan torba tikilip, onuň içine saman ýa-da yzgarly gum doldurylypdyr. Içi doldurylan torbanyň daşyna taýýar çyryş çalynýar. Ol gurandan soň bu ýagdaý birnäçe gezek gaýtalanýar we Gün düşmeýän ýerde guradylýar. Ýelim gowy gurandan soňra, onuň içindäki samandyr gum doldurylan torba aýrylyp, depbäniň has-da berk bolmagy üçin gyzgyn, gaýnap duran ýaga batyrylýar. Türkmen halkynyň çarwadarçylyk bilen meşgullanýanlary süýt-gatyk önümlerini ýaýyp, saryýag alypdyrlar. Ony bolsa depbede saklapdyrlar. Onda saklanan saryýag zaýalanmandyr. Depbede ýedi ýyl saklanan saryýagyň dermanlyk häsiýeti has-da güýçlenip, kesel bejermekde peýdalanylypdyr. Ýag depbesiniň dermanlyk ösümliklerden taýýarlanýandygy üçin onda saklanýan önüm hem dermanlyk häsiýete eýe bolýar. Çyrşyň dermanlyk häsiýeti, ondan dürli keseller üçin melhem taýýarlanylyşy barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmeni

Zenan zehininden döreýän gözellik

Göreniňde gözleriňi dokundyrýan gözellikleriň ençemesi ynsanyň zähmeti bilen kemala gelýär. Zenanlar hem gözellikleri döredijiler bolup, gözleriniň gören, göwünleriniň söýen ajaýyplyklaryny el işlerine, keşdedir gaýmalara geçirip, olaryň keşbini baky ýaşadýarlar. Halkymyzyň pähim-paýhasyndan, eli çeper ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň zehin-yhlasyndan kemala gelen nepis halylardyr gülli keçeler, sünnälenip nagyşlanan milli lybaslar, inçelik bilen edilen el işleri hiç haçan bahasyny ýitirmejek milli gymmatlyklarymyzdyr. Gelin-gyzlarymyzyň uz barmaklaryndan döreýän el işleriniň ählisi-de nepis sungat hasaplanylýar. Köz ýaly ýanyp duran keteni köýnegi, dürli nagyşlara beslenen çyrpydyr kürtesi, çabytdyr begresi owadanlygy bilen görenleri haýran edýär. Päk zähmetden kemala gelýän keşdelerde tebigatyň gözelligine gözellik goşýan müň dürli gülleriň keşbini görmek bolýar.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýylyň ilkinji Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçip, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçen 2020-nji ýylda amala aşyran işleriniň netijeleriniň jemleniljekdigini, olaryň öňünde ýakyn geljek üçin durýan wezipeleriň kesgitleniljekdigini belledi.

Wepalylygyň, gaýduwsyzlygyň nusgasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalarynyň netijesinde merdana halkymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda döredilen we bütin dünýäde ykrar edilen milli gymmatlyklarymyza uly üns berilýär. Wepalylygy, gaýduwsyzlygy, edermenligi, hüşgärligi bilen halkymyzyň durmuşynda uly orna eýe bolan türkmen alabaýy bu gymmatlyklaryň ajaýyp nusgasydyr. Ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly barýan ýurdumyzda türkmen alabaýlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak, olaryň sanyny köpeltmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitaby türkmen alabaýlaryna häsiýetli aýratynlyklary açyp görkezýän ajaýyp eserdir. Bäş bölümden ybarat bolan kitabyň suratlar bilen bezelmegi, täsirli, gyzykly wakalar, rowaýatlar onuň many-mazmunyny has-da artdyrýar. Milli Liderimiziň ýiti zehininden we çuňňur paýhasyndan dörän bu eserde türkmen alabaýynyň irki döwürlerden bäri eldekileşdirilişinden başlap, onuň häzirki döwrümize çenli durmuşymyzdaky orny beýan edilýär. Kitabyň sahypalarynda ussat suratkeşleriň türkmen alabaýlaryna bagyşlap döreden nakgaş eserleri her bir okyjynyň ünsüni özüne çekýär. Eserde adam bilen tebigatyň, janly-jandarlaryň sazlaşygy, alabaýyň mertlik, wepalylyk, gaýduwsyzlyk ýaly häsiýetleri açylyp görkezilýär.

Kanunçylyk binýady berkidilýär

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz okgunly ösýär. Halkymyzyň abadan we parahat durmuşyny üpjün etmek maksady bilen, döwlet gurluşynyň hukuk esaslary yzygiderli kämilleşdirilýär. Milli gymmatlyklara daýanyp amala aşyrylýan syýasy we durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadynyň üpjün edilmegine ýardam berýän başlangyçlar ägirt uly ähmiýete eýedir. Döwletimiziň ykdysady durnuklylygynyň we howpsuzlygynyň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegini gazanmak, onuň üçin amatly hukuk mümkinçiliklerini döretmek, administratiw taýdan has netijeli şertleri we kämil usullary dolandyryş ulgamyna ornaşdyrmak bu ugurda aýratyn ileri tutulýan ugurdyr. Muňa mysal hökmünde, 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giren «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny görkezmek bolar.  Bu Kanuna laýyklykda, administratiw edara diýlip, ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, şeýle hem administratiw namalaryny kabul etmäge hukuk berlen ygtyýarly şahslara düşünilýär. Administratiw edaralaryň administratiw namanyň kabul edilmegine gönükdirilen işi administratiw önümçiligi düzýär.

Watanymyzyň waspy aýdymlarda, sazlarda

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli welaýat döwlet drama teatrynda welaýat häkimliginiň we welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarada çykyş edenler «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler, milli Liderimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda öňde durýan möhüm wezipeler dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Ýurdumyzda her ýyly mynasyp atlandyrmagyň indi asylly däbe öwrülendigini bellediler. 2021-nji ýylda ata Watanymyza täze üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw etdiler. Soňra sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Teatryň artistleriniň ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýasynda Arkadag Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleriniň waspy ýetirildi. Olaryň hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän eserlerinden hem-de «Asly-Kerem» dessanyndan ýerine ýetiren parçalary, welaýat ýörite sungat mekdebiniň «Bagtyýarlyk» tans, şeýle-de bagşylar, dutarçylar toparlarynyň çykyşlary tomaşaçylara egsilmez ruhy lezzet paýlady.

Bilim — bagtyýar durmuşyň gözbaşy

Welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda geçirilen Balkanabat şäheriniň bilim işgärleriniň maslahaty ýokary guramaçylyga eýe boldy. «Halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşynyň gözbaşy ylym we bilim ulgamlaryny kämilleşdirmekdedir» diýen şygar bilen welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda geçirilen maslahata umumybilim berýän, şeýle-de mekdebe çenli çagalar edaralarynyň öňdebaryjy mugallymlarydyr terbiýeçileri gatnaşdylar. Maslahatda welaýat merkeziniň bilim-terbiýeçilik edaralarynda 2020 — 2021-nji okuw ýylynyň birinji ýarymynda ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermekde alnyp barlan işlere seljerme berlip, okuw ýylynyň ikinji ýarymynda öňde durýan möhüm wezipeleriň üstünde durlup geçildi. Maslahatda edilen çykyşlarda bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz her bir döwletiň binýadynyň berkliginiň, ösüşiniň ýokary depgininiň, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýurtda alnyp barylýan bilim syýasaty bilen berk baglanyşyklydygyny hemişe aýratyn nygtaýar. Şu mizemez hakykatdan ugur alyp, Arkadag Prezidentimiz milli bilim ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmagy, onuň hil taýdan halkara ülňülerine laýyk getirilmegini üpjün etmegi döwlet syýasatyndaaýratyn ileri tutulýan möhüm ugurlaryň biri hökmünde kesgitledi. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda dowamly durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň baş maksady bolsa ýurdumyzyň röwşen geljeginiň eýeleri

Bagtly çagalygyň mekany

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesli alada bilen gurşap almak, olaryň şadyýan ösüp-ulalmagyny, geljekde ylymly-bilimli, ilhalar adamlar bolup ýetişmegini gazanmak boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bu ugurda maksatnamalaýyn çäreler, giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegi bu özgertmeleriň möhüm bölegi bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň 22-nji maýynda gol çeken Karary esa-synda tassyklanan «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyny» bu ugurda ýokary netijeleri gazanmaga giň ýol açýan möhüm resminamalaryň biri hökmünde görkezmek bolar. Ajaýyp zamanamyzda durmuşymyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, bilim ulgamy hem düýpli kämilleşdirilýär. Munuň özi mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem aýdyň beýanyny tapýar. Sanly bilim ulgamyna geçilmegi, okuw-terbiýeçilik işlerine kompýuter we multimediýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzda körpe nesle berilýän bilim-terbiýe dünýä ülňülerine laýyk ösdürilýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesillerimiz üçin edýän ýadawsyz aladalarynyň, döredip berýän şertleriniň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz: «Aň-bilim taýdan ösen, ruhy taýda

Il saglygy — ýurt baýlygy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň netijesinde Türkmenistan Watanymyz dünýäde sport döwleti diýlip ykrar edildi. Ýurdumyzyň obalarynda, şäherçelerinde, şäherlerinde gurlup, ulanylmaga berlen dürli sport desgalary bu günki gün bagtyýar raýatlarymyzyň, esasan hem, ýaş nesilleriň öz bedenlerini taplaýan, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan iň gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi. Welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Balkanabat şäherindäki 2-nji sport mekdebi hem şolaryň biridir. Mekdebimizde sportuň dürli görnüşleri boýunça 43 topar bilen türgenleşik işleri, okuw sapaklary geçirilýär. Ýyllyk iş meýilnamasy boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Lukmanlar, tälimçiler bilen maslahatlar we beýleki çäreler guralýar. «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen şygardan ugur alyp, işgärleriň we mekdebimizde türgenleşýän türgenleriň saglygyna yzygiderli gözegçilik işleri ýola goýuldy. Möwsümleýin ýiti respirator kesellerinden goranmagyň düzgünleri barada ýygy-ýygydan guralýan çärelerde giňişleýin gürrüň edilýär.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Häzirki wagtda howanyň düzüminde ynsan saglygyna zyýan ýetirýän tozan bölejikleriniň kadadan artandygy sebäpli agyz-burun örtüklerini dakynmak bilen, köpçülik ýerlerine barlanda, bellenilen howpsuz araçägi saklamaly. Möwsümleýin ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak üçin ýörite düzgünleri berk berjaý etmeli. 1. Otaglary we olardaky mebelleri, gapylaryň tutawaçlaryny, pollary zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen yzygiderli arassalap durmaly, penjireleri açyp, otaglary ýelejiretmeli.

Wagyz-ündew çäresi

Türkmenbaşy şäheriniň «Türkmenbaşyagyzsuw» önümçilik ulanyş müdirliginiň mejlisler otagynda edara-kärhanalaryň işgärleri we talyp ýaşlar bilen geçiren «Saglygymyz — baýlygymyz, seresaplylyk — goragymyz» atly wagyz-ündew çärämizde ýiti ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtügini dakynmagyň düzgünlerini berjaý etmek barada täsirli söhbet edildi. Şäher hassahanasynyň, saglyk öýüniň we şäher prokuraturasynyň işgärleri öz çykyşlarynda ýiti öýken sowuklama keseliniň we gaýry ýokanç hassalyklaryň ýaýramagyna garşy dünýäniň lukmançylyk tejribesinde maslahat berilýän ähli çäreleri kada laýyk berjaý etmegiň wajyp wezipämizdigini ündew etdiler. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä esaslanýan il-ýurt bähbitli ynsanperwer döwlet syýasatynyň, jemgyýetimizde höküm sürýän durnuklylyk, agzybirlik, jebislik ýagdaýynyň, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň kämilliginiň netijesinde häzirki wagtda raýatlaryň saglygyny ygtybarly goramak meselesine ýokary üns berilýändigini bellediler. Şeýle hem ýiti öýken sowuklama keseliniň ýaýramagyna garşy ýurdumyzda geçirilýän çäreleriň biziň we ýakynlarymyzyň ömrüni goramak zerurlygy bilen şertlendirilýändigini düşündirdiler. Bu meselä hemmeleriň çynlakaý çemeleşip, kadalary dogry berjaý etmelidiklerini ündediler. Agyz-burun örtügini dakynmak, 2 metr aralygy saklamak, elleri wag

Ýagşylykda ýatlanýar

Özünden ýagşy at galdyran öten-geçenleri ýatlap durmak türkmeniň aňyna, ganyna siňen häsiýetleriň biridir. Halkymyz ýagşysyny öňem ýatlapdyr, häzirem ýatlaýar, geljekde-de ýatlar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän şert-mümkinçilikleriniň netijesinde mynasyp ynsanlary ýatlap, çäreleri geçirmekligiň asylly däbe öwrülendigini aýratyn nygtamak gerek. Şeýle çäreleriň biri mekdebimizde obadaşymyz Tuwakgül Höwezowanyň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi. Ene-atasynyň dakan ady Tuwakgül bolsa-da, Köşek ady bilen tanalan bu zenan talapkär mugallymdy, tutanýerli ýolbaşçydy. Obadaşlary oňa hormat bilen Köşek mugallym, Köşek ejeke ýa-da Köşek daýza diýip ýüzlenerdiler.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty

4-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçýän täze, 2021-nji ýylda ilkinji sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri gatnaşdylar. Gün tertibine paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly hem-de eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şu ýyl belleniljek şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de şu ýylyň şygarynyň hormatyna guralmagy göz öňünde tutulýan çäreleriň maksatnamasy baradaky meseleler girizildi.

Hoşniýetli ýörelgeler dabaralanýar

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň maksady dünýäde parahatçylygy, asudalygy berkitmekden, dost-doganlygy pugtalandyrmakdan, ählumumy ösüşi üpjün etmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň ýöredýän hoşniýetli, özara bähbitli we netijeli gatnaşyklary bitaraplyk ýörelgelerine daýanýar hem-de dünýä halklarynyň bähbidine gönükdirilýär. Muny baky Bitaraplygymyzyň çärýek asyrlyk döwrüniň dowamynda döwletimiziň durmuşa geçiren işleri, öňe süren we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolan halkara başlangyçlary, teklipleri hem bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi muňa mysal bolup biler. Gahryman Arkadagymyzyň belläp geçişi ýaly, «Abraýly halkara gurama tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz biziň beýik gymmatlygymyzdyr. Bitaraplyk parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy we ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr». Berkarar döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy bolan Bitaraplygymyzyň Ýer ýüzünde durnukly ösüşi üpjün etmekde, dünýä halklaryny dostlaşdyrmakda ähmiýeti örän uludyr. Milli  Liderimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen şu ýylymyzda hem ýurdumyzyň dünýädäki or