"Balkan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Balkan welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Balkanabat şäheri, 145-nji ýaşaýyş jaý toplumy, 1
Telefon belgileri: 6-37-06, 6-07-92, 6-07-96
Email: balkan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Durmuşymyzyň aýnasy

Hormatly Prezidentimiz kitap barada: «Kitap ähli döwürlerde islendik ýaşdaky adamy ruhubelentlige, ýüregini buýsanja, kalbyny ýaşaýşa bolan söýgä besleýär. Ol biziň geçmişimiz hem geljegimizdir» diýip belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer syýasatyny, il-ýurt bähbitli işlerini wagyz-ündew etmekde, ýaşlary belent ruhly, watansöýüji nesiller edip terbiýeläp ýetişdirmekde maksada okgunly işleri alyp barýarys. Çeper eserleriň üsti bilen ýaşlarda milliligi, ýokary ahlaklylygy, medeniýetliligi terbiýelemek biziň esasy maksadymyz hem borjumyz bolup durýar. Şonuň üçin biz — kitaphanaçylar okyjylaryň arasynda medeni-köpçülik çärelerini yzygiderli geçirip durýarys, edebiýat agşamlaryny, kitap sergilerini guraýarys. Arkadag Prezidentimiziň ýiti zehininden çykan eserleri ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Milli Liderimiziň ýurt Garaşsyzlygymyzy, baky Bitaraplygymyzy wasp edýän eserlerini okyjylar köpçüligine tanyşdyrmakda we wagyz-ündew etmekde yhlasymyzy aýamarys. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Kämilligiň ýolunda

«Aýdymdyr saz adamlaryň kalbyny joşdurýar, olary ýaşaýşa ruhlandyrýar» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz aýdyma-saza uly sarpa goýýar. Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän aýdym-saz bilen baglanyşykly bäsleşikler hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Welaýat ýörite sungat mekdebimiziň bagşyçylyk sungaty bölüminiň talyby Merdan Baýramgeldiýew hem şeýle bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp, aýdym-saz ýolunda barha kämilleşýär, dürli bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolýar. Ýaş bagşy «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde ençeme gezek çykyş etdi. Şeýle hem welaýatymyzda «Çal, bagşym, ýaňlansyn belent owazyň» atly bagşylaryň arasynda geçirilen bäsleşikde birinji orny eýelemegi başardy. Merdanyň durmuşynda geçen ýylyň ahyrlarynda ýene bir şatlykly waka boldy. Oňa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda alyp barylýan hoşniýetli içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirýän beýik özgertmelerini halkymyzyň, aýratyn hem ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmekde, şeýle hem edebiýatda, sungatda, medeniýetde gazanan üstünlikleri, ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezendigi üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň baýragy berildi.

Dagdan belent arkamsyň sen Watanym!

Watan — bu seniň göbek ganyň daman ýeriň, ulalyp kemala gelen mukaddes ojagyň, oýun oýnan ýaýlalaryň, miwesini iýen baglaryň, bilim alan mekanyň. Watana bolan söýgi kalplaryň töründe müdimilik ýaşaýar. Şahyr Gurbannazar Ezizow bu Watany, bu topragy on iki süňňüne deňeýär: «Nirä gitsem, meniň bilen bolduň sen,Sen, seretsem onki süňňüm ekeniň.Çalyşman daş ýurduň gülleri bilenAýakda yz goýan seniň tikeniň».

Ýurdumyzyň taryhynda müdimi galjak ýyl

30-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň öňüsyrasynda Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 2020-nji ýyl üçin bilelikdäki soňky mejlisini geçirdi. Şeýle hem mejlise Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri çagyryldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişi barada maglumat berdi. 2021-nji ýyly “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip yglan etmek hakyndaky teklip öňe sürüldi hem-de Täze ýylyň nyşanynyň taslamasy milli Liderimiziň garamagyna hödürlenildi.

Arkadagly Diýara hoş gelipsiň, Täze ýyl!

Şatlyk-şowhuny her bir öý-ojagy gurşap alýan Täze ýyly garşylamak dabarasy welaýatymyzda hem ýokary ruhubelentlige beslendi. Esasy dabaralar Balkanabat şäherindäki welaýat kitaphanasynyň öňünde oturdylan welaýatyň baş Täze ýyl arçasynyň ýanynda giňden ýaýbaňlandyryldy. Älemgoşar öwüşgini bilen haýran galdyrýan baýramçylyk meýdançasynda şatlyga beslenen dabara il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bagtyýar körpeler, medeniýet we sungat ussatlary, talyp ýaşlar agzybirlik bilen gatnaşdylar. Baýramçylyk mynasybetli guralan teleköpri dabara gatnaşyjylara ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň hem-de paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň bagtyýar ýaşaýjylary bilen toý şatlygyny paýlaşmaga, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň adyna baýramçylyk gutlaglaryny beýan etmäge mümkinçilik berdi. Buýsançly ýaňlanan baýramçylyk gutlaglarynda şöhratly taryhymyzda mynasyp orun alan 2020-nji — “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda gazanylan köpugurly üstünlikler dogrusynda durlup geçildi. 2020-nji ýyl döwletimiziň iň täze taryhynda milli we halkara ähmiýetli şanly wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Bu ýylda hem hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly, döredijilikli beýik işleri rowaçlyklara beslenip, durmuş-ykdysady özgertmeler üstünlikli amala aşyryldy. Munuň özi döwrebap nusgaly durmuş düzümlerini döretmekde, gurluşyk pudagyny, oba hojalygyny ösdürmekde, hususy

Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy

Baky berkarar döwletimiz hemmeleriň kalbyny toý şatlygyna besläp gelen täze, 2021-nji ýyla gadam basdy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan bu ýylyň hem eziz Diýarymyza düşümli ýyllaryň biri boljakdygyny onuň belent tutumlaryndan duýmak bolýar. Toý lybasyna beslenen Täze ýyl arçalarynyň daş-töwereginde baýramçylyk keşbi kalbyňy joşa getirýär. Täze ýyl mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramagynda geçirilen dabara hem ýatdan çykmajak täsirli pursatlara beslendi. Dabarada çykyş edenler bu ýere ýygnanan bagtyýar körpeleri Täze ýyl baýramy bilen gutladylar. Täze ýylda ata Watanymyzyň abadan, ilimiziň agzybir, topragymyzyň rysgal-bereketli bolmagyny arzuw etdiler. Körpeler şatlyk-şowhun bilen Aýazbabadyr Garpamygy çagyrdylar. Ýürekleri joşgunly körpeler Aýazbabadyr Garpamyk bilen bilelikde aýdym aýdyp, tans etdiler. Täze ýyl baýramçylygyny wasp edýän goşgulary ýatdan aýtdylar. Olaryň Watanymyzy, bagtyýar çagalygy wasp edip aýdan aýdymlary, goşgulary halkymyzy eşretli döwrüň eýesi eden Arkadag Prezidentimize hoşallyklarynyň beýany bolup ýaňlandy.

Rowaclyga beslendi

Ýagşy umyt-arzuwlar bilen Täze ýylymyz bosagadan ätledi. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly uly ösüşleri, möhüm syýasy-jemgyýetçilik wakalary bilen taryhymyzyň gatynda mynasyp orun alar. 2020-nji ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllygy dabaraly bellenip geçildi. Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýy uludan tutuldy. Mydama bolşy ýaly, gazanylan üstünlikler örän köpdür. Ähli ugurlarda bolşy ýaly, bilim ulgamyny ösüşiň täze derejelerine çykarmaga gönükdirilen işler oňat netije berýär. Bilim berlişiniň hili ýokarlanýar. Bizem çagalar bagymyzda sapaklary talabalaýyk guramaga, terbiýeçilik çärelerini gyzykly geçirmäge çalyşýarys. Şu maksat bilen görkezme esbaplaryndan, interaktiw tagtadan peýdalanýarys. Şeýle edilmegi körpeleriň sapaga höwesiniň artmagyna ýardam edýär. Çagalar bagymyzda terbiýelenýän çagalar şäher, welaýat derejesinde geçirilýän bäsleşiklere işjeň gatnaşýarlar, baýrakly orunlary eýeleýärler. Şäher möçberinde guralan «Zehinliler öňe saýlanýarlar», «Körpe bilgirjeler», «Dil bilen dünýäni gezer» atly bäsleşiklerem gyzykly boldy.

Täze ýyl — arzyly baýram

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe 2021-nji ýylyň gelmegi bilen, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Täze ýyl baýramçylygy dabaraly bellenilýär. Her bir baýramçylygyň öz täsiri we garşylanylyşy bolýar. Baýramçylyklaryň bir-birinden tapawutly bolşy ýaly, olaryň adamlarda galdyrýan täsirleri-de üýtgeşikdir. Täze ýyl baýramçylygy welin, iň bir ajaýyp baýramçylyklaryň biri. Sabyrsyzlyk bilen garaşylýan bu baýramçylyk täze bir ýylyň başlanmagyny aňladýar. Şonuň üçin geçen ýyly dabaraly ýagdaýda tamamlap, Täze ýyly uly joşgun bilen garşylamak däbe öwrüldi. Şeýle-de halkymyzda bir yrym bar. Täze ýyl saçagyny näçe bol edip, dürli-dümen nygmatlardan doldursaň, geljek ýyl hem şonça bereketli, rysgally bolarmyşyn diýilýär. Şol sebäpli, Täze ýyl saçagyny giňden ýazan halkymyz öz bereketli desserhanynyň iň bir süýji, lezzetli nygmatlardan doldurdy. Täze ýyl maşgala baýramçylygydyr. Her kim Täze ýylda öz öýünde, maşgalasynyň arasynda bir saçagyň başynda jemlenýär. Goý, 2021-nji ýyl halkymyza rowaçlyklar getirsin! Uly şatlyk-şowhun bilen maşgala agzalarynyň arasynda garşylanan Täze ýylda rysgal-berekediň, döwletliligiň ýaran bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris! Täze ýylyňyz düşümli bolsun!

Sagdyn durmuş — bagtly ýaşaýyş

Möwsümleýin ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, sagdyn iýmitlenmeli, lukmanlaryň berýän maslahatlaryny, arassaçylyk we beýleki düzgünleri berk berjaý etmeli. 1. Witaminlere we mikroelementlere baý gök önümleri, ter we kakadylan miweleri, süýt we süýt önümlerini iýmeli. Limonly, itburunly, bally çaý, dürli miweleriň ter şireleri örän peýdalydyr.