"Balkan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Balkan welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Balkanabat şäheri, 145-nji ýaşaýyş jaý toplumy, 1
Telefon belgileri: 6-37-06, 6-07-92, 6-07-96
Email: balkan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Welosiped sportunyň peýdasy

Ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda özüniň ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýan welosiped, ilkinji nobatda, adam bedeniniň sagdyn bolmagy üçin oňaýly serişde bolup durýar. Geliň, onda welosiped sportunyň nähili peýdasynyň bardygyna üns bereliň! Arassa howada welosipedli gezelenç etmegiň bedeniň ruhy taýdan sagdyn bolmagyna, fiziki işjeňligiň, çydamlylygyň ýokarlanmagyna peýdaly bolup durýandygyny, beýniniň öndürijilik ukybyny ýokarlandyryp, her bir adamda ruhubelentlik döredýändigini dünýäniň ençeme ýurtlarynda alymlar tarapyndan geçirilen barlaglar subut edýär. Yzygiderli welosiped sürýän adam özünde ýeňilligi, el-aýagynyň işjeňligini, şähdaçyklygy duýýar. Mundan başga-da, ýürek-damar ulgamynyň işjeňligi gowulanýar.  

Görk agyzdan...

Gök we bakja önümleri, ir-iýmişdir miweler, et we süýt, galla we kösükli ösümlikleriň önümleri saglygymyza peýdalydyr. Düzüminde witaminleri, mineral duzlary, uglewodlary, ýaglary, beloklary saklaýan bu önümler bedeniň işjeňligini üpjün edýär. C witaminine baý sitrus miweleri (apelsin, mandarin, limon), şeýle-de sogan, sarymsak, gyzyl bolgar burçy, pomidor immuniteti pugtalandyrýan, kesel dörediji bakteriýalara garşy täsiri bolan önümler hasaplanylýar. Bu önümleri möwsümleýin ýiti ýokanç keselleriň ýaýramak howpy ýokarlanýan döwürde köp iýmeli. Lukmanlaryň berýän maslahatlaryna görä, günüň dowamynda 4-5 gezek az-azdan iýmeli. Ýagsyz göläniň, towşanyň, towugyň etini gaýnadylan, buglanan görnüşde, şeýle hem balygy, ýagsyz süýt-gatyk önümlerini kabul etmek zerurdyr. Iýmitde gowrulyp bişirilen, tüssä kakadylan, ýagly, ýiti we ajy tagamly, şor, süýji önümleri, gazly we reňkli suwlary, et we balyk konserwlerini çäklendirmek maslahat berilýär. Şokolad, süýji, köke ýaly iýmitleri iýmegi azaldyp, kişde, kişmiş ýaly kakadylan miweleri iýmek peýdalydyr.

Bereketli topragymyzyň dermanlyk ösümlikleri

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň iň gymmatly baýlygy bolan baş saglygyny hemmetaraplaýyn goramagy döwlet syýasatynda naýbaşy orunda goýýar. Bu ugurda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent sepgitlere ýetildi. Saglygy goraýyş hyzmatynyň hil derejesi düýpli ýokarlandy. Häzirki wagtda bu döwletli tutumlar giň gerimlerde dowam etdirilýär. Saglygymyzy goramakda we berkitmekde türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyz geçen ýylyň 25-nji dekabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde şeýle ösümlikleriň biri bolan buýan ösümliginiň ynsan saglygyna peýdasyna, onuň keselleriň öňüni almakdaky, bejermekdäki aýratynlyklaryna ünsi çekdi.

«Dostluk» — türkmen-azerbaýjan dost-doganlygynyň we netijeli hyzmatdaşlygynyň nyşany

21-nji ýanwarda türkmen paýtagtynda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew onlaýn görnüşde bu möhüm resminamanyň kabul edilmegini mübäreklediler. Bu resminamada gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly türkmen-azerbaýjan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesi beýan edilýär. Gol çekmek dabarasynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowy kabul etdi.

Döwletli işler rowaç bolar

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň şöhratly taryhyna zer harplar bilen ýazylan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilip, uly üstünliklere ýetildi. Döwletimize Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Bitaraplyk hukuk derejesiniň berilmeginiň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan çäreler giňden ýaýbaňlandyrylyp, halkara ähmiýetli taslamalara badalga berildi. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylyň hem umumadamzat bähbitli tutumlaryň rowaçlyga beslenjek, ýurdumyzyň dünýädäki ornuny pugtalandyrjak, halklaryň agzybirligini, asudalygyny üpjün etmek we Ýer ýüzünde parahatçylygy dabaralandyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň uly ykrarnama, goldawa eýe boljak ýyllaryň biri bolar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Täze ýylymyz il-ýurt bähbitli uly üstünlikleriň, parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň ýyly bolar. Biz ata Watanymyza belent buýsanjymyz, geljege berk ynamymyz, aýdyň maksatlarymyz bilen has uly sepgitlere ýeteris».

Hazar deňziniň baýlygy halklaryň bähbidine

Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň uly dabaralara beslenjek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde bolup geçýän taryhy wakalar ýatdan çykmajak täsirleri bilen kalbymyzda baky orun alýar. Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen durmuşa geçirilýän ägirt uly taslamalar umumadamzat bähbitlerini nazarlaýar. Özara bähbitli, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giň gerimde ösdürýän Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde milli Liderimiziň juda öňdengörüjilik bilen öňe sürýän başlangyçlary hyzmatdaş ýurtlaryň, şeýle hem tutuş sebitiň ykdysady taýdan durnukly ösüşe eýe bolmagyna ýardam edýär. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy hem hormatly Prezidentimiziň dostluga hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan ynsanperwer syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini aýdyň görkezdi. Indi Hazardaky iri «Dostluk» ýatagynyň ýangyç çig mal serişdelerini özleşdirmek işleri azerbaýjanly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrylar. Munuň özi Hazar deňziniň sebitde durnukly ösüşi, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekde, goňşy ýurtlaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugta

Adalatyň dabaralanýan döwri

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny, mertebesini arşa göterýär. Ajaýyp zamanamyzda ähli babatda ösen ýurda öwrülen Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Türkmenistan köp döwletler bilen syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda, şol sanda halkara hukuk ulgamynda-da işjeň hyzmatdaşlygyny ösdürýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy giň gerime eýe bolup, milli kanunçylygymyz bilen dürli ugurlardaky halkara hukuk resminamalaryny sazlaşdyrmak, halkara konwensiýalaryna goşulyşmak, ikitaraplaýyn halkara resminamalary ykrar etmek işleri hem ulgamlaýyn amala aşyrylýar.

Möhüm wezipelerden ugur alyp

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşi partiýanyň welaýat komitetleri bilen sanly ulgam arkaly wideoşekilli maslahat geçirdi. Oňa Agrar partiýanyň welaýat komitetiniň jogapkär işgärleri hem gatnaşdylar. Maslahatda geçen ýylyň 16-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiziň jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň ýolbaşçylary bilen wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda oba hojalyk işgärlerini, daýhanlary ýokary hilli önüm öndürmek ugrunda täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmak üçin wagyz-nesihat işlerini geçirmek, ata Watanymyzy agrar döwletden senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça geçirilýän işleri ilata düşündirmek babatda partiýanyň öňünde goýlan wezipeler barada durlup geçildi hem-de olary durmuşa geçirmegiň anyk ýollary kesgitlendi.

Şanly ýyly üstünliklere beslemek ugrunda

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen welaýat birleşmeleriniň arasynda wideoşekilli maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň öňünde goýan wezipelerinden ugur alnyp geçirilen maslahata Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň jogapkär işgärleri hem gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň içeri hem-de daşary syýasatyny, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri, gazanylýan üstünlikleri wagyz etmekde, jemgyýetimiziň demokratik kadalaryny we halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda öňde durýan möhüm wezipeler barada giňişleýin söhbet edilen maslahatda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilmeli çäreleriň ýokary derejelere beslenmelidigi aýratyn nygtaldy. Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetini, many-mazmunyny innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly halkyň arasynda giňden wagyz etmek işleri möhüm wezipeleriň hatarynda goýuldy. Ýaşlaryň arasynda halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny, şeýle-de maşgala gymmatlyklaryny wagyz etmegiň ähmiýeti dogrusynda durlup geçildi. Halkymyzyň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda, ata Watanymyzyň bedew bady bilen okgunly öňe gitmeginde dünýä nusgalyk beýik işleri amala aşyrýan mähriban Arkadagymyza alkyş aýdyldy.

Akja gar

Şeýle bir owadan, şeýle bir gözel,Şeýle bir arassa, asuda säher.Dumly-duş ak gara bürenip otyr,Göýä ap-ak possun geýipdir şäher. Bütin gije maýdalapjyk ýagan gar,Keşp berdi zemine özüçe täze.Üçeklerde damjalar bulduraşdy,Meňzäp gaşyn kakyp näz edýän gyza.

Ýylyň ähli pasyllarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, degişli çäreler döwlet derejesindäki talaplara laýyk geçirilýär. Pasyllaryň çalyşmagy bilen baglylykda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, pasyllara görä gün tertibini dogry alyp barmaklyk zerur bolup durýar.

Paýtagtymyzyň gözel keşbini has özgertjek desgalar

18-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, gurluşygy “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasyna ynanylan Maslahatlar merkeziniň, kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň hem-de Hökümet münberiniň gurluşyklarynyň barşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz saparynyň dowamynda Aşgabadyň günorta böleginde Çandybil şaýolunyň ugrunda bina edilýän iri desgalara tarap ugrady. Döwlet Baştutanymyzyň gelen ilkinji desgasy halkara forumlary geçirmek meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Maslahatlar merkezi boldy. Bu toplumyň gurluşygy “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasyna ynanyldy. Täze gurulýan binada ýokary derejede mejlisleri we duşuşyklary geçirmek, şeýle hem hormatly myhmanlary kabul etmek üçin ähli şertler göz öňünde tutular.

Geljegimiziň binýady

«Biz geljegimiz bolan ýaş nesliň mynasyp bilim we terbiýe almagy üçin hem ähli şertleri döredýäris» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtap aýdýar. Hawa, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çagalarymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmaga, olara kämil edep-terbiýe, bilim bermäge jemgyýetimizi we döwletimizi ösdürmegiň esasy şertleriniň biri hökmünde uly ähmiýet berilýär. Bu babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler bolsa, ilki bilen, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini döwrüň ösen talaplarynyň derejesinde guramakdan gözbaş alýar. Öňümizde durýan belent wezipä doly düşünmek bilen, biz okuw-terbiýeçilik işlerini Gahryman Arkadagymyzyň sargytlaryndan hem-de taýsyz taglymatlaryndan ugur alyp guraýarys. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýy, milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşymyzyň ähli ugurlarynda gazanylýan beýik ösüşler, şeýle hem agzybirlik, dost-doganlyk, bagtyýar çagalyk hakyndaky düşünjeler çagalar bagymyzda guralýan sapaklaryň, geçirilýän köpçülik çäreleriniň esasy mazmunyny kesgitleýär.

Bagtyýarlygyň girewi

Halkymyzyň saglygyny goramak, ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek babatda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, ýokary netijeli sporty ösdürmegi hemişe üns merkezinde saklaýar. Şol tagallalaryň netijesinde ýurdumyzyň sebitlerinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport desgalary, stadionlar, sport mekdepleri, atçylyk sport toplumlary gurlup, ulanylmaga berildi. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi, Golf sport toplumy bolsa ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik gözelliginiň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Arkadag Prezidentimiziň sporty ösdürmekdäki şeýle giň gerimli işleri berkarar Diýarymyzy halkara derejeli sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekany hökmünde dünýä tanatdy. Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalarynyň ýaş nesilleriň sporta bolan höwesini has-da artdyrýandygy bizi diýseň begendirýär. Sebäbi indi sportuň dürli görnüşlerine höwes bildirýän, sagdyn durmuş ýörelgesine berk eýerýän ýaşlaryň hatary görnetin artdy. Olaryň sportuň dürli ugurlary boýunça ukyp-başarnyklary aýdyň ýüze çykyp, uly tejribe toplaýarlar. Biziň sport mekdebimizde hem ukyply, başarjaň nesiller terbiýelenýär. Mekdebimiziň ýaşajyk türgenleriniň etrabymyzda geçirilýän sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýändikleri buýsandyrýar.

Türkmen sportunyň üstünligi — ýurdumyzyň abraýy

Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşlere beslenýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimize ornaşdyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn bedenli we ruhy taýdan kämil ýaş nesli ýetişdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugra gönükdirilen döwlet we milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, şeýle hem dünýä halklarynyň we döwletleriniň arasyndaky özara bähbitli halkara sport hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmak babatda oňyn başlangyçlar öňe sürülýär. Ýurdumyzyň günbatar sebiti bolan welaýatymyzda hem sporty ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak babatda uly işler alnyp barylýar. Welaýatyň türgenleri ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän dürli ýaryşlara, Aziýa we dünýä çempionatlaryna gatnaşyp, Diýarymyzyň sport abraýyny mynasyp goraýarlar.

Anyk wezipeler kezgitlenildi

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi TDP-niň welaýat komitetleri bilen sanly ulgam arkaly wideoşekilli maslahat geçirdi. Oňa TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň jogapkär işgärleri, etrapdyr şäher komitetleriniň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar. Maslahatda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda göz öňünde tutulan çäreler, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny dabaralara beslemek, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji saýlawlaryny guramaçylykly geçirmek we oňa TDP-niň wekilleriniň işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmek boýunça giňişleýin gürrüň edildi. Öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň 16-njy dekabrynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda beren maslahatlarynyň ýol görkeziji bolup durýandygy aýdylyp, olara hötde gelmek üçin her bir partiýa guramasynyň we partiýa agzasynyň işi täzeçe gurap, has döredijilikli, işjeň zähmet çekmelidigi nygtaldy. Şol maslahatda döwlet Baştutanymyzyň wagyz-nesihat işleri arkaly döwletimiziň durmuşa geçirýän özgertmeler syýasatynyň düýp mazmunyny ilat arasynda giňden düşündirmek, Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetini, many-mazmunyny innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly halkyň arasynda giňden wagyz etmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ý

Ýokary ruhubelentlige beslenen çäre

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Onda geçen ýylda ýurdumyzda amala aşyrylan il-ýurt bähbitli işler barada durlup geçilmek bilen, milli Liderimiziň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda döwletimiziň ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşýan telekeçileriň, ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň öňünde durýan wezipeler barada gürrüň edildi. Dabaraly çärede çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri gurmagyň, döretmegiň ajaýyp zamanasydyr. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda telekeçiligiň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Türkmen telekeçilerine döwlet tarapyndan berilýän kömek-goldawlaryň netijesinde halkyň ýokary isleg bildirýän önümleriniň, harytlarynyň bolçulygy döreýär hem-de kuwwatly ykdysadyýet emele gelýär. Şeýle-de işjeň ýagdaýda geçen çärede ýaş telekeçileriň kemala gelmegine ýakyndan ýardam bermek, olary höweslendirmek barada hem nygtalyp geçildi hem-de telekeçiligiň ösdürilmegi, ýaşlaryň ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmagy ugrunda ähli şert-mümkinçilikleri döre

Islegli önümler öndürilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hususy işewürleriň gazanýan köpugurly üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän durmuş-ykdysady özgertmeleriniň ajaýyp miwesidir. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, öňdebaryjy bazar usullaryny giňden ornaşdyrmak arkaly hususy pudagyň milli ykdysadyýetimizde eýeleýän orny has-da pugtalanýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, pugtalandyrylmagyna, harytlaryň öndürilişini ýola goýmak üçin tehnologiýanyň soňky gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy bilen, içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilen pudaklaryň işini üstünlikli ýola goýmaga uly itergi berýär.

Diýarym

Bagt gülüp bakan eziz Diýara,Ýagyşy-ýagmyry nur bolup geler.Çar ýany bezenmiş güle, gülzara,Ähli pasyl göýä ýaz bolup geler. Seleň sähralary, ajap ýaýlasy,Çölüniň bezegi iner, maýasy,Aýrakly, jerenli daglaň gaýasy,Güneş nurun saçyp, çog bolup geler.

Jemgyýeti ösdürmekde, maşgalany berkitmekde uly güýç

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes öý-ojaklarymyzyň eýeleri bolan zenanlara çäksiz hormat-sarpa goýulýar. Döwlet Baştutanymyzyň özleri hakynda edýän aladalaryna bagtyýar zenanlar tutanýerli zähmetleri bilen jogap berýärler. Häzirki wagtda zenanlar önümçiligiň dürli pudaklarynda göreldeli zähmetiň nusgasyny görkezip, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Maşgalanyň esasy sütüni hasaplanylýan zenanlara zähmet çekmek we jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmak, çaga terbiýelemek babatda ähli şertler döredilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda zenanlaryň hukuklary we azatlyklary döwlet tarapyndan ygtybarly üpjün edilip, olar demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny has-da berkitmäge işeňňir gatnaşýarlar. Şeýle-de, zenanlaryň işjeňligini ýokarlandyrmaga döwlet derejesinde uly üns berilýär. Munuň şeýledigine milli Liderimiziň öňde goýýan wezipeleriniň mysalynda hem bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirmek bolýar. Döwlet Baştutanymyz geçen ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda bu guramalaryň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň we Türkmenistanyň Zenanlar birle