Bilim ulgamyndaky nusgalyk işler

1 gün öň
17

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygynyň bilimdigini aýratyn nygtaýar. Bu hakykat Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň üstünliklere beslenýän bilim özgertmeleriniň çuňňur mazmunynda hem mynasyp beýanyny tapýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly başlangyçlaryndan gözbaş alýan bilim özgertmeleriniň baş maksady bolsa, ýurduň daýanjy bolan ýaş nesliň hil taýdan dünýä ülňülerine laýyk bilim we ylym almaklaryny gazanmakdan ybaratdyr. Munuň özi berkarar Diýarymyzyň ähli ugurlarda okgunly ösüşini üpjün etmegiň esasy şertleriniň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda islendik döwletiň ykdysady kuwwatynyň diňe bir tebigy baýlyklary bilen däl-de, eýsem, ýetişdirip bilýän kämil nesilleri bilen kesgitlenýändigini nygtamagy hem şunuň bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şonuň üçin milli bilim ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek esasy üns berilýän ugurlaryň biridir.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen kabul edilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy bilim ulgamyndaky düýpli özgertmeleriň binýadyny berkitdi. Bu resminama täze taryhy eýýamda bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, okuw işine innowasion usullary giňden ornaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny, ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak ýaly asylly maksatlara gönükdirilendir. 

Halbibi TÄÇMÄMMEDOWA,
Türkmenbaşy şäherindäki 3-nji orta mekdebiň müdiri.
Beýleki habarlar