Ýörelgämiz — sagdyn durmuş

3 Fewral 2021
1487

Şeýle at bilen «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň tehniki wagyz ediş we durmuş maksatly hyzmatlar merkezinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. TMÝG-niň Balkanabat şäher geňeşiniň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen çärä il sylagly ýaşulular, mährem eneler, dürli kärde zähmet çekýän hünärmenler, ýaşlar gatnaşdylar.

Ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmaklaryny gazanmak, olarda ata-enäni, ulyny sylamak, lebzihalallyk, ynsaplylyk, ahlaklylyk ýaly asylly häsiýetleri terbiýelemek hem-de ýaramaz endikleriň ynsan saglygyna we jemgyýete ýetirýän zyýanyny düşündirmek maksady bilen geçirilen çärede edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ähli ugurlarda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanýandygy, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, päk ýürekden zähmet çekmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigi bellenildi. Ýaşlaryň ýaramaz endiklerden daşda durup, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermelidigi ündeldi.

Ananyýaz SAPAÝEWA,
TMÝG-niň Balkanabat şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar