Meniň bir jigim bar...

19 Ýanwar 2021
1996

«Jigi bizde-de bar» diýýänsiňiz. Dogry, meniň jigim «Maşa we Aýy» multfilmindäki Maşajyk ýaly örän ýeserje. Onuň ady Aýbölek, dört ýaşynda. Bir gün Aýbölek goşgy öwrenipdir. Agasynyň ýanyna baryp, goşgyny labyzly aýtdy. Agasy oňa elleriniň aýasyny dolduryp süýji berdi. Ol süýjüleri hiç kime bermän iýdi. Süýjüleri gutaransoň: «Men şol goşgyny ýene gaýtalap bilýärin» diýýär.

Wiý, men size Täze ýyl baýramçylygyny gürrüň bereýin. Çagalar bagynda Täze ýyl baýramçylygy geçirildi. Ullakan arçany bezediler, Aýazbabadyr Garpamyk geldi. Aýazbabanyň ýanynda goşgy aýtmak, ilki bilen, Aýbölegiň bijesine düşdi. Ol öz goşgusyndan başlap, ähli çagalaryň goşgularyny aýdyp çyksa nätjek. Onuň bilenem kanagatlanman, hüwdüdir sanawaçlary aýdyp başlady. Ahyrsoňy Aýazbaba onuň her eline bir sowgat berip, zordan ýerine geçirdi. Şondan soň beýleki çagalara gezek ýetdi.

Şaperi SATLYKOWA,
Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň okuwçysy.