Sagdyn nesil — bagtyýar geljek

1 gün öň
31

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, ata Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Röwşen geljegimiz bolan ýaş nesliň sagdyn bolmagyny gazanmak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şol nukdaýnazardan, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi hem muňa aýdyň mysaldyr. Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy 2021-nji ýylyň 29-njy martynda döredildi. Bu gaznanyň esasy maksady kömege mätäç çagalara hemaýat bermekden ybarat bolup durýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynyň Arkadag şäherinde ýerleşdirilmeginiň geljegimiz bolan ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kadaly ösüşini üpjün etmek baradaky aladalaryň Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ynsanperwer işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydygynyň subutnamasydyr. Gaznanyň alyp barýan işiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde zerur işleriň geçirilýändigini görkezýär. Geçen gysga döwrüň dowamynda gaznanyň hasabyna howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalaryň geçirilmegi, çagalyk öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän körpeleriň ençemesiniň bejergi almaklary, lukmançylyk maksatly serişdeleri satyn almak üçin pul serişdeleriniň bölünip berilmegi edilýän aladalaryň bimöçberdiginiň alamatydyr. Bu bolsa ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly asylly ýörelgeleriň rowaçlanýandygynyň, howandarlyga mätäç çagalaryň hemmetaraplaýyn sagdyn we sazlaşykly ösmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Gurbanjemal DURDYGULYÝEWA,
«Balkan».