"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bilim — döwrüň şamçyragy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 24-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň geljek döwürde ýurdumyzyň öňünde durýan möhüm wezipeler barada söhbet açan taryhy çykyşynda bellenilen her bir maksatly işe ähli halkymyz bilen bir hatarda, türkmen ýaşlarynyň hem mynasyp goşant goşýandygy diýseň guwandyrýar. Döwlet Baştutanymyz ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin olar bilen işleşýän ýöriteleşdirilen guramalaryň işini güýçlendirmegi, hukuk esaslaryny we maliýe meselelerini kämilleşdirmegi ünsden düşürmän, bu babatda degişli toplumlaýyn wezipeleri öňe sürýär.

Diller — dostluk köprüsi

Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamy ýokary derejeli ösüşlere eýe bolýar. Munuň özi diňe bir bilim ulgamynyň däl, eýsem, tutuş halkymyzyň kalbynda çuňňur kanagatlanma duýgusyny döredýär. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan» we «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek boýunça 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipelere laýyklykda ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpe nesle bilim-terbiýe berlişiniň hilini yzygiderli kämilleşdirmek maksady bilen daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça ýörite ygtyýarnama berilmegi hem halkymyzyň begenç-buýsanjyny artdyrdy. Ösüp gelýän ýaş nesle daşary ýurt dillerini öwretmegiň ilkinji basgançaklary çagalar baglarynda goýulýar. Alty ýaşa çenli bolan döwür çaganyň bilesigelijiliginiň ösen we gyzyklanmalarynyň ýokary derejä göterilen döwri bolýar. Şol döwürde çaga daşky täsirleri tiz kabul edýär we ondan soňra çaga şol öňki kabul eden zatlaryny kämilleşdirip başlaýar. Çaganyň geljekki häsiýeti, esasan, şol döwürde ýüze çykýar. Ine, hut şol döwürde hem çagalar baglarynda daşary ýurt dilleriniň öwredilip başlanmagy, milli edep-terbiýäniň olaryň aňyna guýulmagy mynasyp nesilleriň kemala

Bagtly geljegiň kepili

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bagtly geljegi bolan ýaşlarymyzyň sagdyn bedenli, belent ruhly, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli bolup ýetişmeklerine gönükdirilen kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan döwletimiziň BMG-niň çaganyň hukuklaryny goramak hakynda konwensiýasyna goşulmagy Diýarymyzda ýaş nesliň ýagty geljegi ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň güwäsidir. Şu nukdaýnazardan, döwletimizde bu ugurda kabul edilýän kanunlar halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna laýyk gelmek bilen, dünýä döwletleriniň iň gowy tejribelerini özünde jemleýär. 2021-nji ýylda kabul edilen «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi dünýäniň kanunçylyk işinde bar bolan esasy hukuk düşünjelerini we pudaklaryny özünde jemleýän pugta kanunçylyk binýadyna öwrüldi.

Türkmenistanyň serhet institutyna 2024/2025-nji okuw ýyly üçin okuwa kabul etmegiň TERTIBI

1. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Serhet institutyna okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlanandygyny habar berýäris. 2. Serhet institutynda okuwyň möhleti 5 okuw ýyly. Okuw döwründe institutyň harby talyplary doly döwlet üpjünçiliginde bolup, olar iýmit, harby eginbaş, talyp haklary we umumyýaşaýyş jaýy (ýatakhana) bilen üpjün edilýär.

Çagalar bakja-baglarynda

Yhlasly zähmet — egsilmez alkyş Her bir terbiýeçiniň mugallymyň ýaş nesillerimiziň bilimli hem terbiýeli bolmagy ugrunda alyp barýan irginsiz zähmetiniň bardygyny, onuň netijesinde bolsa çagalaryň, ene-atalaryň egsilmez alkyşyna eýe bolýandygyny aýtmak isleýärin. Şeýle terbiýeçileriň hatarynda Mary şäherindäki 16-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň mekdebe taýýarlyk bölüminiň “Günjagaz” atly ikinji toparynyň terbiýeçisi Laçyn Amanowanyň adyny uly buýsanç bilen aýtmak bolar.

Bilimiň kämilligi – ösüşlere badalga

Ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almagy, döwletimiziň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmagy, işjeň gatnaşmagy, dünýäniň ylym-bilim ulgamynyň gazananlaryndan habarly, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi bilim işgärleriniň öňünde goýlan esasy wezipedir. Bu wezipe sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Häzirki döwre mahsus bolan şertlerde ýaşlara bilim we terbiýe bermek esasy wezipeleriň biri hasaplanýar. Şonuň bilen bagly, ýurdumyzyň bilim edaralarynda ýaşlaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Häzirki döwürde bilim bermegiň barşynda innowasion tehnologiýalardan giňden peýdalanylýar. Bu bolsa okuwçylaryň okamak we öwrenmek bilen bagly işiniň häsiýetiniň we hiliniň ýokarlanmagyna alyp barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlary dünýä derejesindäki bilimleri özleşdirip, ylym-bilim babatdaky başarnyklary ussatlyk bilen ele alýarlar. Eziz Diýarymyzda ýaşlara ylym-bilim, terbiýe bermek, şeýle hem bilim bermegiň iň täze döwrebap usulyýetinden peýdalanmak işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyz “Ösüşiň täze belentliklerine tarap” diýen kitabynda şeýle belleýär: “Bilime jemgyýetimiziň öňe gitmeginiň, döwletimiziň mundan beý

Sanly bilim ulgamy

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzda bilim edaralarynyň işi has-da kämilleşdirilip, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak ugrunda uly tagallalar edilýär. Bu konsepsiýa maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik ulgamynyň netijeli işlemegini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzda ähli ulgamlary sanlylaşdyrmak konsepsiýasy netijeli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli hem-de oýlanyşykly döwlet syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzda dünýäniň ösen tejribesini we öňegidişliklerini nazara alyp, ýokary tehnologiýalara düýpli nazaryýet bilimlerine we öňdebaryjy ylymlara esaslanan sanly ykdysadyýeti döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Baky bagtyň şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijesini berýär. Watanymyza, halkymyza, milli däp-dessurlarymyza we ýörelgelerimize wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlar kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek barada alada edip, ýaşlary kämil bilimiň ak ýoluna atarýar. Ýaşlaryň beýik döwrümiziň ruhuna kybap ösüp kemala gelmegi, isleg bildirýän hünärlerini öwrenip, oňa eýe bolmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Röwşen geljegiň binýady

Ýaş nesliň kämil bilim almagy, ylymly hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bilim ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. Bilim ynsan üçin bahasyz baýlyk, ruhy hazynadyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan, watansöýüji, dünýä dillerini suwara bilýän ilhalar ýaşlar kemala gelýär. Häzirki wagtda ylym-bilim ulgamynda döredilýän giň mümkinçilikler örän buýsandyryjydyr. Bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi döwletimiziň we jemgyýetimiziň medeni hem-de ruhy taýdan sazlaşykly ösmeginiň esasy şertine öwrüldi. Bilim ojaklary kompýuterler, okuw serişdeleri, interaktiw multimedia tehnologiýalary bilen doly üpjün edilýär.

Başlangyç synplarda türkmen dili sapagy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz Watanymyzyň we halkymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy barada tagalla edýärler. Ýurdumyzda munuň üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şu nukdaýnazardan, mekdep okuwçylaryna döwrebap bilim-terbiýe bermek bilim işgärleriniň, şol sanda, ilkinji nobatda, mugallymlaryň öňünde durýan möhüm wezipe, mukaddes borç hökmünde kesgitlenildi. Döredilýän giň mümkinçilikler biz mugallymlary mukaddes kärimizde has-da tutanýerli we döredijilikli işlemäge, okuwçylara bilim-terbiýe bermegiň netijeli, öňdebaryjy usullaryny iş tejribämize ornaşdyrmaga, munuň üçin bolsa hemişe gözlegde bolmaga borçly edýär.

Bilimli ýaşlaryň kämilligi

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şonuň netijesinde ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň döwrebap bilim, terbiýe almagyna aýratyn üns berýär. Giň gözýetimli, bilimli we ynsanperwer ýaşlary kemala getirmek esasy ugurlaryň biridir. Şonuň üçin hem ýaşlara ýurdumyzda bilim almaga, döredijilikli zähmet çekmäge ähli şertler döredilýär. Ýaşlar eziz Diýarymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda üstünlikli zähmet çekýärler. Telekeçilik bilen meşgullanýan ýaşlara goldaw bermek hem-de olary bu işe höweslendirmek ugrunda hem uly tagallalar edilýär.

Jem­gy­ýet­çi­lik ösü­şi­niň öz­ger­di­ji güý­ji

Ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­mek hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň alyp bar­ýan dur­muş-yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu ul­gam jem­gy­ýet­çi­lik ösü­şi­niň kuw­wat­ly öz­ger­di­ji güý­ji bol­mak bi­len, ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de ýur­du­myz­da ila­ty el­ýe­ter­li hem-de ýo­ka­ry hil­li bi­lim hyz­mat­la­ry bi­len üp­jün et­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Üstümizdäki ýy­lyň 5-nji okt­ýab­ryn­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra bi­lim eda­ra­la­ry­nyň ýo­ka­ry hü­när­li mu­gal­lym­lar we okuw ki­tap­la­ry bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni sel­je­rip dur­ma­gy, bu ul­ga­ma san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­gy çalt­lan­dyr­ma­gy tab­şyr­dy.

Edepli nesil

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylymly, bilimli, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň baş maksadydyr. Halkymyzyň baý medeni mirasyny dikeltmek, öwrenmek we ýokary ahlak düşünjeli, bilimli, watansöýüji ýaş nesli kemala getirmek üçin maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen birlikde ýaşlaryň durmuşy, okuwy hem dynç alşy bilen bagly meseleler hem hemişe üns merkezinde saklanylýar. Ýaşlarda hemişelik Bitarap ýurdumyza, merdana halkymyza hem-de şöhratly taryhymyza buýsanjy, ylym-bilime höwesi artdyrmak, olaryň döwrebap bilim almagyny üpjün etmek, ilkinji nobatda bolsa, belent adamkärçilikli ynsanlary terbiýeläp ýetişdirmek kuwwatly Watanymyzyň geljekde-de binýadynyň berkligini kepillendirýär. Nesil terbiýesiniň jemgyýetiň ösüşine edýän täsiri barada Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda şeýle diýilýär: «Her bir adamyň mukaddesliklere, halallyk ýörelgelerine, päkgöwünlilige, zähmetsöýerlige we beýleki asylly häsiýetlere bolan garaýşyndan durmuşyň binýady tutulýar, döwlet sütüni bina bolýar. Döwleti döwlet, ili il edýän hem adamlardyr». Hemmetaraplaýyn ösen, sagdyn, edep-terbiýeli ýaşlary ösdürip ýetişdirmekde maşgala bilen bir hatarda çagalar bagynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň, olary gurşaýan jemgyýetiň hem orny örän uludyr. Maşgaladan we çagalar bagynda

Jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýji (Bilim — kämillige ýol)

Döwletimiziň we jemgyýetimiziň kuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini artdyrýan güýç ylym-bilimde jemlenendir. Ylmyň durmuşymyzyň ähli ugurlaryna, ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşine edýän täsiri uludyr. Şeýlelikde, ylym — tükenmez baýlyk, maddy gymmatlyklary döredýän egsilmez çeşme. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdepleri hereket edýär. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalaryň hasabyna önümçiligiň girdejileriniň artýandygyny aňladýar.

Türkmenistanyň Serhet institutyna 2024/2025-nji okuw ýyly üçin okuwa kabul etmegiň tertibi

1. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Serhet institutyna okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlanandygyny habar berýäris. 2. Serhet institutynda okuwyň möhleti 5 okuw ýyly. Okuw döwründe institutyň harby talyplary doly döwlet üpjünçiliginde bolup, olar iýmit, harby eginbaş, talyp haklary we umumyýaşaýyş jaýy (ýatakhana) bilen üpjün edilýär.

Bäsleşik geçirildi

Körpejeleriň üstünlikli çykyşlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri ugrunda uly aladalar edilýär. Ýaş nesillerimiziň çagalar bagyna gatnaýan döwründen has bilimli hem sowatly bolmagy üçin birnäçe bäsleşikler yzygiderli guralýar.

Okuwçylara iňlis dilini öwretmek

Bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän beýik işler ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagyny üpjün edýär. Eziz Diýarymyzda ýaş nesilleriň kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ýaşlara berilýän bilim-terbiýäniň hilini has-da ýokarlandyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda tebigy ugurlary hem, daşary ýurt dillerini öwretmek hem möhümdir. Şonuň üçin hem mekdeplerde geçilýän sapaklary ýokary derejede guramak, usulyýetiň döwrebap görnüşlerinden peýdalanmak mugallymlaryň baş maksady bolup durýar. Iňlis dili sapaklarynda okatmagyň döwrebap usullary ulanylýar. Sapak geçilende okuw kitaplary bilen bir hatarda multimedia tagtalar, lingafon otaglar, audio we wideo ýazgylar peýdalanylýar. 5-nji synpda okuwçylara iňlis dilinde sagadyň, wagtyň aňladylyşy hakynda düşündirilýär. Şonuň üçin hem sagatlaryň wagtyny multimedia tagtasynda bellemeli hem-de okuwçylar bilen iňlisçe aýtmaly:

Bilimli ýaşlara buýsanç

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek, olara döwrebap usulda bilim bermek, ylmy gözleglere ugrukdyrmak, saýlap alan hünäriniň hakyky eýeleri bolup ýetişmeklerini üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Bu asylly işe örän jogapkärli çemeleşýän bilim işgärleriniň alyp barýan işlerini bellemek gerek. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň esasynda, häzirki wagtda dünýäniň ylmy-innowasion, ruhy-medeni babatda öňdebaryjy tejribeleri giňden öwrenilýär we ösen talaplara laýyklykda okuw maksatnamalary işlenilip düzülýär hem-de okuw kitaplary, gollanmalary taýýarlanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap hünärmenleri, şol sanda daşary ýurt dillerini suwara bilýän dürli ugurlardan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak esasy ugurlaryň biridir. Hormatly Prezidentimiziň: «Bilimleri, ylmyň dürli ugurlaryny özleşdirmek, il-ýurda mynasyp gulluk etmek beýik mertebedir. Ylym we bilim adama durmuş ýolunda üstünlik, abraý, sylag-hormat getirýän gymmatlykdyr, biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir hem-de nurana geljegimizdir» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, häzirki döwürde ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmekde täze maglumat tehnologiýalaryny ulanmak zerurdyr. Sanly bilim ulgamy

Goňşy ýurtdan 16 medal!

Ýakynda Özbegistan Respublikasynyň Nöküs şäherinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda al-Horezmi adyndaky II halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Türkmenistandan, Gyrgyzystandan, Gazagystandan, Täjigistandan, Özbegistandan ýokary okuw mekdepleriniň 48-siniň talyplar toparlaryny bir ýere jemlän olimpiada Merkezi Aziýa döwletlerinden ýaş matematikleriň 168-si gatnaşdy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Döwlet energetika institutynyň talyplaryndan düzülen toparlar bu olimpiadada ýurdumyza wekilçilik etdiler.

Dil öwrenmek döwrüň talaby

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyz ähli babatlarda belent sepgitlere ýetýär. Ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýaşlara daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmek, olaryň dil baýlygyny artdyrmak, dünýä dillerinde erkin gürläp bilmeklerini gazanmak we döwrebap bilim bermek meselesine-de uly ähmiýet berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň düýpli özgerdilmegi we kämilleşdirilmegi ýaşlara berilýän watançylyk terbiýesiniň ýokary hilli bolmagyny üpjün edýär.