Bagtly geljegiň kepili

8 Noýabr 2023
534

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bagtly geljegi bolan ýaşlarymyzyň sagdyn bedenli, belent ruhly, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli bolup ýetişmeklerine gönükdirilen kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan döwletimiziň BMG-niň çaganyň hukuklaryny goramak hakynda konwensiýasyna goşulmagy Diýarymyzda ýaş nesliň ýagty geljegi ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň güwäsidir. Şu nukdaýnazardan, döwletimizde bu ugurda kabul edilýän kanunlar halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna laýyk gelmek bilen, dünýä döwletleriniň iň gowy tejribelerini özünde jemleýär.

2021-nji ýylda kabul edilen «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi dünýäniň kanunçylyk işinde bar bolan esasy hukuk düşünjelerini we pudaklaryny özünde jemleýän pugta kanunçylyk binýadyna öwrüldi.

Şirin ÖWEZOWA,
welaýat prokuraturasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň prokurory, ýustisiýanyň geňeşçisi.