Röwşen geljegiň binýady

7 Noýabr 2023
741

Ýaş nesliň kämil bilim almagy, ylymly hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bilim ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. Bilim ynsan üçin bahasyz baýlyk, ruhy hazynadyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan, watansöýüji, dünýä dillerini suwara bilýän ilhalar ýaşlar kemala gelýär. Häzirki wagtda ylym-bilim ulgamynda döredilýän giň mümkinçilikler örän buýsandyryjydyr. Bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi döwletimiziň we jemgyýetimiziň medeni hem-de ruhy taýdan sazlaşykly ösmeginiň esasy şertine öwrüldi. Bilim ojaklary kompýuterler, okuw serişdeleri, interaktiw multimedia tehnologiýalary bilen doly üpjün edilýär.

Nargül JORAÝEWA,
Dänew etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň müdiri.