Diller — dostluk köprüsi

8 Noýabr 2023
586

Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamy ýokary derejeli ösüşlere eýe bolýar. Munuň özi diňe bir bilim ulgamynyň däl, eýsem, tutuş halkymyzyň kalbynda çuňňur kanagatlanma duýgusyny döredýär. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan» we «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek boýunça 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipelere laýyklykda ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpe nesle bilim-terbiýe berlişiniň hilini yzygiderli kämilleşdirmek maksady bilen daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça ýörite ygtyýarnama berilmegi hem halkymyzyň begenç-buýsanjyny artdyrdy.

Ösüp gelýän ýaş nesle daşary ýurt dillerini öwretmegiň ilkinji basgançaklary çagalar baglarynda goýulýar. Alty ýaşa çenli bolan döwür çaganyň bilesigelijiliginiň ösen we gyzyklanmalarynyň ýokary derejä göterilen döwri bolýar. Şol döwürde çaga daşky täsirleri tiz kabul edýär we ondan soňra çaga şol öňki kabul eden zatlaryny kämilleşdirip başlaýar. Çaganyň geljekki häsiýeti, esasan, şol döwürde ýüze çykýar. Ine, hut şol döwürde hem çagalar baglarynda daşary ýurt dilleriniň öwredilip başlanmagy, milli edep-terbiýäniň olaryň aňyna guýulmagy mynasyp nesilleriň kemala gelmegini üpjün etjek esasy şertleriň biridir. Şu ýagdaýlaryň göz öňünde tutulyp, çagalar baglarynda daşary ýurt dilleriniň çuňlaşdyrylyp öwredilip başlanylmagyna badalga berilmegi tüýs ýerine düşen mesele boldy. Häzirki wagtda etrabymyzdaky 24-nji çagalar bagynda bu ugurdan ilkinji ädimler ädildi.

Zarina AHMEDOWA,
Çärjew etrap bilim bölüminiň mekdebe çenli terbiýe boýunça hünärmeni.