Okuwçylara iňlis dilini öwretmek

5 Noýabr 2023
857

Bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän beýik işler ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagyny üpjün edýär. Eziz Diýarymyzda ýaş nesilleriň kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ýaşlara berilýän bilim-terbiýäniň hilini has-da ýokarlandyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda tebigy ugurlary hem, daşary ýurt dillerini öwretmek hem möhümdir. Şonuň üçin hem mekdeplerde geçilýän sapaklary ýokary derejede guramak, usulyýetiň döwrebap görnüşlerinden peýdalanmak mugallymlaryň baş maksady bolup durýar.

Iňlis dili sapaklarynda okatmagyň döwrebap usullary ulanylýar. Sapak geçilende okuw kitaplary bilen bir hatarda multimedia tagtalar, lingafon otaglar, audio we wideo ýazgylar peýdalanylýar. 5-nji synpda okuwçylara iňlis dilinde sagadyň, wagtyň aňladylyşy hakynda düşündirilýär. Şonuň üçin hem sagatlaryň wagtyny multimedia tagtasynda bellemeli hem-de okuwçylar bilen iňlisçe aýtmaly:

Aýna ROZYÝEWA,
Hojambaz etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy.