Edepli nesil

6 Noýabr 2023
524

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylymly, bilimli, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň baş maksadydyr. Halkymyzyň baý medeni mirasyny dikeltmek, öwrenmek we ýokary ahlak düşünjeli, bilimli, watansöýüji ýaş nesli kemala getirmek üçin maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen birlikde ýaşlaryň durmuşy, okuwy hem dynç alşy bilen bagly meseleler hem hemişe üns merkezinde saklanylýar.

Ýaşlarda hemişelik Bitarap ýurdumyza, merdana halkymyza hem-de şöhratly taryhymyza buýsanjy, ylym-bilime höwesi artdyrmak, olaryň döwrebap bilim almagyny üpjün etmek, ilkinji nobatda bolsa, belent adamkärçilikli ynsanlary terbiýeläp ýetişdirmek kuwwatly Watanymyzyň geljekde-de binýadynyň berkligini kepillendirýär. Nesil terbiýesiniň jemgyýetiň ösüşine edýän täsiri barada Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda şeýle diýilýär: «Her bir adamyň mukaddesliklere, halallyk ýörelgelerine, päkgöwünlilige, zähmetsöýerlige we beýleki asylly häsiýetlere bolan garaýşyndan durmuşyň binýady tutulýar, döwlet sütüni bina bolýar. Döwleti döwlet, ili il edýän hem adamlardyr». Hemmetaraplaýyn ösen, sagdyn, edep-terbiýeli ýaşlary ösdürip ýetişdirmekde maşgala bilen bir hatarda çagalar bagynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň, olary gurşaýan jemgyýetiň hem orny örän uludyr. Maşgaladan we çagalar bagyndan soň orta mekdepler ýaşlar üçin bilim we terbiýe ojagy hasaplanýar. Maşgalada ata-enäniň çagasy üçin görelde bolşy ýaly, mekdep mugallymlary hem öz bilimi, ylmy, medeniýeti, gowy gylyk-häsiýetleri, özüni alyp barşy, ykjam, arassa geýnişi bilen görelde bolmaly. Okuwçylara çuň bilim, edep-terbiýe bermek bilen birlikde olar bilen hoşniýetli, mylakatly gatnaşyklary ýola goýmagy başarmaly.

Kümüş AMANOWA,
Aşgabat şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 83-nji orta mekdebiň mugallymy.