Bilimli ýaşlara buýsanç

5 Noýabr 2023
720

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek, olara döwrebap usulda bilim bermek, ylmy gözleglere ugrukdyrmak, saýlap alan hünäriniň hakyky eýeleri bolup ýetişmeklerini üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Bu asylly işe örän jogapkärli çemeleşýän bilim işgärleriniň alyp barýan işlerini bellemek gerek. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň esasynda, häzirki wagtda dünýäniň ylmy-innowasion, ruhy-medeni babatda öňdebaryjy tejribeleri giňden öwrenilýär we ösen talaplara laýyklykda okuw maksatnamalary işlenilip düzülýär hem-de okuw kitaplary, gollanmalary taýýarlanylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap hünärmenleri, şol sanda daşary ýurt dillerini suwara bilýän dürli ugurlardan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak esasy ugurlaryň biridir. Hormatly Prezidentimiziň: «Bilimleri, ylmyň dürli ugurlaryny özleşdirmek, il-ýurda mynasyp gulluk etmek beýik mertebedir. Ylym we bilim adama durmuş ýolunda üstünlik, abraý, sylag-hormat getirýän gymmatlykdyr, biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir hem-de nurana geljegimizdir» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, häzirki döwürde ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmekde täze maglumat tehnologiýalaryny ulanmak zerurdyr. Sanly bilim ulgamyny durmuşa ornaşdyrmak bilen bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, dürli ylmy-amaly maslahatlary geçirmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ylymly-bilimli, watansöýüji, ynsanperwer, ýurduň ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek hem-de ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny kemala getirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen dürli çäreler, okuw maslahatlary geçirilýär. Bu okuw maslahatlaryna ýokary okuw mekdeplerinden zehinli talyplar gatnaşýarlar.

Allamyrat BAÝRAMOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy.