Baky bagtyň şuglasy

7 Noýabr 2023
783

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijesini berýär. Watanymyza, halkymyza, milli däp-dessurlarymyza we ýörelgelerimize wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlar kemala gelýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek barada alada edip, ýaşlary kämil bilimiň ak ýoluna atarýar. Ýaşlaryň beýik döwrümiziň ruhuna kybap ösüp kemala gelmegi, isleg bildirýän hünärlerini öwrenip, oňa eýe bolmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Aman AÝJYKOW,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň hasapçysy.