"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Magtymguly

Daşy syndyrar Ykbalyň oýansa, döwlet ýar bolsa,Daga azy ursaň, daşy syndyrar.Täleýiň ters gelse, bagtyň şor bolsa,Paludanyň peri dişi syndyrar.

Watan hakyndaky müdimi owaz

Magtymguly Pyragynyň ady il-uluslara dolupdyr. Şahyryň ylym alan medreselerinde onuň ady hormat bilen tutulypdyr. Buharanyň, Hywanyň alym-ulamalary hem biziň sebitlerimizden myhman barsa, oňa «Hezreti Magtymgulynyň ýurdundan» diýip aýratyn hormat edilipdir. XIX asyrdan başlap Kesearkaçda Ak işanyň ady bilen baglanyşykly gürrüňler ýaýrapdyr. Ak işanyň hem Hywadaky medresede bilim alandygy barasynda maglumat bar. Ak işanyň aramgähi Bäherden etrabynyň Arçman obasynyň demirgazyk künjünde ýerleşýär. Bu ýere häli-häzirem piri hatyralap barýarlar, onuň ruhuna aýat-töwir edýärler. Magtymguly Pyragynyň tälim alan medresesinde okanlar, şol sanda, arkaçly sopular hakynda käbir rowaýatlarda gürrüň berilýär. Rowaýatlar ýöne ýere döremeýär, her rowaýatyň aňyrsynda ýa anyk taryhy, ýa-da biraz kebşirlenen wakalar ýatandyr. Muňa şahyryň goşgularyndan hem göz ýetirip bolýar. Diýarymyzyň belli-belli ýerlerinde medreseler bolupdyr. Magtymguly Pyragy bilimi ýetik, Hakdan içen ussat, şonuň üçin hem akyldar şahyryň uly alym-ulamalaryň jemlenen ýerinde tälim almagyny maslahat beripdirler. Änewde, Gadymy Abiwertde, ýagny Kaka topragynda, Gökdepede, Durunda hem medreseleriň bolandygy arheologik, etnografik ylmy barlaglar bilen hem esaslandyrylýar. Medreseleriň käbirleri hakynda anyk maglumatlar bar. Ilat arasyndan ýygnalan maglumatlara görä, Magtymguly Pyragynyň öz eli bilen ýazan «El-Kätib Magtymguly»

Söz manysy

Zenehdan Türkmen nusgawy edebiýaty halkyň baý geçmişinden söz açýar. Nusgawy edebiýatymyzyň eserlerini okanyňda, türkmen dilimiziň baý sözlük düzüminiň bardygyna aýdyň göz ýetirmek bolýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde duş gelýän «zenehdan» sözi «eňegiň aşagyndaky çukurjygy» aňladypdyr. Magtymguly Pyragynyň «Meňzär hökümli» atly goşgusynda:

Mukaddeslik

(Hekaýa) Segsen ýaşdan agan Sona eje sandygynyň düýbünden ýanly keteni köýnegi çykaryp, agtygynyň öňünde goýdy. Köýnegiň ýakasyna, ýeňlerine nepislik bilen keşdelenen nagyşlary gören Läle haýran galdy.

Ruhy galkynyş: ylham joşguny

Buýsanýan Bagt guşy gondy bu gün başyma,Diýarymyň gül keşbine buýsanýan.Dünýä haýran galýar gülläp barşyna, Diýarymyň gül keşbine buýsanýan.

Aşgabat — ajaýyp sungat eseri

Aşgabat — kalplara nur çaýýan, göwünlere ganat baglaýan nurana şäher, ajaýyp sungat eseri. Bu günki günde Aşgabat şäheriniň at-owazasynyň dünýä dolmagynda şöhratly taryh, şol taryhyň gatlarynda bolsa ata-babalarymyzyň başdan geçiren wakalary, watansöýüjiligi, däp-dessurlary, dost-doganlyk gatnaşyklary çuň mazmun, şirin söz bilen giňden beýan edilýär. Ýazyjylaryň, şahyrlaryň, bagşydyr sazandalaryň, binagärleriň, küýzegärleriň, zergärleriň, halyçylaryň döreden sungat eserleriniň aňyrsynda hem irginsiz zähmeti, halkymyzyň asyrlarboýy eden arzuw-hyýallary, maksat-myratlary, Watana bolan mähribanlygy, ak şäherimiz Aşgabada bolan söýgisi bar. Taryhdan belli bolşy ýaly, alys döwletleri birikdiren, hoşniýetli gatnaşyklaryň köprüsine öwrülen Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hökmünde tanalan ata Watanymyzyň gözel paýtagty Aşgabat häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen has gözelleşip, mizemez şan-şöhrata eýe boldy. Aşgabat şäheriniň owadanlygy, ösüşi, ýeten sepgitleri türkmen edebiýatynda, şygryýetinde hem giňden şöhlelenýär. Gara Seýitliýewiň Aşgabat hakyndaky «Iň gözel gül», «Aşgabat», «Eziz şäherdeş» ýaly goşgularyny okanymyzda, paýtagtymyzyň gözelligi biziň aňymyzda hemişelik aýdym, waspnama bolup ýaňlanýar:

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndaky hekaýatlar we rowaýatlar ummanyndan

...Kiçi wagtlarymyzdy. Öz deň-duş goňşy oglanlarymyz bilen her dürli ugurlara höwes ederdik. Heniz özümiz üçin nähili hünäriň gerekli boljagyny saýlap ýetişmändik. Aýdym-saz, sportuň dürli görnüşlerine, bagbançylyk gurnagyna gatnaýanlarymyzam bardy. Gurnaklara gatnamaly ýerimiz uzak bolandygy üçin, okuwymyza ýetişmek kynrak düşýärdi. Şol zerarly oglanlaryň yzygiderli gatnamaýanlaram bardy. Şonda biziň bilen goňşuçylykda ýaşaýan ýaşulularyň biri hünär öwrenmegiň peýdasy hakyndaky bir hekaýat aýdyp berip, şonuň üsti bilen yzygiderli özüňi kämilleşdirmeseň, işiňe ussat bolmagyň kyndygyny düşündiripdi. «Hünäre söýgi bilen garamaly. Bir gün gidip, ikilenji gün hem ýaltalyk etseňiz, olar ýaly adama «ýeňsikçi» diýilýär. «Ýeňsikçiniňki ýeke gün, ýetiberse ýedi gün» diýilýändir. Şu wagtdan yhlas etseňiz, ulalanyňyzda onuň hözirini görersiňiz» diýip sargapdy. Bu wakalaryň «Mämmetjan» atly halk ertekimiz bilenem ugurdaşlygy bar.

Danalardan dürdäneler

■ Süri agsaksyz bolmaz. ■ Suwy sep — siňer ýere, sözi aýt — sygar ýere.

Ykbal öwrümi

Meret maşgalasyny garşylamak üçin demirýol menziline baranda, otlynyň gelerine entek ep-eslije wagt bar eken. Ol depesi al-asmanda hellewleşip duran arçadyr senuberleriň aşagynda seteran edilip goýlan oturgyçlaryň birinde oturdy. Demirýol menziliniň birwagtky görnüşiniň bütinleý üýtgändigi dessine gözüňe ilýärdi. Asyl, onuň bu ýere gelip görmänine ep-esli wagt geçipdi. Şol döwrüň içinde demirýol menziliniň esasy binasyndan başlap töwerek-daşy bütinleý täze keşbe eýe bolupdyr. Göwnüňe bolmasa, demirýol menziliniň meýdançasynda eýläk-beýläk haýdaşyp barýan adamlaryň daş keşbem özgerip, has owadan görnüşe gelen ýaly. Dogrusy, gözüňe kaklyşanlaryň hersine «Toýa dagy barýandyr-da» diýip, içiňi hümledeniňi duýman galýarsyň. Hawa, döwür-döwran özgerip, eşretli günleriň höziri göwnüňi galkyndyrýardy. Şeýle oýlara berlip oturşyna, menziliň bir wagtky horaşaja keşbi kino lentasy ýaly bolup onuň göz öňünden geçdi. Şol barmana-da menzilde bolup geçen şeýle bir waka ony bütin düýrmegi bilen ýatlamalar ummanyna çekip aldy. ...Eger şol gezek enesi myhman garşylamak üçin Meredi demirýol menziline ugratmadyk bolsa, belki, beýle bolmasa-da bolmazdy. Ýöne enesi welin, onuň garşylygyna garamazdan:

Pyragy sen!

Adyň meşhur owal-ahyr,Arşyň sönmez çyragy sen!Hakdan içen weli şahyr,Magtymguly Pyragy sen! Pata alyp erenlerden,«Huw-Hak» diýip ýörenlerden,Ýar jemalyn görenlerdenTakwa şahyr, Pyragy sen!

Nusgawy edebiýatymyzyň ägirdi

Şu günler diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň dürli döwletlerinde hem nusgawy edebiýatymyzyň ägirdi Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şahyryň ömri-döredijiligine bagyşlanan halkara derejeli ylmy maslahatlar, edebiýat agşamlary, çeper okaýyşlar, döredijilik bäsleşikleridir beýleki çäreler geçirilýär. Gözel paýtagtymyzyň eteginde Magtymguly atamyzyň heýkeliniň dikeldilip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda uly dabara bilen açylmagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň iň bir ýatda galyjy ajaýyp günleriniň biri boldy. Seýitnazar Seýdiniň adyny göterýän Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary bolup biz hem şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere guramaçylykly gatnaşýarys. Munuň özi biziň hünär ugrumyza kämilleşmegimizde aýratyn ähmiýetli mekdep bolup durýar. Geçirilýän çäreleriň guramaçylyk işleriniň merkezinde bolmak, elbetde, bizden ýokary jogapkärçiligi hem talap edýär. Munuň üçin biz Magtymguly atamyzyň goşgularyny ürç edip öwrenýäris, mowzuklaýyn esasda olaryň terbiýeleýjilik ähmiýetini, gymmatyny açyp görkezmeklige çalyşýarys. Şol bir wagtda bolsa şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasyna girizilendigi, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan edend

Tymsallar

Iki dogan Irki zamanlarda bir şäherde iki dogan ýaşapdyr. Olaryň biriniň işi şowuna bolup, ilatyň arasynda özüniň haýyrly işleri bilen tanalypdyr. Onuň dogany bolsa ýaramaz hereketleri bilen belli bolupdyr. Ahyrsoňunda ol jenaýata ýüz urupdyr. Ony jeza bermek üçin kazynyň ýanyna getirenlerinde, adamlar oňa şeýle sowal beripdirler:

Watançylyga eýlenen eserler

Gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan türkmen edebiýaty özüniň taryhy ösüşiniň dowamynda dürli döwürleri başdan geçirýär. XVIII-XIX asyrlarda türkmen edebiýaty millilik, çeperçilik taýdan we öz zamanasynyň derwaýys meselelerini dogruçyl suratlandyrmakda, durmuşa has ýakyn bolan edebiýata öwrülýär. Şol sanda türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen edebiýatyny ösdürmekde, halkymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini belende götermekde aýratyn orna eýedir. Türkmenleriň durmuşy wakalaryny egninde çeken beýik Pyragy özüniň çuň many-mazmunly, ruhubelentlige ýugrulan, halkynyň bagtyýar geljegine bolan umytly garaýyşlary bilen il-güni ruhy taýdan goldapdyr. Magtymguly Pyragy öz iliniň edermen, batyr, ar-namysly, il-gün üçin janyny orta goýýan ýigitlerini Görogla, Rüsteme deňeýär. Şahyr öz döwürdeşlerini watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýe bolan edebi garaýyşlary öňe sürüpdir. Ol galamy bilen sünnäläp, dana sözleriň üsti bilen, Watany, halky söýmegi, mukaddes topragyň gadyr-gymmatyna göz ýetirmegi, ony jandan eziz görüp goramagy ündeýär.

Türkmen tebigatynyň aýnasy

Her bir döwletiň ösüşinde medeniýetiň esasy wezipesi milletiň ruhy sagdynlygyny kemala getirýändigi bilen baglanyşdyrylýar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ruhy-medeni mirasymyza döwletliligiň we ösüşiň ileri tutulýan wajyp serişdesi hökmünde garalýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň goragynyň milli we halkara derejede üpjün edilmegi boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary, türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenmegi, şeýle hem ýurdumyzyň öňe süren başlangyjy esasynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», şeýle hem gadymy Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek baradaky kabul eden çözgütleri halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň dünýäde ykrar edilýändigini ýene bir gezek tassyklaýar. Akyldaryň döredijiligi ynsanperwerlik, ahlaklylyk, gözellik ýaly düşünjelere esaslanmak bilen kämillik ýolunyň türkmen ruhundan, medeniýetinden hem-de tebigatyndan gözbaş alýandygy baradaky netijä gelmäge itergi berýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine Watanyň şöhratyn arşa göteren,Arkadagly Gahryman Serdarymyz.Asyrlara barabar iş bitiren,Arkadagly Gahryman Serdarymyz.

Şygryýet äleminiň öçmez çyragy

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine

«Çyn bedewler meýdanynda bellidir»

Merdana halkymyzyň nesilbaşysy Oguz han Türkmeniň döwründen başlap, şu günki güne çenli geçen şöhratly taryhy ýoluny bedew atsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Çünki türkmen bedewi halkymyzyň milli gymmatlygydyr. Synlanyňda kalbyňa aram berýän, çapanyňda köňlüňi joşdurýan bedew atlarymyz barada şygyr döretmedik şahyr ýokdur. Söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem türkmen bedewiniň waspy mynasyp orun tutýar. Akyldar şahyrymyz:

Şygryýet soltany

Şygryýet soltany, türkmen danasy,Arşdan şugla saçýan ylahy nursuň.Jahany ýagtyldýan kuýaş mysaly,Ynsan kalplaryny ýagtyldyp dursuň. Gonak barsaň, türkmenleriň öýünde,Pyragyň diwany, dutary bardyr.Her türkmeniň ykbalyna şahyryň,Pähim-parasaty ömürlik ýardyr.

Şygryýet

WATAN Tebigatyň gözelligne görk goşar,

Injik

Italmaz NURYÝEW, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Sözümi ýel aparmasyn,Goý, diňlesin ilim-günüm.Şerbet bile suwarylsynŞygyr aýdan wagty dilim.